Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji dekabrda käbir ýokary wezipeli hökümet resmileriniň gatnaşmagynda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowa “ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek” boýunça tabşyryk berdi. TDH-nyň ýazmagyna görä, maslahatyň gün tertibinde döwlet durmuşynyň meselelerine garalypdyr.
Mundan dört gün ozal, 30-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem prezident Berdimuhamedow ýurduň söwda ulgamyna ünsi çekdi. Şonda bu pudaga gözegçilik edýän wise premýer Çary Gylyjow prezidente hasabat berip, “ýurduň bazarlarynyň ilatyň isleg bildirýän köp dürli harytlary bilen üpjün edilýändigini”, “söwda dükanlarynyň azyk önümleri bilen, şol sanda gök önümler we miweler bilen bolelin üpjün edilýändigini” habar berdi.
Hökümet ýygnaklarynda sanlyja günüň dowamynda yzly-yzyna döwlet baştutany derejesinde “içerki bazarlaryň haryt üpjünçiligine” üns çekilmegi hem-de döwlet emeldarlarynyň azyk önümleriniň bolelin üpjünçiligi barada edýän gürrüňleri, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň ýurduň azyk gytçylygy barada berýän habarlarynyň fonunda bolup geçýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda un paýogyň möçberi azaldyldyAzatlykda we beýleki garaşsyz çeşmelerde ýurtda dowam edýän azyk önümleriniň gytçylygy barada köpçülige noýabrda ýetirilen käbir habarlaryň gysgaça hronologiýasyna ser salsak, 28-nji noýabrda “Türkmenistanyň hronikasy” paýtagt Aşgabatda ýerleşýän bir dükanyň öňünde çörek nobatyna garaşýan adamlary görkezýän wideo ýazgy paýlaşdy. Neşir adamlaryň sagatlap çöregiň nobatyna garaşýandygyny belleýär.
27-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynda mundan ozal her adam başyna 4-5 kilogram aralygynda döwlet bahasyndan ýeňillikli satylýan un normasynyň mundan beýläk her maşgala başyna 10 kilograma düşürilendigini habar berdi.
21-nji noýabrda “Türkmenistanyň hronikasy” Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň bir ýaşaýjysynyň sözlerine salgylanyp, etrabyň döwlet dükanlarynda ilata resmi bahadan satylýan unuň normasynyň maşgala başyna 10 kilograma düşürilendigini, ony alýan serdarlylardan özleriniň pasportlaryny we çagalarynyň dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny görkezmegiň talap edilýändigini habar berdi.
19-njy noýabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän döwlet dükanynyň öňünde oktýabr aýynda dörän ýüzlerçe adamlyk çörek nobatyny wideo düşürip gizlinlik şertinde Azatlyga ýollan habarçynyň şahsyýetini anyklamak üçin howpsuzlyk gulluklarynyň 300 töweregi adamy soraga çekendigini habar berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň azyk krizisi: çörek çäklendirmeleri, bikanun söwda we nägilelik19-njy noýabrda Azatlygyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde un we çörek önümlerini satyn almak üçin uzyn nobatlaryň emele gelýändigini ýerlerdäki çeşmelerine salgylanyp tassyklady.
18-nji noýabrda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” Daşoguz welaýatynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän bir dükanyň öňünde dörän un-çörek nobatyna 2 müňe golaý adamyň ýazylandygyny habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri nobatlaryň arasyna siňip, olary wideo ýa-da surata düşürýän hem-de güýç gulluklarynyň “dönük” atlandyrýan adamlaryny gözleýär.
15-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň gündogar Türkmenistandaky habarçysy Türkmenabat şäherinde döwlet dükanlarynyň un satyn alýan adamlardan Öý dolandyryş edarasynyň güwahatyny talap edýändigini habar beripdi. Onuň sözlerine görä, şäheriň tas her bir döwlet dükanynyň öňünde ýüz töweregi adam un çörek nobatyna garaşýar, ýöne dükan garaşýanlaryň köpüsini un bilen üpjün edip bilmeýär.
Degişli maglumat Prezident Täze ýyl mynasybetli bazarlary ilatyň “isleg bildirýän harytlary” bilen doldurmagy tabşyrdy12-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy paýtagtyň hususy söwda nokatlarynda çöregiň bahasynyň 1 manatdan 5 manada birden 5 esse gymmatlandygyny habar berdi.
Bu habarlaryň hem-de döwlet baştutany derejesinde azyk önümleri boýunça yzly-yzyna edilýän talaplaryň fonunda Türkmenistanda döwlete degişli 7 kanalyň üçüsinde her gün jemi 15 gezek efire berilýän “Watan” habarlar gepleşigi 3-nji dekabrda ilatyň un we çörek önümleri bilen kanagatly üpjünçiligi barada wideo reportaž ýaýlyma goýberdi.
Wideo habarda Mary welaýatynda ýerleşýän bir kärhanada öndürilýän çörek önümleri görkezilýär hem-de ilatyň çörek önümleri bilen doly üpjün edilýändigi tekrarlanýar.