Türkmenistanyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergisi 40 million dollara ýetipdir

Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenka

Türkmen kompaniýalarynyň Belarusyň öňünde 2018-nji ýylyň birinji çärýegi üçin bergisi 6 esse köpelip, 85 million rubla ýetdi diýip, Belarusyň media çeşmeleri ýurduň Milli Bankyna salgylanyp habar berýärler.

Читайте также на русском

Belarus gurluşykçylarynyň iň uly daşary ýurt proýekti - Türkmenistandaky Garlyk kaliý kombinaty şowsuzlyk bilen tamamlandy diýip, «Хартыя97» atly neşir 3-nji iýulda habar berdi. Maglumatda ýurduň býujetiniň çak bilen 200 million dollar mukdarda ýitgi çekendigi bellenýär.

Neşriň ýazmagyna görä, žurnalistler Belarusyň Garlykdaky proýekt üçin döwlet tarapyndan satyn alan seridelerini analiz edip, gurluşyk materiallary satyn almakda güman edilýän "puly ele salmagyň" käbir alamatlaryny anykladylar. Şeýlelikde, "Belgorhimprom" kuperşlak - metal ownuklaryny her tonnasyna 190 dollardan satyn aldy, emma Orsýetde bu serişde üç esse arzan durýar. Netijede bu söwda 30 müňe derek 90 müň dollara durdy. Podrýadlara kimiň we nädip eýe bolandygy habar berilmeýär diýlip, Belarusyň media serişdesi belleýär.

Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy zawody Türkmenistanyň "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň zakazy boýunça "Belgorhimprom" kompaniýasynyň baştutanlygyndaky birnäçe belarus şirketi tarapyndan ýerine ýetirildi.

Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat 2017-nji ýylyň 31-nji maýynda iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi.

Türkmen hökümetiniň aýtmagyna görä, Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy tutuşlygyna Türkmenistanyň döwlet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilipdir we döwlet gaznasyna 1 milliard amerikan dollaryna durupdyr.

Türkmenistanyň hökümetiniň planlaryna görä, Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi bilen ýurt hylda 1.4 million tonna kaliý önümlerini öndürip, "dünýäde kaliý eksport edijileriň sanawynda ilkinji pozisiýalaryň birine" çykmalydy.

Emma obýektiň işe girizilmeginden bir ýyl soň Türkmenistan Belarus tarapyndan gurlan kombinatyň işinde kemçilikleri tapdy. Türkmenistanyň Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat boýunça belarus tarapyna öz şikaýatlaryň sanawyny düzýändigi hakynda 5-nji iýulda Belarusyň tut.by media portaly habar berdi. Yzýany 6-njy iýulda Türkmenistanyň hökümeti Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinata degişli meseleleri maslahat etdi.

​Türkmenistan we Belarus bahasy 1 milliard dollarlyk dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinaty gurmak barada 2009-njy ýylda ylalaşyk baglaşypdy. Başda onuň gurluşygy 2015-nji ýylda tamamlanmalydy, emma tas iki ýyl yza tesdirildi.

Obýektiň ulanylyşa berilmeginiň möhleti taraplaryň arasynda gapma-garşylyk döretdi. 2016-njy ýylyň ortalarynda belarus tarapy türkmen tarapyny gurluşykçylara zähmet hakyny tölemezlikde aýyplady. Öz tarapyndan Türkmenistan "Belgorhimproma" ylalaşygyň şertlerini berjaý etmezlige degişli şikaýatlaryny öňe sürdi.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka iki ýurduň arasynda ýüze çykan gapma-garşylyklara garamazdan, Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmeginden bir aý soň Türkmenistanyň Garlykdaky kärhana ýaly ikinji kärhanany gurup bermegi Belarusdan haýyş edendigini aýtdy.

“Belaruslara täze kombinatyň gurluşygyny ynanmak üçin ähli güýjüň ulanyljakdygy hut özüme wada berildi. Emma men oňa [Türkmenistanyň prezidentine] aýtdym, eger-de biz islesek, onsuzam tenderi utarys diýdim” diýip, “tut.by” neşiri Lukaşenkanyň sözlerini getirdi. Şonda agzalan obýektiň gurluşygy üçin tenderiň yglan edilendigi we onuň bahasynyň ozalkysyndan has gymmat, ýagny 1.4 milliard dollara barabar boljagy bellenipdi. Emma birnäçe aýdan soň 2017-nji ýylyň sentýbar aýynda Belarusyň “Belgorhimprom” kärhanasy Türkmenistanda ikinji kaliý zawodyny gurmakdan ýüz öwürýändigini mälim etdi.

Belarusyň agzalan proýektden ýüz öwürmeginiň sebäbi barada açyk aýdylmady. Emma käbir synçylar munuň Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygynyň dowamynda Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda dörän gapma-garşylyklar, şol sanda tölege degişli dawa bilen gönüden-göni bagly bolup bilýändigini belleýäler.

Mundan öň Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka öz ýurduny Türkmenistan üçin Ýewropanyň ortasyndaky "berk direg" diýip atlandyrypdy.