Daşoguz welaýatynda galla oragyna resmi taýdan 9-njy iýunda girişilýär. Ýöne daýhanlar bugdaýyň oraga heniz taýýar däldigini aýdýarlar. Bu barada Azatlygyň regiondaky çeşmesi habar berýär.
Oba hojalyk pudagy boýunça welaýatda alnyp barylýan işleriň hilinden habarly çeşme daýhanlara salgylanyp, bugdaýyň ýene-de iki hepdä golaý wagtynyň bardygyny, onuň iýun aýynyň 25-lerine dagy bişip, oraga taýýar boljakdygyny aýdýar. Ýöne onuň sözlerine görä, häkimiýetler resmi orak başlanýan bugdaý meýdanyny derman bilen emeli guradyp, bişmedik bugdaýyň hasylyny ormaga girişmek çäresini geçirjek bolýarlar.
“Şu ýyl ýaz paslynyň geçen ýyla garanyňda giç gelmegi bilen bugdaýlar giç başlady we henizem doly bişmedi. Häkimlikler derman sepýän uçarlar we traktorlar bilen ösüp oturan bugdaýy emeli guradyp, ýokardan aýdylan senede galla oragyna başlamagy göz öňünde tutýar” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Ol ýetiren maglumatynda özüniň oba hojalyk pudagynyň hünärmenleri we agronomlar bilen söhbetdeş bolandygyny, olaryň ýokardan görkezme bilen geçirilýän bu çäreleri oňlamaýandygyny gürrüň berdi.
“[Ýetişmedik] gallany emeli guratmak daýhanlara we döwlete uly zyýandan başga zat däldigini agronomlar nygtaýar” diýip, çeşme aýtdy.
“Bugdaýlar ýaňy däneläp başlady, häzir olar emeli guradylsa bugdaý ýerine saman kepek alarys. Ýogsa-da, bu himiki dermanlary orakdan 35-40 gün öň sepmeli. Häzir sepilen derman adamlaryň saglygyna-da ýaramaz täsir eder, kärendeçilerem biderek çykdaja galar” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde daşoguzly daýhanlaryň ençemesi bu ýyl ekerançylykda suwarym suwlarynyň ýetmezçilik edendigini gürrüň berdiler.
Ýatlasak, maý aýynyň ortasynda özüni Pirmät diýip tanadan daşoguzly bir daýhan Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde suw ýetmezçiligi barada, şoran ekin meýdanlary hakda gürrüň berip, bu ýyl ýygnaljak bugdaý hasylyndan näumytdygyny aýdypdy.
Kombaýnçylardan wideo kamera talap edilýär
Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň welaýatdaky çeşmesiniň sözlerine görä, oraga çekilýän kombaýn sürüji traktorçylar goşmaça mejbury çykdajy etmäge mejbur edilýär.
“Kombaýn sürüji traktorçylar traktorlaryna mejbury wideo registrator satyn alyp goýmaly edildi. Kombaýna wideo kamera satyn alyp dakmadyk traktorçylara işden kowulmak haýbaty atylýar” diýip, çeşme aýtdy.
Ol söhbetdeşlikde soňky ýyllarda traktorçylaryň oba hojalyk tehnikalarynda näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda olary öz hasaplaryna bejerýändigini aýtdy.
“Kombaýnçylara şu ýyl öz hasaplaryna ýangyn söndüriji enjam satyn aldyrypdyrlar. Olar beýle çykdaýjylary etmegiň özlerine agyr düşýändigini, munça puly orak möwsüminde gazanyp bilmeýändiklerini aýdyp, “gazananymyz bezenenimize ýetmeýär” diýýärler” diýip, welaýatyň oba hojalyk pudagyndan ýakyndan habarly çeşme aýtdy.
Häkimiýetleriň kombaýnlarda wideo kamera oturdylmagyny talap etmekleriniň mümkin bolan sebäpleri barada dürli çaklamalary öňe süren çeşme, “ogurlygyň öňüni almak üçin edilýän çäre bolmagy ahmal, ýa-da raýatlary gysyp saklamak maksady bilen durmuşa geçirilýän ýörite meýilnamanyň bir bölegi bolmagy mümkin” diýip sözüne goşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda häkimiýetleriň kamera talaby, eger çyn bolsa, diňe bir kombaýnlar bilen çäklenmeýär. Olar ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul ediş synaglarynda-da klaslara wideo kamera oturtdyrýar.
Resmi oraga başlamak üçin derman bilen emeli guradylýandygy aýdylýan galla barada, ýa-da kombaýnlarda oturdylmalydygy öňe sürülýän wideo kameralar dogrusynda ýurduň resmi metbugatynda hiç hili maglumat berilmeýär.