Işsiz türkmenler Berdimuhamedowyň açan täze portunyň üstünden ykdysady çykalga gözleýärler

Prezident G.Berdimuhamedow Türkmenbaşy portunyň açylyş dabarasyna gatnaşýar, 2-nji maý, 2018.

Türkmenistandaky ykdysady çökgünligiň çäginde raýatlaryň eklenç mümkinçilikleriniň yzygiderli peselmegi, häkimiýetleriň iş ýerlerini köpeltmek, işsiz raýatlary goldamak, sosial goraglylygy güýçlendirmek babatda hiç bir anyk teklipleri hödürläp bilmezligi barha kän türkmenistanlyny daşary ýurtlara iş, gazanç gözlegine çykmaga mejbur edýär diýip, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.

Aýdylmagyna görä, häkimiýetleriň dürli çäklendirmelerine garamazdan, türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara çykmaga synanmagy soňky ýarym ýylda ozalky ýyllarda görülmedik derejelerde ýokarlandy. Munuň sebäbi soňky döwürde ozalam çäkli bolan iş orunlarynyň has azalmagy bilen düşündirilýär.

Türkmenistanda işleýän daşary ýurt firmalarynyň köpüsi ozalky işlerinitamamlap, täze şertnama baglaşman, ýurtdan çykdy, sebäbi türkmen hökümeti daşary ýurt firmalarynyň ýurt içindäki işçilerine berjek aýlyklaryny manadyň Merkezi bank tarapyndan kesgitlenen hümmetinde almagy teklip edýär, bitirilen işleriň hakyny bermegi juda süýrenjeňlige salýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.

Daşary ýurt firmalarynyň berýän iş mümkinçilikleriniň azalmagy bilen bir hatarda, türkmen hökümetiniň ýa ýerli firmalaryň hödürleýän iş orunlary hem barha azalýar, sebäbi gurulýan gurluşyklary üzül-kesil azaldy, ozal başlanan, belli bir bölegi gurlan desgalara hem pul ýok diýip, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi aýtdy.

Mundan öň Azatlygyň çeşmeleri Balkan welaýatynyň häkiminiň prezidentden ýerli gurluşyklar üçin pul soramagy sebäpli wezipesinden boşadylandygyny, Daşoguzda býujet işgärleriniň bir aý iş haklarynyň ýerli gurluşyklar üçin meýletin-mejbury tutuljagyny habar beripdiler.

Emma muňa garamazdan, ýapylýan iş ýerleri, planlaşdyrylan gurluşyklara ýetmeýän serişdeler, daşary ýurtlara gazanç gözlegine çykýanlaryň möçberi barada resmi maglumatlar elýetrli däl.

Şu aralykda “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri Türkmenbaşyda maý aýynda açylan täze halkara porty arkaly, türkmen gämisi bilen Azerbaýjana gitmäge synanýan türkmenleriň müňlerçedigini, resmi bahasy 160 manat bolan biletleriň üç esse bahadan, araçylaryň we agyr ýagdaýdan peýda görmäge çalyşýan beýleki adamlaryň üsti bilen satylýandygyny habar berýär.

Bu ýagdaýy Azatlygyň çeşmeleri hem tassyk etdi.

“Täze açylan Türkmenbaşy portundan kawkaz ýurtlaryna aşmak häzir maşgalasyny eklemek üçin çykalga gözleýän türkmenistanlylaryň iň amatly ýolllarynyň biri bolup durýar, sebäbi migrasiýa gullugynyň uçara münýänlerden edýän talaby ýa yrsaramalary barha köpelýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 67 ýaşly aşgabatly synçy aýtdy.

Şeýle-de ol türkmenistanlylaryň häzir, beýleki ýollar ýapylyp başlanda birden Bakuwa, kawkaz ýurtlaryna çykmak synanyşyklarynyň aşa köpelmeginiň sebäbini düşündirdi.

SSSR zamanynda Krasnowodsk, belli bir derejede Nebitdag we Çeleken hemkawkazlylaryň köplük bolup ýaşaýan şäherleridi, emma olaryň köpüsi soň yzlaryna göçüp gitdi. Emma olaryň Türkmenistandaky tanyşlary bilen aragatnaşyklary saklanyp galdy we häzir ýurtdan çykýan türkmenleriň köpüsiniň elinde ozal göçüp gidenlere “şu adama kömek ediň” diýip ýazylan hatlar bar” diýip, aşgabatly synçy türkmen migrantlarynyň täze çykalgasynyň aýratynlygyny düşündirdi.

Şeýle-de ol türkmenleriň, eger gyssaga düşseler, Azerbaýjandan, Ermenistandan myhman hökmünde çakylyk almak mümkinçilikleriniň hem bardygyny, şol bir wagtda bu iki ýurduň häzir iş gözleýän türkmenler üçin diňe täze iş ýeri bolmak bilen çäklenmän, wagtlaýyn düşelge hyzmatyny hem ýerine ýetirýändigini gürrüň berdi.

Häzir Türkmenistandan Türkiýä, Orsýete çykmak barha kynlaşýar, emma Azerbaýjana ýa Ermenistana baryp bilseň, ol ýerden iş tapan beýleki ýurtlaryňa aşmak kyn däl, çünki ol ýurtlarda bizdäki ýaly hereket çäklendirmesi ýok” diýip, aşgabatly synçy Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.