Türkmen prezidenti ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän, aýlyklaryň gijikdirilýän, ýurt raýatlarynyň hem iş gözleginde daşary ýurtlara çykýan döwri, Aşgabatda ýüzlerçe million dollarlyk kaşaň myhmanhanany gurmak baradaky karara gol çekdi.
Resmi maglumata görä, paýtagtyň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda ýerleşjek “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanany Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kärhanasy gurar.
Myhmanhananyň gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we myhmanhanany 2021-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar etmek göz öňünde tutulýar.
Dokuz gatly myhmanhana 6,9 gektar meýdanda ýerleşip, onda jemi 87 otag bolar. Myhmanhananyň meýdançasynda fontantlar toplumy, söwda merkezi, 150 adamlyk restoran we gözellik salony hem gurular.
Şol bir wagtda, “ýurdumyza gelýän myhmanlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak” maksady bilen gurulýandygy aýdylýan bu desga harçlanjak döwlet serişdeleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.
Emma, myhmanhananyň gurluşygy resmi ýagdaýda yglan edilmezinden has öň, ýagny şu ýylyň başynda Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleri Aşgabatda umumy bahasy 300 million ýewrolyk myhmanhananyň guruljakdygyny habar beripdiler.
Azatlyk Radiosynyň hökümetdäki gurluşyk pudagynyň ýolbaşçylaryna ýakyn çeşmesi şonda proýektiň Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasyna tabşyrylandygyny aýdypdy. Emma, iki aý mundan öň bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň bökdençlige uçrandygy, sebäbi gurluşyk kompaniýalarynyň türkmen hökümeti bilen öňünden tölenmeli puluň möçberi barada ylalaşyp bilmeýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.
Galyberse-de, şu ýylyň başynda Azatlyk Radiosy mundan beýläk ýurtda alnyp barylýan iri gurluşyk obýektleriniň, ýokarky myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyrmaly, “Rönesans” türk kärhanasyna ynanyljakdygy barada habar beripdi. Muňa Türkmenistanda uly we gymmatbaha gurluşyk işlerini, şol sanda Olimpiýa şäherjiginiň, Aşgabadyň Halkara aeroportynyň gurluşygyny alyp baran Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýurtdan çetleşdirilmeginiň sebäp bolandygy bellenipdi.
Ýeri gelende bellesek, Aşgabatda “Garagum” myhmanhanasyndan başga ýene bir kaşaň – “Nusaý” myhmanhanasyny hem gurmak göz öňünde tutulýar.
Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmeleri Türkmenistanyň paýtagtynda guruljak iki myhmanhananyň döwlet gaznasyna 500 million amerikan dollaryndan gowrak serişdä düşjekdigini aýdýarlar.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan häzir ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýär, ýurtda azyk-harytlarynyň, senagat önümleriniň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Ýöne, muňa garamazdan türkmen hökümeti kaşaň myhmanhanalaryň, gymmatbahaly desgalaryň gurluşygyna säginmän dowam edýär.
Gepiň gerdişine aýdylsa, Halkara Walýuta Fondunyň ekspertleri Türkmenistanyň hökümetine döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy maslahat berdiler.
Türkmen resmileri bolsa, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi ne gytaklaýyn, ne-de gönümel tassyklaýarlar. Ýurduň media serişdelerinde hem “bagtyýarlyk aýdymlary” ýaňlandyrylýar.