Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bahargül Abdyýewa 23-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýurtda syýahatçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
“Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda ösdürmegiň işlenip taýýarlanylýan maksatnamasyna sanly syýahatçylygy girizmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar” diýip, TDH Abdyýewanyň sözlerini sitirledi.
Emma habarda “sanly syýahatçylyk” diýmek bilen nämeleriň nazarda tutulýandygy, ýurda geçen ýyllarda näçe syýahatçynyň gelendigi, ýakyn ýyllarda näçesiniň gelip biljekdigi anyklaşdyrylmaýar.
Wise-premýeriň sözlerine görä, häzirki wagtda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň garamagynda döwlet syýahatçylyk kärhanalarynyň 7-si, hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň 16-sy hereket edýär.
Şeýle-de ol ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň internet-saýtlary arkaly wagyz edilýändigini belledi.
“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň maglumatlaryna görä, Abdyýewanyň hasabatynda agzalan saýtlar “gowy işlemeýär”.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamynda alnyp barylýan işleri ýene bir gezek içgin seljermegi tabşyrdy.
Degişli maglumat “Awazada” oteller satuwa çykaryldyDöwlet baştutany 12-nji noýabrda ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň artdyrylmagyny ýene bir gezek talap etdi. Ol ýurtda “syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny” aýdýar.
Türkmen prezidenti ýanwarda bu pudagyň girdejisini artdyrmak talaby bilen döwlet syýahatçylyk komitetiniň başlygy Serdar Çolukowa berk käýinç yglan etdi, martda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek üçin programma taýýarlamagy tabşyrdy.
Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Şol bir wagtda, türkmen wizasyny almak hem degişlilikde kyn bolup, bu işi diňe Türkmenistanyň ygtyýarnama beren syýahatçylyk kärhanalarynyň üsti bilen amal edip bolýar.
Degişli maglumat Awazadaky dynç alyşyň gyzgalaňly pasly: bahalar galdy, paranyň möçberi artdyMundanam başga, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan etniki türkmenler, şol sanda soňky onýyllyklarda dürli syýasy-ykdysady, medeni sebäpler esasynda daşary ýurtlara emigrasiýa giden türkmenistanlylar hem Türkmenistana baryp-gaýtmak üçin wiza almagyň “kyndygyny” gürrüň berýärler.
Garaşylýan syýahatçylaryň sanynyň köpelmezligi ýurtda gurlan kaşaň myhmanlaryň boş durmagyna, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” syýahatçylyk zolagynda döwlet puluna gurlan ýokary amatlykly otelleriň käbiriniň satuwa çykarylmagyna getirýär.
Degişli maglumat Berdimuhamedow krizis döwründe kaşaňdan-kaşaň myhmanhana gurdurýarŞol bir wagtda, Eýranda, Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň müňlerçesiniň iki onýyllykdan gowrak wagt bäri Türkmenistana baryp görmegi arzuw edýändigi , emma olaryň wiza almak mümkiçilikleriniň gowulaşmaýandygy habar berilýär.