1881-nji ýylda Gökdepe galasynyň synanyna, türkmenleriň rus patyşasynyň goşunlaryna garşy erkinlik ugrunda alyp baran söweşleriniň ýeňliş, gyrgynçylyk bilen tamamlanmagyna şu gün, 12-nji ýanwarda 136 ýyl doldy.
Bu uruş hakynda türkmenleriň arasyndan toplanan materiallar esasynda ýazylan «Gönübek» kitabynda, Seýitmyrat Öwezbaýewiň 1926-njy ýylda, rus dilinde çap edilen ýatlamalarynda aýdylmagyna görä, Gökdepe ruslaryň eline geçeninden soňky üç günüň dowamynda 15 müňden hem köp adam öldürilipdir.
«Biziň goňşy ýurtlar bilen nesilme-nesil alyp baran göreşlerimiziň arasynda ruslara garşy göreşimiz iň agyr, iň gandöküşikli, iň gaýduwsyz göreş boldy" diýip, Öwebaýew ýazypdyr.
«12-nji ýanwar, sowuk gyş güni biziň erkana ýaşaýyşymyzyň iň soňky güni hem türkmençiligiň mazara dykylan güni boldy» diýip, Seýitbaýewiň kitabynda aýdylýar.
Sowet mekdeplerinde we taryh kitaplarynda Türkmenistanyň Orsýete meýletin birigendigi aýdylýardy. Emma taryhçy Myrat Annanepesow, ozalky ýalňyşlaryny düzedip, Mihail Gorbaçýowyň üýtgedip gurmak ýyllarynda Gökdepede bolan gyrgynçylyk barada ozal aýdylmadyk hakykaty ýazdy we onuň makalasy «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edildi.
Şondan soň, intelligentsiýa wekilleriniň, jemgyýetçiligiň isleg-meýilleri esasynda, Türkmenistanda 1990-njy ýyldan başlap 12-nji ýanwarda Watan ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň we beýleki pidalaryň hormatyna Hatyra güni bellenip başlandy. Emma bu Hatyra güni indi ikinji ýyl 12-nji ýanwarda, Gökdepäniň synan gününde bellenmeýär, sebäbi ol hökümetiň karary bilen 6-njy oktýabra geçirildi.
Emma muňa garamazdan, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, indi ozal perman esasynda bellenen Hatyra gününden tapawutlylykda, hakyky halk Hatyra güni bellenilýär.
«Bu sene halk hakydasynda ýaşaýar, adamlar edil öňküleri ýaly, gonamçylyklara barýarlar, gonamçylyklaryň içini-daşyny abadanlaşdyrýarlar, gazan ataryp, sadaka berýärler, wepat bolanlaryň ruhlaryna aýat-doga okaýarlar» diýip, Bugaýew Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Şonuň bilen bir wagtda, ýazyjy türkmen mediasynyň bu sene barada hiç zat diýmeýändigini hem sözüne goşdy:
«Türkmenistanda ýedi sany teleprogramma, şonça-da radioprogramma işleýär, şularyň ählisinde iň ýokary derejeli toý-baýram programmalary berilýär. Emma«Şu gün halk hakydasy öz taryhynyň hormatyny tutýar» diýip, bu sene barada gepleşik taýýarlanmady» diýip, ýazyjy aýtdy.
Şeýle-de ol 2017-nji ýylda Türkmenistanda çap edilýän gazetleriň sanynyň 30-a golaýdygyny, şolaryň şu gün bolmanda 20 töwereginiň ile ýaýrandygyny, emma şularyň hiç birinde halkyň hiç bir görkezmesiz öz taryhyna, watan ugrunda baş goýan gahrymanlara hormat goýýandygy hakynda «ýeke setir hem zat ýokdugyny» nygtady.