Türkmenleriň Gurbanlyk däpleri dollary we nyrhlary gymmatladýar

Gül bilen ýazylan "Gurban baýram" ýazgysy, arhiw suraty

“Düýn Daşoguzda amerikan dollary 19 manat 80 teňňe – 20 manatdan satyn alyndy, bazarlardaky harytlar geçen hepde bilen deňeşdirilende 30-35 prosent gymmatlady” diýip, Azatlygyň ýurduň demirgazygyndaky çeşmesi 16-njy awgustda habar berdi.

Dollaryň nobatdaky gymmatlamasy ýa türkmen manadynyň hümmetiniň gaýtadan peselip başlamagy türkmenistanlylaryň köp gidýän ýurdy Türkiýede, goňşy Eýranda milli pul birlikleriniň barha kän hümmetini ýitirýän we hökümete garşy protestlere sebäp bolýan wagtynda bolup geçýär.

Ekspertler Türkiýedäki we Eýrandaky ykdysady kynçylyklary esasan şol bir adamlaryň diýdimzor dolandyryşy, nädogry ykdysady syýasat bilen düşündirýärler.

Türkmenistanda hem ýurduň ykdysadyýeti on ýyldan gowrak şol bir adamyň kontrollygynda. Emma dollaryň häzirki gymmatlamasy we manadyň nobatdaky hümmetsizlenişi, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirlerine görä, ýetip gelýän Gurbanlyk baýramy bilen bagly.

Bazarlardaky söwdagärler pursatdan peýdalanyp, harytlaryň bahasyny emeli gymmatladýarlar, sebäbi daşoguzlylaryň aglabasy ownuk şahly mallary satyn salyp, öýlerinde sadaka berýär” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen diňleýji aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gurbanlygy hemme kişi, ýagdaýy bolsa-bolmasa, etmäge çalyşýar, sebäbi hiç kimiň ilden kem bolasy gelmeýär. Özüň goňşularyň, dogan-garyndaşlaryň we tanyşlaryň gurbanlygyna baryp, nahar iýip, soň olary öz sadakaňa çagyryp bilmeseň, diňe seniň özüň üçin däl, çagalaryň üçin-de utanç bolýar.

Şu sebäpden adamlar, ykdysady kynçylyklar sebäpli elleri ýukalan-da bolsa, hatda bergi-borç almaly bolsa-da, mal satyn alyp, gurbanlyk etmäge çalyşýarlar” diýip, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Edil häzir bazarlarda gurbanlykda öldürip boljak ownuk mallaryň bahasy azyndan bir esse gymmatlady” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär.

Ozallar ýedi adam bolup birleşip, bir iri maly satyn alyp, ony üleleşip, gurbanlyk etmek ýörgünlidi, sebäbi şonda gurbanlyga çykarýan çykdajyň biraz az bolýardy” diýip, Azatlygyň başga bir çeşmesi häzirki gymmatçylygyň bu mümkinçiligi hem azaldandygyny habar berdi.

Munuň üstesine, Daşoguzda soňky döwürde iri şahly mallara näbelli wirusly ýokanç keseller degýär we adamlar göz dikip oturan mallaryny gorajak bolup, olara öňünden her dürli sanjymlary etdirýärler. Bu hili sanjym edilen mallaryň etini bolsa, iki aýdan bärde iýip bolmaýar, şu sebäpden häzir welaýatda iri şahly sagdyn mal tapmak hem kynlaşdy diýip, çeşme aýtdy.

Dollaryň täzeden gymmatlamagynyň ýene bir sebäbi bolsa, ilatyň gurbanlyk günlerinde täze-egin eşik geýmek däpleri bilen düşündirilýär.

“Bazarlarda geýim-eşik satýan söwdagärler adamlaryň täze geýim satyn almak däplerinden peýdalanyp, harytlarynyň bahalaryny gymmatlatdylar, häzir islendik geýim-gejimiň, könek-balagyň, aýakgabyň bahasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, azyndan 200 prosent gymmatlady” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, köp adam bu eşikleri satyn almak üçin bir ýyllap tas hiç eşik alman garaşrýar we Gurbanlyk geçeninden soň, ol harytlaryň ýüzüne seredýän hem bolmaýar. Şu sebäpden hem sowdagärler Gurbanlykdan peýdalanyp galmaga çalyşýarlar.

Mundan öň Türkmenistanda döwletiňbazarlardaky nyrhlara kontrollyk etmäge synanyşýandygy, şu sebäpli ýazylgy nyrhlaryň käte hakyky bahalary aňlatmaýandygy barada maglumatlar gowuşýardy. Emma bu kontrollyk Gurbanlygyň öňünden işlemeýän bolarly.

- Her etrapda 3-4 adamy gözegçi edip goýýarlar, emma olar söwdagärleriň ýüzüne seretmegä hem utnaýar, “Iýen agyz uýalar diýleni” - diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.