Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda iki erkek adam 34-40 ýaş aralygyndaky iki lebaply erkek adamy ilki bir internet söwda saýtynyň üsti bilen aldawa salýar, habar berilmegine görä, olary soňra ganhorlyk bilen öldürip talaýar. Jenaýatda güman edilýänleriň biri jesetleri howlusyna gömüp, talan pullarynyň hasabyna ýurtdan Türkiýä gaçyp çykmakçy bolanda aeroportda saklanýar. Waka 15 – 20-nji oktýabr aralygynda bolup geçýär. Bu barada wakadan habarly güýç gullugyndaky çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysyna gizlinlik şertlerinde maglumat berdi.
Waka haçan, nirede we nähili ýagdaýda boldy? Oňa kimler gatnaşdy?
Oktýabryň ortalarynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň iki ýaşaýjysy ýurtda ulag söwdasyna gönükdirilen internet saýtlarynyň birinde uly ýük ulagyň suratyny goýup, hamana, özlerine degişli ulagy satuwa çykarýar. Olar Internetde suratyny goýan ulaglarynyň bahasyny onuň hakyky bahasyndan 200 müň manat arzan ýazýar.
Azatlyk mahabata ýol bermezlik maksady bilen, söwda maksatly internet saýtyň adyny agzamakdan saklanýar.
Degişli maglumat Türkmenabatda okuwçylar pyçaklaşdy, häkimiýetler jenaýaty ýaşyrýarInternetdäki ýük ulagy satyn almaga isleg bildiren 35-40 ýaş aralygyndaky türkmenabatly bir erkek adam onlaýn bildirişiň eýesine jaň edip, ulagyň arzan bahasynyň sebäpleri bilen gyzyklanýar.
Bildirişiň eýesi özüne “gyssagly puluň” zerurdygyny aýdýar.
Şondan soň türkmenabatly alyjy ýaşdaş dostuny ýanyna alyp, 300 müň manat pul bilen Görogly etrabyna barýar. Özlerini ulag satyjysy diýip tanyşdyranlar alyjylary garşy alyp, olary öýlerine äkidýär.
Demirgazyk Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby ýurduň gündogarynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden takmynan 550 kilometr aradaşlykda ýerleşýär
Azatlygyň kanun goraýjy edaralaryndaky ynamdar çeşmesiniň sözlerine görä, alyjylar öýde wagty olaryň biri daşaryk çykýar. Şonda “jenaýatçylar” ony demir bilen urup öldürýär. Soňra güman edilýänler öýüň içinde garaşyp oturan beýleki türkmenabatlyny pyçaklap öldürýär, jesetleri howla gömýär, hem-de alyjylaryň ýany bilen elten 300 müň manadyny alýarlar.
Öldürilen lebaply iki ýaşaýjynyň hossarlary aradan dört gün geçende, olaryň ýitendigi barada Türkmenabadyň polisiýa departamentine arz edýär.
Azatlygyň habarçysynda bar bolan maglumatlara görä, polisiýa gulluklarynyň gözleg işlerine girişmegi bilen, jenaýatda güman edilýänleriň biri gorkunjyna öz janyna kast edýär.
Ikinji güman edilýän talaňçylyk arkaly ele geçiren 300 müň manat puly bilen, Türkiýe döwletine gitmek üçin uçara münjek wagty aeroportda saklanýar.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy wakadan habarly çeşmäniň üsti bilen jenaýatda güman edilýänleriň şahsyýetini hem-de olaryň kazyýet jogapkärçiligine çekilmek prosesini öwrenýär.
Derňew işleri
Galyberse-de, Azatlyk Radiosy häzirki wagtda wakanyň beýleki jikme-jikliklerini öwrenmäge synanyşýar.
Onuň Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň polisiýa gulluklary bilen habarlaşyp, maglumat almak synanyşygy başa barmady.
Habarçy güman edilýänleriň ýa-da öldürilen adamlaryň şahsyýetlerini häzirki wagtda doly anyklap bilmedi.
Degişli maglumat Balkanda öý bikesini pyçaklap öldüren, gyzyny zorlan dört daşoguzly işçi tussag edildiÝatlasak mundan ozal, ýurt içindäki habarçymyz iýul aýynyň aýagynda Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde öldürilen öý bikesi we onuň zorlanan gyzy barada hem-de jenaýatdan soň güman edilýänleriň kazyýet jogapkärçilige çekilmegi hakynda käbir maglumatlary ýetiripdi.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosy geçen ýylyň 22-nji dekabrynda 37 ýaşly Hydyrow Nazaryň Türkmenabadyň Köpugurly Çagalar keselhanasynda näbelli adamlar tarapyndan ýenjilip, öýüniň bosagasynda taşlanyp gidilendigi barada maglumat beripdi. Azatlygyň maglumatyndan soň bu jenaýatda güman edilýänler jogapkärçilige çekilip, olar tussag edilipdi.
Ýurduň köpçülikleýin maglumat serişdelerinde ganly jenaýatlar baradaky habarlar agzalmaýar.