“Türkmen hökümeti pensionerleriň pulsuzlykdan ölmegini isleýärmikä?!”

Pensionerler bankomatlarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyny aýdýarlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda ýaşy 70-e ýetmedik hormatly dynç alyşdaky raýatlaryň öz pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde däl-de, eýse plastik kartlarynyň üsti bilen bankomatlardan almaly edileninden bäri, ýaşuly nesil kömek pullaryny almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlady.

“Aýyň başyndan bäri, banklarda pensiýasyny alyp bilmedik ýaşulularyň uly nobatlaryny synlasa bolýar. Adamlar kartoçkylaryna soňky aýyň pensiýasynyň geçmändigini aýdyp, zeýrenýärler. Bank resmileri hem “garaşyň” diýmekden başga, hiç hili düşündiriş berenoklar” diýip, aşgabatly pensionerleriň biri Tylla daýza (ady üýtgedilen – red.) gürrüň berdi.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan pensionerleriň ençemesi pensiýa plastik kartyna geçiriläýse-de, bankomatlarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyna aýdyp, täze talabyň netijesinde özleriniň durmuşynyň has-da kynlaşandygyna ünsi çekýärler.

“Hökümet biziň bilen juda karam oýun etdi. Ençeme aýdan bäri kartyndan puluny alyp bilmän ýörenler hem bar. Biz 40 graduslyk jokrama yssyda ‘haýsy bankomatda pul barka?’ diýip, şäheri sökmekden-de ýadadyk. Bu pensionerleriň kart düzgünini näme sebäpden, haýsy maksat bilen girizdilerkä? Ýa hökümet biziň pulsuzlykdan ölmegimizi isleýärmikä?!” diýip, 60 ýaşlaryndaky Tylla daýza kinaýaly sorag bilen pikirini jemledi.

Türkmen hökümeti pensiýa pullarynyň bank kartalaryna geçirilmeginiň sebäpleri barada, häzirlikçe anyk maglumat ýa-da düşündiriş bermeýärler. Ýöne, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir ýaşaýjylara we bank resmilerine salgylanyp, bu çäre banklardan pensiýa alýanlaryň sanyny azaltmak arkaly, banklardaky işgärleriň sanyny kemeltmek üçin edilýän tagallanyň bir bölegi bilen baglanyşdyrýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylaryny Aşgabatda pensiýa haklaryny nagt görnüşde beren bank şahamçalarynyň ençemesiniň eýýäm ýapylandygyny hem nygtaýarlar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda pensionerleriň, maýyplaryň, ýagny mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullarynyň we pensiýa haklarynyň plastik bank kartlaryna geçiriljekdigi we olaryň öz pullaryny bankomatdan nagtlaşdyryp biljekdigi baradaky maglumatlar ilkinji gezek 2016-njy ýylyň ahyrynda peýda bolupdy. Ýöne şonda pensionerleriň we maýyplaryň köpüsi bank hasaplaryny açdyrmakdan ýüz öwürdiler we olar bu hyzmatdan peýdalanmaga mejbur edilmändi diýip, aşgabatlylaryň käbirleri aýdýarlar.

Bu aralykda, türkmen mediasynda berilýän reportažlarda “Hormatly ýaşulularymyz we kümüş saçly enelerimiz...” ýaly sözler getirilip, ýaşuly nesle “uly sylagyň” bardygy, olaryň “uludan aladasynyň edilýändigi” aýdylsa-da, iş ýüzünde olaryň duçar bolýan, şol sanda plastik kartlary bilen bagly meseleleri barada dymylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda ortaça pensiýa hakynyň 650 manatdygy aýdylýar.

Türkmenistanda aýlyk haklaryny, pensiýa we kömek pullaryny, talyp haklaryny plastik kartlar arkaly tölemek düzgüniniň girizilenine indi üç ýyldan gowrak wagt boldy.