Her ýyl abraýly Nobel baýragyny ýaňsa alyp geçirilýän Anti-Nobel baýraklarynyň dabarasynda 2018-nji ýylyň saglygy saklaýyş boýunça baýragyna böwrekdäki daşlaryň aşak gaçyrylmagy üçin seýilgählerde gurlan "şowhunly otlynyň” peýdalydygyny “äşgär” eden adamlara berlipdir.
Synagy geçiren amerikalylar, böwreginde daş bolanlaryň yzygiderli ýagdaýda seýilgählerdäki peýdaly enjamlary ulanmalydygyny öňe sürýärler.
Anti-Nobel baýraklaryna mynasyp bolanlaryň sanawy her ýyl “Annals of Improbable Research” atly wäşi temaly žurnalda çap edilýär. Žurnalyň ady bolsa “Täsin synaglaryň žurnaly” görnüşinde terjime edilýär.
Bu bolsa Anti-Nobel baýragyna laýyk hasaplanan işleriň aglabasy barada çynlakaý ylmy nesihatyň bardygyny görkezýär.
Böwrekdäki daşy seýilgähde şowhunly ýagdaýda gaçyrmak pikiri ilkinji gezek Miçigan döwlet uniwersitetiniň Osteapatik tebiplik kollejiniň professory Dewid Wartingeriň hassalaryndan biriniň kellesine Floridadaky Walt Disneý seýilgähinden dolanan mahaly gelipdir.
Ol hassanyň aýtmagyna görä, onuň böwregindäki daşlardan biri otly demir depelerden aşak hereket eden mahaly gaçypdyr.
Munuň tötänlikmi ýa-da dogrudanam peýdaly bolandygyny öwrenmek üçin yzygiderli ýagdaýda seýilgähdäki şowhun otlysyna münmäge başlapdyr. Ol her gezek baryp münende böwregindäki daşlardan biri gaçypdyr.
Bu ýagdaýa geň galan professor Wartinger hassasynyň böwrek ulgamynyň bir nusgasyny silikondan ýasapdyr. Soň onuň içine daş goýupdyr. Professor ýasama nusgany hut özi şowhunly otla äkidipdir.
Hassanyň aýdanlary dogry çykypdyr. “Äpet ýyldyrym dagy” (Big Thunder Mountain) atly şowhunly otla her gezek münen mahaly, ýasama böwrekdäki daşlar aşak gaçypdyr.
Professor Wartinger munuň otlynyň köpsanly belentli-pesli ýerden geçýändigi üçin bolýandygyny çak edipdir.
Saglygy saklaýyş ugry aslynda Anti-Nobel baýragynyň berilýän 10 ugrundan biridir.
13-nji sentýabrda ABŞ-nyň Kembriç şäherindäki Garward uniwersitetinde geçirilen dabarada her bir dalaşgäre öz işi barada çykyş etmegi üçin 60 sekunt wagt berlipdir.
Çykyşlara 8 ýaşyndaky bir gyz gözegçilik edipdir. Ol her 60 sekunt gutaranda: “Bes ediň indi, meniň içim gysýar” diýipdir.
Kämahal diýseň geň görülip biljek işler hem baýraga hödürlenipdir. Meselem, medisina ylymy baradaky baýraga “özüňi kolonoskopiýala” atly enjam üçin mynasyp görlen ýaponiýaly alym Akira Horiuçi ylmy barlagy öz üstünde geçirendigini aýdypdyr.
Professor “BBC NEWS” telekanalyna beren interwýusynda: “Adamlar, ylaýtada Ýaponiýada kolonoskopiýa barlagyndan gorkýarlar. Şonuň üçin hem ýogyn içegedäki rak keselinden ölýänleriň sany ýyldan-ýyla köpelýär. Men bu barlagy gaty aňsat geçirdim” diýipdir.
Bu ýylyň iýmitlenmek baradaky baýragyna britaniýaly alym mynasyp bolupdyr. Onuň geçiren barlagy adamynyň etiniň iýmit hökmünde ýokumly däldigini subut edipdir. Alymyň pikirine görä, ýokumlulyk taýdan adamynyň eti jandarlaryň etinden yzda galýar. Ol, öz geçiren barlagynyň adamynyň etini iýýänlere gönükdirilendigini nygtapdyr.
Ykdysadyýet baradaky baýragy, işçileriň özüni gaty gyssaýan müdirlerine garşy jadyly gurjaklar bilen yrym etmeginiň peýda getirmeýändigini subut eden ylmy iş alypdyr.
Alymyň aýtmagyna görä, müdirden ar almak üçin gurjaklardan peýdalanmak adamy wagtlaýynça bir salym ynjaltýan hem bolsa, işiň geljegi taýdan müdir bilen bolan problemanyň çözülmegi hökmanydyr.
Himiýa boýunça Anti-nobel baýragyny, adamynyň derisiniň hapany nähili arassalaýandygy barada geçirilen barlag alypdyr. Barlagçylaryň bellemegine görä, adamyň derisi, ylaýtada ynjyk keramika önümleriniň we tylla sahypalaryň arassalanmagynda diýseň täsirlidir.
Biologiýa boýunça baýragy alan şwesiýaly alymlar toparynyň subut etmegine görä, şerap hünärmenleri diňe ysa duýgurlyk bilen şerabyň içinde gatyşygyň bolup-bolmandygyny anyklap bilerler.
Anti-Nobel parahatçylyk baýragy, awtomobil ýollarynda kynçylygyň we dawa-jenjeliň azaldylmagy ugrunda synag geçirýän ispaniýaly topara berlipdir. Olaryň ylmy eseri “Ulag sürýän mahalyň gygyrmagyň we sögünmegiň ýaýbaňlanmagy, onuň sebäpleri, howplary we bolup biljek jezalary” diýip atlandyrylypdyr.
Guramanyň işgärleriniň aýtmagyna görä, Anti-Nobel baýragy owal güldürýän, galmagal turuzýan we soň hem oýlandyrýan ylmy işlere berilýär.