PÝGG-niň işgärleri köçelerdäki geçmesiz ýerden geçýän pyýadalary ‘awlaýar’
Türkmen häkimiýetleri raýatlara jerime salmagyň hasabyna döwlet býujetini dolmagyň nobatdaky bir usulyny oýlap tapana çalym edýär. Aşgabadyň polisiýasy köçelerdäki geçmesiz ýerden geçýän pyýadalary awlap, olara jerime salyp başlady diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.