Aşgabatda çilim gaýtadan satuwa çykaryldy; Coca-cola bir adama diňe bir guty berilýär

Aşgabatda "Ahal" ýagy ýaly azyk nobatlaryna duran adamlar

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda çilim gaýtadan satuwa çykaryldy. Şeýle-de, paýtagtda un, şeker, “Ahal” ýagy we çilimden soň, Türkmenistanda öndürilen Coca-cola önümleri hem çäkli möçberde satylyp, bir adama onuň diňe bir gutusy berlip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, geçen hepdäniň sişenbe gününden başlap, döwlet eýeçiligindäki dükanlarda çilimiň satuwy ýatyrylypdy. Aradan bir hepdä golaý wagt geçensoň, 20-nji awgustda onuň satuwy çäkli möçberde gaýtadan dikeldilip, her adama iki guty çilim satylyp başlandy.

“Şu gün irden daňdan sagat 4:30-5:00 töweregi [döwlete degişli] söwda dükanlarynyň öňünde nobatlar emele gelip başlady. Bu çilim üçin nobata duranlaryň nobaty bolup çykdy. Indi bir ýyldan köpräk wagt bäri Türkmenistanda aýal-gyzlara çilim satmak gadagan. Şonuň üçinem erkek adamlar nobata durdy. Dükan ir sagat 8-de açylanda, çilimler satylyp başlandy. Edil öňküsi ýaly bir ele iki gutudan berýärler, onuň her biriniň bahasy hem 25 manat” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew her bir dükanyň öňündäki çilim nobatlarynyň 100 adama çenli ýetendigini gürrüň berdi.

Aşgabadyň Berkararlyk etrabyna degişli 79-njy dükandan, Bagtyýarlyk etrabyna degişli 20-nji dükandan we “Türkmenbakaleýa” döwlet lomaý-bölek söwda firmasyna degişli 3-nji dükandan çilim satyn alan adamlaryň Azatlygyň ýerli habarçysyna aýtmagyna görä, bu söwda nokatlarynda çilimiň satuwy ortaça bir ýa-da bir ýarym sagat dowam etdi.

Türkmenistanda durmuşda, umuman, giňden ulanylýan harytlaryň, şol sanda çilimiň, un, şeker we ösümlik ýagy ýaly azyk önümleriniň gytçylygy wagtal-wagtal ýüze çykýar. 2016-2017-nji ýyllarda ýurtdaky iň gyt harytlaryň biri hem çilim bolupdy.

Alyjylar çilimiň satuwynyň ertir hem dowam etjekdigi ýa-da etmejekdigi barada soranda, dükan satyjylary bu barada özlerinde hem häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny aýdyp, jogap berýärler.

“Alyjylar satyjylardan gyzyklanyp, ‘bu gün gutardy welin, ertir nähili bolar?’ diýip sorapdyrlar, olaram ‘bilýän zadymyz ýok, eger ertir hem etrap söwda merkezinden ýa-da gümrükhanalardaky ambarlardan ýörite görkezme bilen iberseler satarys, ibermeseler hem alajymyz ýok’ diýip düşündiripdirler” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanda uzyn nobata durlup, ýaşaýjylara çäklendirilen mukdarda satylýan harytlaryň hataryna ýene biri goşuldy.

Geçen hepdäniň şenbe gününden başlap, döwlet we hususy eýeçilikdäki dükanlarda her adama Türkmenistanda öndürilen ýarym litrlik Coca-colanyň diňe bir gutusy satylyp başlandy. Ýatladyp geçsek, mundan owal Coca-cola önümleri ilki gytalyp, soňra dükan tekjelerinden bir aý çemesi ýitirim bolupdy.

“Bir ele bir gap ýa-da ýarym litrlik Coca-cola berilýär. Onuň bahasy satuwa çykarylan güni 5 manat bolan bolsa, iki günüň dowamynda üstüne ýene-de 1 manat goşupdyrlar, ony 6 manatdan satýarlar. Adamlar satyjylara ‘ýarym litrlik meniň bir çagamyň içjek kolasy, bu bolanok’ diýse, olar ‘biz nädeli? Bize ýokardan berlen görkezme. Eger eliňiz iki sany kolaly çyksaňyz, biziň işden kowulmak ýa-da soňky käýinç berilmek howpumyz bar. Şonuň üçin bizden öýke-kine etmäň’ diýip, satyjylar düşündirýärmişinler” diýip, Bugaýew belledi.

Ol hususy eýeçilikdäki dükanlarda Orsýet ýaly daşary ýurtlarda öndürilen 1,5 litrlik Coca-cola önümleriniň bir gutusynyň 45 manatdan satylýandygyny, ýöne munuň köp maşgalalaryň maddy elýeterinden örän ýokarydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleri bu harytlaryň gytçylygy ýa-da onuň sebäpleri barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Munuň deregine, resmi mediada ýurtda “azyk bolçulygynyň” üpjün edilendigi, dükan tekjeleriniň dürli näz-nygmatlar bilen doludygy barada reportažlar görkezilýär.

Emma ýerli ýaşaýjylar we synçylar Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri, bu görkezilýän reportažlaryň hem-de azyk harytlaryň çäkli möçberde bolsa-da satylmagynyň adamlary aldamakdan we olaryň arz-şikaýat etmeginiň öňüni almaga synanyşmakdan başga çäre däldigini aýdýarlar.

“Şular ýaly [harytlary] sanap, satyp, adamlar zeýrenjek bolsa, ‘ynha, satylyp dur-a, o nähili ýokmyşyn?’ diýjek bolýarlar, ýöne adamlaram ony göwün islegine görä alyp bilenok. Göz öňüne getiriň, gündogar türkmen maşgalasynda, adatça, dört-bäş çaga bolýar. Şolaryň her biri üçin hem aýry-aýry kola nobatyna durjak bolsaň, onda başga işem gerek däl” diýip, synçy Bugaýew sözüni jemledi.