Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ýewropa iberýän gazynyň köpeljegini çaklaýar


Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak Moskwada geçýän energiýa forumyna gatnaşýar. 3-nji oktýabr, 2018.
Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak Moskwada geçýän energiýa forumyna gatnaşýar. 3-nji oktýabr, 2018.

Birleşen Ştatlaryň ýewropa döwletlerini rus gazyna garaşlylygy azaltmaga yrmak tagallalaryna garamazdan, Moskwanyň şu ýyl bu ýurtlara rekord derejede gaz eksport etmegine garaşylýar.

Rus işewürleri we hökümet resmileri 3-nji oktýabrda Moskwada geçen energiýa forumynda rus gaz eksportynyň möçberiniň şu ýylda 200 milliard kub metrden aşmagynyň mümkindigini aýtdylar. Bu geçen ýyldaky iň ýokary rekorddan, 194 milliard kub metr gazdan hem köp bolýar.

Ýewropa ýurtlary Orsýetiň iň uly gaz alyjylary bolmaklaryny dowam etdirýär, “Gazprom” monopoliýasy bolsa, islendik başga uly gaz üpjünçisinden tapawutlylykda, Ýewropanyň gaz bazarynyň 35 prosentine kontrollyk edýär.

Resmiler Orsýetiň gelýän ýyllarda Ýewropa bazaryndaky paýlaryny 40 prosente çenli artdyrmaga umyt baglaýandyklaryny aýtdylar. Ekspertler munuň mümkindigini, sebäbi ýewropa gaz önümçiliginiň peselýändigini we ýurtlaryň başga çeşmeleri gözlemäge mejburdygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG