Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda ýene toý-dabara bilen güýzlük bugdaýyň ekişine girişildi, ýurduň demirgazygyndaky Daşoguz welaýatynda bu işe 5-nji sentýabrda girişiler.
TDH bu ýylam tutuş ýurt boýunça 760 müň gektara ak bugdaýyň ekiljegiini we gallaçy daýhanlaryň 2019-njy ýylda 1 million 600 müň tonna däne almaga borçlanandygyny habar berýär.
Şeýle-de neşir, öňki ýyllarda bolşy ýaly, daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigini, ekin meýdanlarynyň öz wagtynda sürlendigini, bugdaýyň ýokary hilli we ýokary hasylly tohumlarynyň taýýarlanylandygyny, gallaçylaryň oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilendigini nygtaýar.
Mundanam başga, welaýatlarda ýüz müňlerçe tonna däne saklamaga niýetlenen ammarlaryň we iri degirmenleriň üstünlikli hereket edýändigi bellenilýär.
TDH-nyň habarlaryndan tapawutlylykda, Azatlygyň ýerli çeşmeleri ýurduň oba hojalygyndaky guramaçylyk, dolandyryş problemalarynyň saklanyp galýandygyny, daýhanlaryň ekerançylykdan gazanç etmek mümkinçilikleriniň ýowuz çäklendirilýändigini habar berýärler.
Munuň esasy sebäbi, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen hökümetiniň her ýylda gaýtalanýan kynçylyklardan, hasylyň ýyly-ýylyna pes bolmagyndan, un we kepek nobatlaryndan netije çykarman, uly toý-dabara gurnamagy daýhanlaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ýokarda goýmagy bilen bagly.
Özüni Atamyrat aga diýip tanadan ahally daýhan Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde bu barada şeýle diýdi:
“Her ýyl awgustyň aýagynda, sentýabryň başynda her welaýatda bugdaý ekişi diýip, uludan-uly toý tutulýar. Ol toýlara çykarylýan çykdajylar daýhanlara, oba hojalygyna gönükdirilse, azajygam bolsa, geljek ýylyň hasylyna nepi degjek. Şu günki günde daýhana-da, ýeriň özüne-de kömek gerek, ýaplar gömlüp ýatyr.”
Atamyrat aganyň tassyklamagyna görä, göz üçin görkezilýän, hakykatda bir gün işlese, iki gün işlemeýän tehnikany bejermäge hem kömek gerek.
Türkmenistanyň oba hojalygyndaky esasy problema, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan kärendeçileriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, döwletiň oba hojalyk ekinlerinden alnan hasyly satyn alyş nyrhlary bilen bagly.
“Daýhanlara indi nijeme ýyl bäri döwlet ammaryna tabşyrýan her tonna guşgursak bugdaýy üçin 400 manat berýärler, bu manadyň häzirki ýagdaýynda, harytlaryň we hyzmatlaryň şu günki bahasynda hiç zadam bolanok” diýip, Atamyrat aga kärendeçileriň bugdaýy mejbur bolupekýändiklerini, sebäbi başga alaçlarynyň ýokdugyny gürrüň berdi.
Ýöne bu alaçsyzlyk bugdaý ekişi diýip tutulýan toý bilen gutarmaýar, dokuz aý gowrak wagtdan soň daýhanyň başyna bergi, borç bolup gelýär. Sebäbi oňa boýun alan bugdaý hasylyny harmana tabşyryp bilmändigini, döwletden alan tohumynyň, döküniniň, teknika, suw hyzmatlarynyň bahasyny tölemelidigini aýdýarlar.
Türkmenistanda ekerançylyk ýerleri uzak onýyllyklaryň dowamynda şorladylan we hasyllylygyň pesdigi döwlet baştutany derejesinde hem ençeme gezek boýun alyndy. Emma ýyl gowy gelip, daýhan boýun alan plan-borçnamasyny ýerine ýetirende hem, hakykatda onuň eline kän pul düşmeýär, sebäbi bir tonna bugdaýa berilýän 400 manadyň ýarysy beýleki töleglere gidýär.
Ýöne Atamyrat aga bu ýerde esasy agramyň ýokarda goldawy ýa arkasy bolmadyk daýhanlara düşýändigini, oba hojalygyndaky ýene bir düýpli
problemanyň korrupsiýa bilen baglydygyny aýdýar.
Azatlygyň bir-birinden habarsyz çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda emeldarlar dogan-garyndaşlarynyň adyna 50-100 gektarlap ýer alyp, ýönekeý adamlaryň ýer, suw, tehnika, dökün haklaryny “iýýärler” we bu ýagdaý ýurduň bazarlarynda azyk önümleriniň ýyl-ýyldan gymmatlamagyna alyp gelýär.