Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaý müdirliginiň işgäri öz işleriniň öýsüz it-pişik ýygnamakdygyny aýdýar


Aşgabatda ulaglaryň arasynda duran öýsüz güjük. Arhiwden alyndy
Aşgabatda ulaglaryň arasynda duran öýsüz güjük. Arhiwden alyndy

Golaýda Aşgabat şäheriniň bir ýaşaýjysy paýtagtyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlaryndan şikaýat edip, ýaşaýan etrapçasyndaky Ýaşaýyş jaý müdirligine ýüz tutýar.

Ýaşaýjynyň arzasyny diňlän müdirligiň işgäri oňa gahar bilen şeýle jogap berýär:

“Biziň işimiz birinji nobatda [eýesiz] it-pişikleri öldürmek, ikinjilik bilen biz köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň gabadynda goýlan ulaglary kowmaly. Siz bolsa ýyladyşyň gürrüňini edýärsiňiz!”

Paýtagtly habarçy goňşusynyň başyndan geçen bu hadysany Azatlyk Radiosyna 23-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabatda geçirilýän halkara çäreleriň öňüsyrasynda paýtagty eýesiz it-pişiklerden arassaladýar.

Aşgabat 1-nji – 10-njy noýabr aralygynda özünde geçiriljek Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary we haýwan goraýjy aktiwistler Jemagat hojalygynyň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň işgärleriniň mämişi reňkli agyr ulagda jaýlaryň töweregine aýlanyp, eýesiz haýwanlaryň “awyna çykýandygyny” gürrüň berýärler.

16-njy oktýabrda redaksiýa gelip gowşan iki wideo ýazgyda Aşgabatda it-pişikleri zorlukly ýygnaýan edara gullukçylaryny, şeýle-de ýygnalan haýwanlary daşaýan mämişi reňkdäki agyr ulagy görmek bolýar.

'Bogma güjügi!': Aşgabatda öýsüz it-pişikler awlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:15 0:00

22-nji oktýabrda döwlet resmileri bilen geçiren iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimine başga-da birnäçe tabşyryklar bilen bir hatarda, ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak hem-de halkara çäreleriň öňüsyrasynda Aşgabatda arassaçylygy berk gözegçilikde saklamak boýunça tabşyryk berdi.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň köçelerinden idegsiz haýwanlary ýygnamak boýunça işler guramaçylykly häsiýete eýe boldy.

Mundan ozal 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýany häkimiýetler paýtagtdan ykmanda haýwan ýygnamak çärelerini güýçlendiripdi.

Haýwan goraýjy aktiwistler bu çäreleri jandarlara edilýän “zulum” hökmünde häsiýetlendirýärler.

Munuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda haýwan goraýjy aktiwistleriň tagallalary bilen Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary Şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirliginiň bir edarasyna paýtagtda it-pişikleriň öldürilmegi boýunça nägileliklerini beýan edip, ýörite arza bilen ýüz tutdy.

Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşigi 2018-nji ýylyň 5-nji sentýabr güni ýaşaýjylaryň şol arza-şikaýatyna jogap berdi.

Azatlyk Radiosyna ýazylan arzanyň-da, oňa berlen resmi jogabyň-da nusgalary gelip gowuşdy.

Birleşigiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D. Ýazlyýewiň goly bilen çap edilen resmi hatda Aşgabady gündelik ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleriniň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýändigi we bu çäreleriň kanuna doly laýyk gelýändigi öňe sürülýär.

Ýöne resmi hatda Ministrler kabinetiniň başlygynyň haýsy orunbasarynyň buýrugynyň berjaý edilýändigi agzalmaýar.

Geçen ýylyň dowamynda garaşsyz habar çeşmelerde eýesiz haýwanlaryň ýok edilýändigi barada yzygiderli maglumatlar çap edildi. Munuň netijesinde, Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Çoganly oba şäherçesinde öýsüz haýwanlar üçin ýörite penahana döredildi. Ýöne ýerli aktiwistler bu penahanada itleriň aç-suwsuz ejir çekýändigini jemgyýetçilige ýetiripdi.

XS
SM
MD
LG