Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hatyra güni bellenip, prezidentiň 'gözden-dilden goralmagy' dileg edildi


Aşgabatda ýykylan jaý, 1948.
Aşgabatda ýykylan jaý, 1948.

6-njy oktýabrda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde ýogalanlaryň, şeýle-de Gökdepe urşunda, 1941-45-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenildi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy Hatyra gününiň Aşgabatda, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desselerini goýandygyny habar berýär.

Bu ýadygärlikler Gökdepe urşunyň, Ikinji jahan urşunyň we Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hormatyna bagyşlanyp guruldy.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatyna görä, prezidentiň atasy Berdimuhammet Annaýew hem Aşgabat ýer titremesinde wepat bolupdyr.

Hatyra güni baradaky habarda we merhumlaryň ruhuna edilen dogalarda prezident Berdimuhamedowyň ady gaýta-gaýta agzalýar we allanyň ony “gözden-dilden, görüner-görünmez howp-hatarlardan gorap saklamagy”, şeýle-de ýurt asudalygy dileg edilýär.

TDH Döwlet muzeýinde Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan serginiň açylandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 69 ýyl mundan ozal şäher ilatynyň başyna inen belada 160 müň adamyň- aşgabatlylaryň 2/3 böleginiň ömür tanapy kesildi.

Türkmenistanda Watan ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň we beýleki pidalaryň Hatyra güni 1990-njy ýyldan başlap 12-nji ýanwarda bellenilip başlandy.

12-nji ýanwar 1881-nji ýylda Rus patyşasynyň goşunlary bilen türkmenleriň arasynda söweşde Gökdepe galasynyň synan günüdi. Emma prezident Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda bellenilýän Hatyra gününi 6-njy oktýabra, Aşgabat ýer titremesiniň gününe geçirdi.

6-njy oktýabrda Aşgabatda we regionlarda pidalaryň hormatyna sadaka berlip, aýat-dogalar okaldy.

XS
SM
MD
LG