Türkmenistanda üsti açylýan we detallary ýaşyrylýankorrupsiýa, Ministrler kabinetiniň mejlisinde prezident derejesinde tassyklanyp, ýene bir gezek hepde ahyrynyň esasy temasy boldy.
Türkmenistan dünýäde korrupsiýa görkezijileri boýunça “ýakasy gaýyşly” ýurtlaryň hatarynda agzalýar we bu ýagdaý ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hökümete we döwlete ýolbaşçylyk eden ýyllarynda şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň hökümet mejlisinde berýän hasabatlarynda wagtal-wagtal “özboluşly paş ediş” görnüşinde tesmi taýdan tassyk bolýardy.
Emma ýurtda häkimiýet çalşandan soň, korrupsiýa garşy alnyp barylýandygy aýdylýan göreş bu açyklygyny hem ýitirdi. Şol bir wagtda, soňky on ýylda hökümet mejlisinden “git” diýen söz bilen çykarylan ozalky resmileriň hem birnäçesiniň jogapkärçilige çekilendigi hakynda resmi ýagdaýda tassyklap bolmaýan maglumatlar bar.
Degişli maglumat Prezident Berdimuhamedow käbir ýolbaşçylary ogurlykda aýyplap, ýene bir orunbasaryna “git” diýdiDöwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynyň 14-nji dekabrda beren maglumatlaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamow ýene bir gezek hökümetiň ýokary gatlaklaryndaky korrupsiýany bölekleýin boýun aldy. Döwlet baştutany mundan öň, hususan-da geçen ýylyň maýynda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş yglan edeli bäri, kanuny bozanlaryň, kimdigine garamazdan, ählisiniň jogapkärçilige çekiljegini wada bererdi, döwlet emlägini hiç kime ogurlatmajagyny nygtardy. Emma bu gezek bu wadalar gaýtalanmady.
Türkmen hökümetiniň agzalarynyň korrupsiýa galtaşygy baradaky soňky tassyklamalardan, ozalky wise premýer Kerim Durdymyrdowyň hökümet mejlisinden “gidiber” sözi bilen çykarylmazyndan biraz öňki hronologiýa göz aýlalyň.
“...wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdymyradow Kerim Hajyýewiçe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan edildi” diýip, TDH 4-nji dekabrda habar berdi. Şondan on gün soň, 14-nji dekabrda bolsa, Kerim Durdymyradow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Degişli maglumat Ozalky wise-premýer 'türmede ýogaldy'Şol gün senagat ministri Hoşgeldi Mergenow hem,“işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlip, hiç bir detal açylmazdan, wezipesinden boşadyldy. Emma 4-nji dekabr bilen 14-nji dekabr aralygynda, 11-nji dekabrda işden boşadylan ministr Nepes Gaýlyýew hakyndaky ozal ýaşyrylan faktlaryň bir çeti açyldy.
TDH-nyň 11-nji dekabrdaky maglumatyna görä, dokma senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek dokma senagaty ministriniň orunbasary Ogulhajat Işangulyýewanyň üstüne ýüklenildi. Emma resmi habarda işden boşadylan ministr Nepes Gaýlyýew hakynda hiç zat aýdylmady. Hakykatda bolan zat, üsti açylan korrupsiýa diňe 14-nji dekabrda, Berdimuhamedowyň aýdan sözlerinden belli boldy.
Döwlet baştutany wezipesinden boşadylýan Durdymyradowa ýüzlenip, ýurtda çagalar baglaryndan iň ýokary derejelere çenli giň ýaýrandygy aýdylýan parahorlyk, döwlet emlägini ogurlamak faktlaryny bölekleýin tassyklap, şeýle diýdi:
“Ine, biz dokma senagaty ministrini para alandygy üçin hem ýakynda eýeleýän wezipesinden boşatmaly bolduk”. Emma prezident bu pudakdaky korrupsiýanyň detallaryna girmedi we, 2007-nji ýyldan bäri ýokary derejeli resmileriň korrupsiýa faktlarynyň yzygiderli ýaşyrylmagyndan çen tutulsa, ol detallaryň jemgyýetçilige aýan edilmegine garaşmak manysyz görünýär.
Şeýle-de prezident, artdyryp ýazmalara ýol berendigi üçin, senagat ministrini hem işden boşatjagyny aýtdy. Şol bir wagtda, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň oba hojalygynda, energiýa pudagynda, senagatda we gurluşykda artdyryp ýazmalaryň kada öwrülendigi aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, ýerli synçylaryň köpüsi döwlet baştutanynyň bu meselede hatda S.Nyýazow döwründäki açyklyga hem gelip bilmejegini, sebäbi onuň "açyp bilýän korrupsiýasyndan ýaşyrmaly bolýan korrupsiýasynyň köpdügini" belleýärler.
Degişli maglumat Korrupsiýa garşy göreşmeýän “Anti-korrupsiýa” kampaniýalaryTürkmen jemgyýetiniň iň ýokary derejelerindäki korrupsiýa faktlarynyň üstüniň açylmagy türkmen telewideniýesinde neşe we galp dollar söwdasy bilen tutulandygy aýdylýan adanlaryň birnäçesiniň aglap toba edişiniň görkezilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Azatlygyň aşgabatly diňleýjileriniň biri, 45 ýaşyndaky mugallym anonimlik şertinde gürleşip, türkmen döwlet telewideniýesinde 1-nji dekabrda görkezilen “tobaçylaryň” Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 aýda edilen işlere bagyşlanan mejlisiniň iň“täsirli” bölegi bolandygyny belledi.
“Meniň pikirimçe, biziň hökümetimiziň korrupsiýa garşy göreşi şu ýerde gutarýan bolsa gerek, sebäbi wise-premýerler, ministrler, prokurorlar, kazylar, milli howpsuzlyk resmileri, gümrük ýolbaşçylary tarapyndan edilýän bikanun işler açylman saklanýar” diýip, ol geçen ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagaly mahalynda wezipesinden boşadylan ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň soňky ykbaly barada hiç bir maglumatyň berilmändigini sözüne goşdy.
Degişli maglumat Berdimuhamedow 'korrupsiýa üçin' 11 prokurory wezipesinden boşatdyÝurtda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýanyň “esasy direg-daýançlaryny” biri hem dollaryň “gara bazary” diýip bilinýär.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, häzir ýurtda dollaryň “gara bazary” doly güýjünde we tasdan aç-açan işleýär, “gara bazarda” dollar satýan ýa-da dollar satyjylary walýuta bilen üpjün edýän adamlar zatdan gorkýana meňzemeýär, sebäbi “olaryň arkasynda has ýokary derejeli resmiler durýar diýip bilinýär”.
“Bu çilim söwdasy babatda hem şeýle. Döwlet temmäki önümleriniň söwdasyny çäklendirip, hususy dükanlaryň çilim satmagyny gadagan edeli bäri, hususy dükanlarda çilim dyngysyz diýen ýaly satylýar. Ol çilimleriň döwlet dükanlaryndan döwlet bahasyndan satyn alnandygy we üstüne pul goýlup, has gymmat bahadan satylýandygy, bu söwdadan uly pul ýasalýandygy diňe çilimkeşlere däl, ýolbaşçylara hem aýan. Emma bu ýerdäki korrupsiýany açmak häzirlikçe prezidente gerek däl bolarly” diýip, aşgabatly 67 ýaşly çilimkeş Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat Ozalky wise-premýeriň janyna kast edendigi aýdylýarAzatlyk bilen gürleşmekden çekinmeýän ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, çilimiň töweregindäki korrupsiýa raýatlaryň maşgala býujetine agyr zarba urmagyndan başga, adamlaryň saglygyna hem zarba urýar, sebäbi çilimkeşlige garşy göreş fonunda möwç alan korrupsiýa pes hilli, gümürtik çilimleriň bazaryna giň ýol açdy.