Ýüzlerçe býujet işgäri we student ýagyş astynda durup, prezidentiň gatnaşmagynda Hatyra gününi belledi

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy

Türkmenistanda 6-njy oktýabrda, Aşgabat ýer titremesiniň 70 ýyllygyna gabat, ýüzlerçe býujet işgärini we studenti ýagyş astynda durmaga mejbur etmek bilen, Hatyra güni bellenildi.

Türkmen telewideniýesi “ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyra gününiň bellenilendigini” habar berip, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelere prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyşy barada taýýarlan telereportažyny efire berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň şol gün agşam çap eden maglumatyna görä, bu çäre ýagyşly howagabat geldi. Emma muňa garamazdan, býujet edaralarynyň işgärlerine we studentlere ir sagat 6-da gül goýmak dabarasynyň geçiriljek ýerine gelmek buýruldy.

Şeýle-de neşir bu hili çäreler wagtynda studentlere ýanlaryn saýawan ýa-da ýyly eşik almaga rugsat berilmeýändigini, olaryň ählisiniň şol bir meňzeş formada, şol bir meňzeş çemenli bolmalydygyny belleýär.

Munuň üstesine, köpçülik çärelerine gatnaşyjylar “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky gül goýmak dabarasynyň resmi bölegi tamam bolýança, ençemesagatlap sowukda, ýagyş astynda durmaly bolupdyrlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu ýagyş 5-nji oktýabr agşamy başlanyp, arakesme bilen 22-23 sagatlap ýagdy.

Onuň sözlerine görä bu ýagyş bugdaý ekenleriň bagtyny çüwdürdi, emma gowaça ekenlere uly zyýan getirdi, sebäbi gowaça meýdanlary palçyk boldy, bu ýagdaý ýygymçylara uly päsgelçilik döretdi. Üstesine, pagtanyň çyg çekmegi onuň pagta bazalarynda kabul edilmezligine ýa-da ýarpy bahasyny ýitirmegine sebäp bolýar.

Türkmen mediasy Hatyra güni mynasybetli ýurduň ähli welaýatlarynda sadaka berlendigini habar berýär. Mälim bolşy ýaly, bu Hatyra güni Aşgabat ýer titremesiniň 70-nji ýyl dönümine gabat geldi.

Türkmen sowet ensiklopediýasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabatda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gije bolan ýer sarsgynynyň güýji episentrde, Rihteriň 12 bally ölçeginde, 10 çemesi bolupdyr.

Sarsgynyň güýji Aşgabat şäherinde, Änewde, Guryhowdanda, Gyrtluda 9 bal, Gorjawda, Büzmeýinde, Gökdepede, Yzgantda 8 bal, Bokurdakda, Arçmanda, Kakada 6 bal, Tejende, Bamyda 5 bal, Maryda, Çärjewde, Daşoguzda, Nebitdagda 4 bal bolupdyr.

Emma ölenleriň sany birbada aýdylmaýar we soňra 20 müň çemesi adamyň ölendigi yglan edilýär, ýöne şaýatlar, pidalary eli bilen jaýlanlar bu hadysada azyndan 50 müň adamyň ölendigini çaklaýarlar.

Şaýatlaryň gürrüň bermeklerine görä, hadysada ýaraly bolanlaryň, goňşy respublikalara hasshana äkidilenleriň hem hasaby ýöredilmändir.

Olaryň içinde çagalar-da, orta ýaşanlar-da, garrylar-da bolupdyr we 15-20 ýyl soňra özüniň türkmendigini bilip, yzyna gelenler, asla yzyna gelmedikler-de bar diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Ýer yranmasynyň pidalarynyň aglaba köplügi Aşgabatdaky Didarbaba, Goçgarata, Garadamak, Çopanata gonamçylyklarynda jaýlanypdyr.

Bularyň Çopanata gonamçylygyndan başgasy, Aşgabady abadanlaşdyrmak programmasynyň çäginde, üstünden gurluşyk düşmegi ýa park gurulmagy netijesinde, soňky ýyllarda doly ýykyldy diýip, ýerli ýaşaýjylar habar berdiler.

Üstünden 70 ýyl geçendigine garamazdan, Aşgabat ýer titremesinde anyk näçe adamyň wepat bolandygy, näçe adamyň ýitendigi henize çenli hem belli däl we taryhçylaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri, şaýatlaryň ýatlamalary çap edilmeýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda Hatyra güni dört ýyl gowrak ozal ýatyrylmazyndan öň, Gökdepe galasynyň rus patyşasynyň basybalyjy goşunlarynyň öňünde synan gününde, galany goraýjylary we türkmen topragy ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolanlary ýatlamak, olaryň ruhuna doga-dileg etmek üçin 12-nji ýanwarda bellenilýärdi.

Emma bu sene hiç bir düşündiriş berilmezden üýtgedildi we 1948-nji ýylda bolan Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny ýatlamak üçin döredilen Matam gününe goşuldy.