Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmagy, ýurduň bazarlaryny ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmegi tabşyran mahaly, Aşgabatda ýumurtganyň hem-de bolgar burçunyň gytçylygy emele geldi we olaryň bahasy telim esse gymmatlady.
Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly habarçysy indi bäş gün bäri paýtagtyň bazarlarynda, hususy we döwlet eýeçiligindäki dükanlarda ýumurtganyň tapdyrmaýandygyny aýtdy.
“Ýumurtga düýbünden satylmaýar. Ony diňe soňky iki günüň dowamynda paýtagtyň Parahat etrapçalaryndaky döwlet dükanlarynda çäkli möçberde satyp başladylar. Ony ir sagat 6:30-da, ýagny dükanyň iş sagady başlamazdan bir ýarym sagat öň satýarlar. Adamlar ir säher bilen uzyn nobatlara düzülýärler. Her adama bir guty, ýagny 30 ýumurtgany 20 manada satýarlar. Mundan bäş gün ozal onuň bahasy 12 manada barabardy. Bu ýerdäki ýumurtga ýarym sagadyň dowamynda satylyp gutarýar. Soňra adamalara ýumurtganyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.
Degişli maglumat Azyk gytçylygynyň fonunda prezident ýene ilatyň “ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün edilmegini” talap etdiOnuň sözlerine görä, ýumurtgany satyn alyp bilmedik ýaşaýjylaryň käbiri onuň näme sebäpden ýokdugy we bahasynyň näme sebäpden tas iki esse gymmada satylýandygy barada soranda, dükan satyjylary “olara anyk jogap bermän, olaryň ýüzüni alyp goýberýärler”.
Mundanam başga, habarçy bazarlarda ýerli daýhanlar tarapyndan öndürilen bolgar burçunyň hem gyt haryda öwrülendigini, onuň paýtagtyň bazarlaryndaky söwda tekjelerinde tapdyrmaýandygyny aýtdy.
“Alyjylar “Mir” bazaryndaky gök-bakja önümini satýan satyjylardan ýerli bolgar burçunyň näme üçin ýokdugyny soranda, olar ýuwaşlyk bilen, onuň çäkli möçberde bardygyny aýdyp, ony tekjäniň aňyrsyndan çykarýarlar we 1 kilogramynyň 25 manada durýandygyny aýdýarlar. Ýerli bolgar burçunyň 1 kilogramy mundan bir hepde ozal hem 5-6 manatdan satylýardy” diýip, habarçy belledi.
Ol daşary ýurtlardan getirilýän bolgar burçlarynyň bahasynyň hem tas dört esse gymmatlandygyny, mundan bir hepde öň 1 kilogramy 12-16 manatdan satylan bolgar burçlarynyň häzir 55 manada durýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Belläp geçsek, paýtagtda emele gelen ýumurtga we bolgar burçy gytçylygy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmak barada çykyş eden mahalyna gabat geldi.
Türkmen lideri 3-nji dekabrda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda “ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri söwda toplumynyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biri bolup durýandygyny” hem aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanyň azyk krizisi: çörek çäklendirmeleri, bikanun söwda we nägilelikTürkmenistanda un, ösümlik ýagy, şeker we çörek ýaly azyk önümleriniň gytçylygy indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Şeýle-de, ýurtda beýleki azyk harytlary bilen bir hatarda dermanlaryň, balyk önümleriniň, gurluşyk harytlarynyň, süýt-gatyk önümleriniň bahasy hem gymmatlaýar.
Azatlyk Radiosyna paýtagtda emele gelen ýumurtga, bolgar burçy gytçylygynyň sebäpleri barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady.
Bu barada ministrligiň resmi websaýtynda hem haýsydyr bir maglumat halk köpçüligine ýetirilmeýär. Muňa derek websaýtda “Bazar bolçulygyň, bereketiň aýnasy”, “Her günde 1.100 tonna çörek bişirilýär” diýlen sözbaşylar bilen makalalar çap edilip, olarda ýurduň bazaralarynda azyk bolçulygynyň doly üpjün edilýändigi aýdylýar.