Aşgabatda çagalary Gökderä gitmeli ene-atalardan ýene pul ýygnalýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde gyşky kanikullaryň başlanmagyna iki hepdeden hem az wagt galanda, Aşgabat şäherindäki we welaýatlaryň administratiw merkezlerindäki orta mekdeplerde ata-eneleriň ençemesinden öz çagalaryny sagaldyş merkezlerine ibermek talap edilip başlandy.

Bu talap ýurduň bilim pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer P.Agamyradowyň prezidente mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny guramaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, şenbe gününden başlap paýtagtyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň bilim bölümleri mekdep ýolbaşçylaryna jaň edip, olardan sagaldyş merkezlerine gitjek çagalaryň sanawyny taýýarlamagy we ony 25-nji dekabra çenli tabşyrmagy talap edipdirler.

Degişli maglumat Türkmenistanda ähli çagalar üçin deň derejede şert ‘döredilmeýär’

“Şu hepdäniň başyndan mekdep mugallymlary öň çagasy sagaldyş merkezlerine gitmedik ene-atalar bilen ýörite duşuşyk geçirip, “Şu gezek siziň çagaňyz gitmeli, siziň nobatyňyz geldi. Öňki gezeklerde çagaňyzyň beýleki klasdaşlary gitdi” diýdiler. Çagalaryň 10 günlük dynç alşynyň töleginiň 300-320 manat aralygynda boljakdygyny hem duýdurdylar” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan paýtagtly ene-atalaryň biri gürrüň berdi.

Çagasy 55-nji mekdepde okaýan paýtagtly zenanyň sözlerine görä, mekdep ýolbaşçylary sagaldyş merkezlerine gitjek çagalaryň käbiriniň şol ýerde geçiriljek Täze ýyl dabarasyna gatnaşmalydygyny we olaryň goşmaça çykdajy etmeli boljakdygyny hem duýdurypdyrlar.

“Gyzjagazlaryň ak keteni köýnegi, ak penjekleri, ak aýakgaplary we hatda ak joraplary bolmaly. Saçlaryna daňylýan lentalary hem ak bolmaly. Oglanlar hem ak balakly we penjekli, ak kurtkaly we ak aýakgaply bolmaly. Bu zatlaryň ählisi çagalaryň ene-atalarynyň hasabyna satyn alynmaly. Bu eşikler 500-700 manat aralygynda durýar” diýip, paýtagtly zenan gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mekdep ýolbaşçylary bu ak egin-eşikleriň özleri tarapyndan satyn alynjakdygyny we olaryň pulunyň mugallymlara tabşyrylmalydygyny hem aýdypdyrlar.

Degişli maglumat Aşgabatda çagalary Gökderä ugratmak boýunça nobatdaky çäre başlandy

“Ene-atalaryň käbirleri mekdep ýolbaşçylaryna egin-eşikleri geçen ýyl şeýle çärä gatnaşan çagalardan wagtlaýyn almagy teklip etse-de, olar “Ýok bolanok. Hemmesi bir meňzeş we täze bolmaly. Biz özümiz ählisini bir ýerden satyn alarys” diýip, rugsat bermediler” diýip, zenan sözüni jemledi.

14-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer Agamyradow Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-sinde hem-de welaýatlaryň çagalar-sagaldyş merkezleriniň 5-sinde 2-11-nji ýanwar aralygyndaky gyşky dynç alyş döwründe çagalaryň doly derejeli dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilendigini aýtdy.

TDH-nyň maglumatynda çagalar-sagaldyş merkezlerinde Täze ýyly baýram etmegiň, Aýazbabanyň we Garpamygyň çykyşlarynyň maksatnamasynyň taýýarlanylandygy hem aýdyldy. Emma habarda bu çäreleriň mekdep okuwçylaryna näçe pul serişdesine düşjekdigi barada hiç zat aýdylmady.

Degişli maglumat Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylardan ýene pul toplanýar

Ýerli synçylaryň we ene-atalaryň käbirleri Türkmenistanda ortaça aýlyk hakynyň 715 manatdygyny aýdyp, ene-atalardan edilýän talaplarda bu hakykatyň göz öňünde tutulmaýandygyny belleýärler.

“Ene-atanyň maddy ýagdaýy ýetýärmi diýlip soralmaýar. Käbir ene-atalar karz alyp çagalaryny sagaldyş merkezlerine iberýärler. Bu ýerde çagalaryň dynç alşymy ýa-da sagaldyş merkezleriniň boş durmazlygy we olara girdeji gelip durmagymy ilkinji nobatda tutulýar? – şu sorag orta atylsa ýerlikli bolardy” diýip, anonim şertde maglumat beren paýtagtly ene-atalaryň ýene biri Azalygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde çagalary sagaldyş merkezlerine ibermek çäresi ýylyň dowamynda ençeme gezek amala aşyrylyp, iň soňky gezek şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilipdir. Şonda bu çärä 3000-den gowrak mekdep okuwçysy çekilip, olardan 300 manat möçberinde töleg alnypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.