Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýousafzaýi, 2012-nji ýylda “Talybanyň” eden hüjüminden soň ilkinji gezek – özüniň Pakistandaky dogduk şäherine geldi.
Malala, onuň kakasy, ejesi, iki dogany dikuçarda Pakistanyň Swat jülgesinde ýerleşýän Mingora şäherine gondular.
Malala, şeýle-de onuň ene-atasy özleriniň köne jaýyna girenlerinde aglap bozulypdyrlar. Gysga wagtlyk saparynyň dowamynda ol goňşylary, dostlary we garyndaşlary bilen görüşdi.
“Talyban” hereketi Malalanyň gyzlaryň bilim alyp bilmek mümkinçilikleri ugrunda eden tagallalary üçin, onuň kellesinden atypdy.