Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň bu ýyl hiç kime berilmejegi aýdylýar


Şwed Akademiýasy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň bu ýyl hiç kime gowşurylmajakdygyny yglan etdi. Bu waka mundan 100 ýyl gowrak ozal döredilen baýraga täsir ýetirmek boýunça iň uly dawa-jenjeliň döremeginiň yz ýanyna gabat geldi.

4-nji maýda Şwed Akademiýasy bu ýylky baýragyň 2019-njy ýylda gowşuryljakdygyny aýtdy.

Akademiýa özüniň Stokgolmda geçirýän hepdelik ýygnagynda jynsy zorluk diýilýän aýyplamalar bilen bagly dörän galmagalyň özüniň birnäçe geňeş agzasynyň instituty terk etmegine getirendigi sebäpli, bu ýylky ýeňijini saýlamaga taýýarlygyň ýokdugy barada netijä geldi.

Akademiýa özüniň beýanatynda “Akademiýanyň agzalarynyň sanynyň azalmagy we halkyň instituta bolan ynamynyň pese gaçmagy sebäpli” bu kararyň kabul edilendigini mälim etdi.

18 sany zenan fransuz fotografy Jean-Claude Arnaulty jynsy zorlukda aýyplap, bu wakalaryň birnäçesiniň Şwed Akademiýasyna degişli jaýlarda bolandygyny aýtdylar. Jean-Claude Arnault Akademiýanyň agzasy, ýazyjy Katarina Frostensonyň adamsydyr.

Şwed Akademiýasynyň maliýeleşdirmegindäki medeni proýekte ýolbaşçylyk edýän Arnault jynsy zorluk, şeýle-de Nobel baýragynyň ýeňijileriniň atlaryny syzdyrmak baradaky aýyplamalary ret edýär.

Şwed Akademiýasynyň 18 agzasyndan altysy, şol sanda Frostenson we institutyň ýolbaşçysy Sara Danius öz wezipelerinden çekildi.

XS
SM
MD
LG