Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Türkmenistanda ikinji kaliý zawodyny gurmakdan ýüz öwürdi


Garlykdaky kaliý kombinatyň gurluşygy.
Garlykdaky kaliý kombinatyň gurluşygy.

Belarusyň “Belgorhimprom” kärhanasy Türkmenistanda ikinji kaliý zawodyny gurmakdan ýüz öwürdi. Bu barada kompaniýanyň aksiýalarynyň kontrol paketiniň eýesi “Belaruskaliý” kärhanasynyň baş direktory Iwan Golowatyý mälim etdi.

Ýatladyp geçsek, “Belgorhimprom” mart aýynda Türkmenistanda umumy bahasy 1 milliard dollara barabar Garlykdaky kaliý zawodyny işe girizipdi.

Mundan soň, türkmen tarapy şular ýaly ikinji kombinaty gurmak baradaky meýillerini yglan edipdiler. Türkmenistan Lebap welaýatynyň Garabil känininde gurulmagy planlaşdyrylýan bu kaliý zawodyny gurmak boýunça şu ýylyň 17-nji aprelinde tender bäsleşigini yglan edip, kombinatyň gurluşygy boýunça teklipler üçin wagt möhleti 2017-nji ýylyň 26-njy iýuny diýip kesgitläpdi.

Munuň yzy bilen, aprel aýynyň ahyrynda belarus media serişdesi Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka salgylanyp, Türkmenistanyň Belarusdan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ýene bir kombinaty gurup bermegi sorandygyny habar beripdi.

“Belaruslara täze kombinatyň gurluşygyny ynanmak üçin ähli güýjüň ulanyljakdygy hut özüme wada berildi. Emma men oňa [Türkmenistanyň prezidentine] aýtdym, eger-de biz islesek, onsuzam tenderi utarys diýdim” diýip, “tut.by” neşiri Lukaşenkanyň sözlerini getirdi.

Gürrüňi gidňýän kombinaty gurmak tender teklipleriniň möhletiniň tamamlanmagynyň yz ýany, Türkmenistan zawody proýektirlemek we gurmak boýunça tender bäsleşiginiň möhletiniň ýene-de 17-nji iýula çenli uzaldylýandygyny yglan edipdi.

Bahasy ortaça 1,4 milliard amerikan dollary möçberindedigi aýdylýan bu täze kaliý zawodyny gurmak boýunça tender bäsleşiginiň möhletiniň uzaldylmagynyň sebäpleri, şeýle-de belarus kompaniýalarynyň bu tender bäsdeşligine gatnaşyp-gatnaşmaýandygy barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan jikme-jik maglumat berilmändi.

“Belaruskaliý” kärhanasynyň baş direktory Iwan Golowatyý bolsa, penşenbe güni eden çykyşynda ikinji kaliý zawodyny gurmak boýunça Türkmenistanyň hödürleýen şertleri bilen ylalaşmandyklary üçin, “biz öz teklibmizi ýollamadyk” diýip, maglumat berdi.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, 2010-njy ýylda gurluşygyna başlanan Garlykdaky kaliý zawodynyň üstünde belarus we türkmen taraplarynyň arasynda ençeme tapgyr düşünişmezliker hem bolupdy. Ýagny Aşgabadyň kombinat üçin doly hasaplaşyk etmändigi barada habarlar peýda bolupdy.

Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalininiň 10-njy maýda, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky belarus-türkmen hökümetara komissiýasynyň mejlisinden soň žurnalistlere aýtmagyna görä, Türkmenistan heniz Garlykda gurlan we golaýda ulanmaga berlen kombinat üçin doly hasaplaşmandyr.

“Belarus bu desgany ulanmaga bermek boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirdi, indi biz bile işleşen potratçylarymyz, material berijilerimiz bilen hasaplaşmak üçin, doly hasaplaşyga garaşaýarys” diýip, “BelTa” neşiri wise-premýeriň orunbasarynyň sözlerini sitirleýär. Emma Kalinin Türkmenistanyň näçe bergisiniň galandygyny anyklaşdyrmady.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Belarus bilen 2009-njy ýylda gol çeken ylalaşygyna görä, Lebap welaýatynda gurlan Garlyk kombinatynyň işe girizilmegi birnäçe gezek yza süýşürildi; taraplar işleriň gijikmeginde, tölegleriň wagtynda edilmezliginde bir-birini aýyplady.

Türkmenistanyň hökümeti Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynda ýylda 1.4 million kaliý dökünlerini öndürmek planlaryny yglan edipdi we munuň üçin ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan çyg malynyň zerurdygyny mälim edipdi.

Sözümizi jemläp aýtsak, Türkmenistanda gurulmagy planlaşdyrylýan ikinji kaliý zawodyny proýektirlemek we gurmak boýunça tender bäsleşigini haýsydyr bir kärhananyň ýeňip-ýeňmändigi barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG