Berdimuhamedow Miller bilen Orsýete gaz ibermegi maslahatlaşdy, şertler aýdylmaýar

Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi.Şatlyk, 31-nji maý, 2010 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Orsýetiň“Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller 28-nji noýabrda Aşgabatda türkmen gazynyň Orsýete gaýtadan iberilip başlanmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Miller Orsýetiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyk etdi.

Berdimuhamedow, öz gezeginde, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklara hemişe açykdygyny aýtdy.

Degişli maglumat Azerbaýjan Eýranyň üstünden türkmen gazyny satyn almagy bes etdi

Taraplar gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek, “Orta Aziýa — Merkez” gaz geçirijisi boýunça gaz ibermegiň mümkinçilikleri hakynda maslahat etdiler.

Neşiriň bellemegine görä, iki ýurduň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylan hökümetara ylalaşygy esasy dokument bolup durýar.

Orsýetiň Türkmenistan bilen aradaüç ýyl ozal togtadan gaz söwdasyny indiki ýylyň başyndan dikeltmek isleýändigi oktýabr aýrynyň başynda mälim boldy.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky energiýa gatnaşyklarynda ösüşleriň göze ilýändigini aýtdy.

“Gazpromyň başlygy Alekseý Milleriň Türkmenistana sapary barada aýdylanda, ol örän gysga wagta aralygynda ikinji gezek [Aşgabada] sapar edýär. Ol gepleşikler boýunça ösüş gazanylmaýan bolanda, bular ýaly ýygy-ýygydan sapar etmezdi. Diýmek bu meselede käbir ösüşler bolup geçýär. Türkmenistanyň Orsýetde täzeden gaz iberip başlamagyna az wagtyň galandygy görnetin ýagdaý” diýip, Panniýer belledi.

Metbugat habarlarynda türkmen gazynyň Orsýete täzeden iberilmek ähtimallygy barada gürrüň edilýär. Ekspertiň pikirine görä Orsýet anyk maglumatlary aýdyňlaşdyrmazdan, ähtimallyklar barada gürrüň etmek bilen geleşiklere täsir etmek isleýär.

“Rus metbugaty bu meselede elmydama-da “belki” “ähtimal” diýen sözleri ulanyp gelýär. Olaryň muny geleşiklere täsir ýetirmek üçin edýän bolmaklary ahmal. “Gazprom” Türkmenistana özleriniň türkmen gazyna aşa zerurlygynyň ýokdugyny yzygiderli ýatlatmak isleýär, sebäbi hakykatdan-da olara türkmen gazy derkar däl” diýip, Panniýer belledi.

Degişli maglumat Hytaý Türkmenistanda 7 milliard dollarlyk inwestision proýektleri amala aşyrýar

Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky gaz söwdasy baha dawalary esasynda başlandy we “Türkmengazyň” “Gazpromy” bergilerini bermezlikde, tölege ukypsyzlykda aýyplamagy bilen togtadyldy.

Panniýer taraplaryň arasyndaky gepleşiklerde gazyň nyrhy baradaky maglumatlara-de degip geçdi.

“Rus metbugatynda gazyň bahalary boýunça maglumatlar hem köp agzalýar. Ilkibaşda taraplaryň arasyndaky gatnaşyklara gazyň nyrhlary sebäpli tow düşüpdi, indi Orsýet öz aýdanyna tutýan ýaly, sebäbi Türkmenistan gazyň bahasy bilen ylalaşanda-da, bu ylalaşykdaky baha Türkmenistanyň soraýan nyrhyndan pes boljak ýaly” diýip, ol aýtdy.

“Orsýetiň türkmen gazyna kesýän nyrhy bilen Türkmenistanyň öz gazyna berýän bahasy mydama-da iki aýry mesele bolup geldi” diýip, Panniýer sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň habarlarynda taraplaryň arasynda “gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek” meseleleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy (CNPC) Türkmenistanyň “Galkynyş” we “Bagtyýarlyk” gaz känlerinden gaz çykarmak işlerine gatnaşýar. Ekspertiň jemgyýetçilige açyk maglumatlara salgylanyp bellemegine görä, “Gazprom” CNPC kompaniýasynyňky ýaly Türkmenistanyň känlerinden gaz çykarmak işlerine gatnaşmaýar.

Prezident Berdimuhamedowyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen oktýabr aýynda geçiren telefon gürrüňiniň yzysüre, 9-njy oktýabrda “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller Aşgabatda saparda bolup, türkmen gazynyň importyny täzeden ýola goýmak üçin gepleşik geçirilendigini mälim etdi.

Ýöne ol gaz söwdasyny dikeltmegiň şertlerini aýtmady we bu şertler şindi hem anyklaşdyrylmaýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedowyň 'güjükli diplomatiýasyndan' soň Türkmenistan GDA başlyk bolýar