Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň azyk krizisi: çörek çäklendirmeleri, bikanun söwda we nägilelik


Döwlet dükanynyň öňündäki nobat, Türkmenistan
Döwlet dükanynyň öňündäki nobat, Türkmenistan

Türkmenistanda azyk önümleriniň gytçylygy güýçlenýär. Tutuş ýurtda döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlaryň fonunda hatda paýtagtda-da çörek adam başyna çäkli möçberde satylýar.

“Her adama 1 manatlyk iki sany çörekden köp satmaýarlar” diýip, 28-nji noýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berdi.

Mundan öň Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary azyk önümlerini satyn almak üçin paýtagta barýardy.

Şeýle-de, neşir öz websaýtynda Aşgabadyň bir dükanynyň öňünde alnan wideony ýerleşdiripdir. Wideo ýazgysynda nobatda duran adamlaryň ählisiniň, şol sanda çagalaryň ellerinde iki çöregi tutup dükandan çykýandygyny görse bolýar.

Türkmenistanda azyk önümleriniň, şol sanda çöregiň we unuň satylmagyna çäklendirmeleriň bardygy resmi taýdan mälim edilmeýär. Şeýle-de, iş ýüzünde ýöredilýän çäklendirmäniň möçberi barada resmi maglumatlar köpçülige mälim edilmeýär.

Emma ilata satylýan harytlaryň möçberi yzygiderli kemeldilýär.

“Onlarça adam un satyn aljak bolup nobatlarda durýar. Köpüsi çagalary bilen barýar. Emma talabyň iňňän ýokarydygy sebäpli satylýan unuň möçberini her adam başyna 5 kilograma çenli çäklendirler. Adamlar bu unuň mele reňkli we ondan bişirilýän çöregiň tamdyrda saklanman, eräp gaçýandygyny aýdýarlar. Emma adamlar şonda-da barýarlar, sebäbi bazardaky gowy un örän gymmat” diýip, "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" neşri (ANT) ýazýar.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda harytlar resmi taýdan kesgitlenen bahadan satylýar. Bazarlarda we hususy dükanlarda azyk önümleri ençeme esse gymmada durýar.

Bir ýyla golaý wagt bäri uly nobatlar esasan çörek, un, pagta ýagy we şeker ýaly önümler satylanda döreýär.

Ýaňy-ýakynda Azatlygyň habarçylary welaýatlaryň döwlet dükanlarynda unuň ilata satylýan möçberiniň ýene çäklendirilendigini habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, häzirki wagtda Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda un indi maşgala hasabyna satylyp, 10-12 kilogramdan geçmeýär. Öň un her adam başyna 4-5 kilogramdan satylypdy.

Türkmenistanyň ilaty dowamly un gytçylygy bilen ilkinji gezek geçen ýylyň dekabr aýynda ýüzbe-ýüz boldy.

Şondan bäri ýagdaý ýaramazlaşdy. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri ýylyň dowamynda döwlet dükanlarynda unuň uzak wagtlap satylmandygyny, muňa garmazdan adamlaryň uly nobatlara düzülip, garaşyp durandygyny, un çörek satyn almak isleýän adamlar babatynda dürli çäklendirmeleriň girizilendigini, şol sanda alyjylaryň şahsyýetini anyklaýjy dokumentiň we ýaşaýan ýerinden resminamanyň talap edilendigini habar beripdi.

Şol bir wagtda-da, "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" neşri gyt harytlaryň bikanun söwdasy meselesine ünsi çekýär.

“Unuň uly mukdary döwlet dükanlaryna hatda barmaýar, ol döwletiň lomaý we maýda söwda kärhanalarynyň hem uny üweýän toplumlarynyň skladlaryndan bazarlara çykarylýar” diýip, neşir öz çeşmesini sitirleýär. Şeýle-de, maglumatda bikanun söwdanyň ýurtda öndürilýän ösümlik ýagyna hem degişlidigini belläp, “gözegçilik organlary bikanun söwda meselesini ýokary derejede ýeňillik bilen çözüp bilerdi, emma her biriniň bu ýerde öz bähbidiniň bar bolmagy mümkin” diýip ýazýar.

ANT neşri bu ýagdaýda ilatyň arasynda nägileligiň güýçlenýändigini belleýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda dowam edýän azyk gytçylygyny açyk boýun almaýan hem bolsalar, döwlet dükanlaryndaky nobatlara berk gözegçiligi berjaý edýärler.

Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri, azyk dükanlarynyň öňünde polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklarynyň raýat geýimli işgärleriniň gözegçilik edýändigini yzygiderli habar berýärler. Azatlyga soňky aýlarda nobatda duran adamlaryň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekilmegine degişli ençeme ýagdaýlar mälim boldy. Türkmenistanyň kanun goraýjylary, hususan-da, nobatda duran adamlaryň arasynda garaşsyz habar beriş serişdelerine maglumat berýän çeşmeleri anyklamaga synanyşýarlar.

Türkmenistandaky azyk gytçylygy we nobatlar barada ýurduň döwlet habar beriş serişdeleri maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG