Aşgabadyň köçelerde awlanýan it-pişikleriň şäheriň çetindäki zibilhanada ýakylýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
“Awlanan it-pişikler Çoganly etrapçasynyň 3-4 kilometr demirgazygyndaky we “Altyn Asyr Gündogar” bazarynyň hem ortaça 2,5 kilometr demirgazygyndaky ýörite zibilhanada ýakylýar. Bu ýerde tebigy gazyň hasabyna işleýän ýörite peçler bar. It-pişikler şol peçlerde ýakylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň, şol sanda paýtagtyň Parahat etrapçasyndaky 14-nji Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgärleri aýtdylar.
Paýtagtyň köçelerindäki it-pişikleri tutýan Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleri awlanan it-pişikleriň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynyň golaýyndaky ýörite peçlerde hem ýakylýandygyny belleýärler.
Degişli maglumat Jaý müdirliginiň işgäri öz işleriniň öýsüz it-pişik ýygnamakdygyny aýdýar“Olaryň arasynda ölen ýa-da ölmedik haýwanlar hem bar. Bize “awlaň we şol peçlerde otlaň” diýýärler. Biz berlen tabşyrygy ýerine ýetirýäris. Bu peçlerde gaçgak ýollar bilen ýurda getirilen temmäki we neşe önümleri hem ýakylýar” diýip, Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaranyň bir işgäri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna 12-nji dekabrda gürrüň berdi.
Aşgabatda idegsiz it-pişikleri awlamak çäreleri azyndan iki ýarym ýyl bäri dowam edýär we çäre ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da halkara çäreleriniň öň ýanynda güýçlenýär.
11-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda itleriň we pişikleriň awlanmagy bilen baglanyşykly çäräniň güýçlenendigini habar berdi.
Anonim ýagdaýda habarlaşan habarçy “Arassaçylyk” ýazgyly geýimdäki jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň haýwanlary tutan ýerinde öldürýändigini we olaryň arasynda öýde saklanýan pişikleriň hem bardygyny aýtdy.
Mundan iki hepde çemesi öň Azatlygyň Aşgabatdaky başga bir habarçysy Parahat-1 we Parahat-2 etrapçalarynda itleriň we pişikleriň gyssagly awlanýandygyny hem-de olaryň haltalara salnyp, alnyp gidilýändigini habar beripdi.
16-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň paýtagtyň ýaşaýjylarynyň haýwanlar babatyndaky rehimsizliklerden eden arz şikaýatyna beren resmi jogabynyň nusgasy gelip gowuşdy.
Degişli maglumat 'Bogma güjügi!': Aşgabatda sergezdan itleri tutmak çäresi dowam etdirilýär. WIDEOBirleşik hatda şäheri eýesiz haýwanlardan arassalamak boýunça görülýän çäreleriň “ýokardan berlen görkezme esasynda amala aşyrylýandygyny” tassyklaýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri it-pişikleriň awlanmagy we olaryň öldürilmegi boýunça Azatlyk Radiosynda we garaşsyz habar serişdelerinde çykýan maglumatlar barada häzire çenli kommentariýa bilen çykyş etmän gelýärler.
“Türkmenistanyň Weterinariýa işi hakyndaky” kanunynyň 8-nji maddasynda Weterinariýa işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň “Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň tabynlygyndaky edaralary bilen bilelikde ilatly ýerlerdäki ykmanda it-pişikleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrýandygy aýdylýar.