Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşy 70-e ýetmedik pensionerler pensiýa haklaryny bankomatlardan almaly edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mundan ozal, Türkmenistanda 65 ýaşa ýetmedik hormatly dynç alyşdaky raýatlaryň öz pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde däl-de, plastik kartlaryň üsti bilen bankomatlardan almalydyklary hakynda ýörite bildiriş yglan edilipdi.

Şu hepdäniň başyndan, ýagny şu günden başlap, bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde pensiýa haklaryny alyp bilýän raýatlaryň ýaş çäklendirmesi 70 ýaşa çykaryldy. Bu diýmeklik, 70 ýaşyny doldurmadyk hormatly dynç alyşdaky raýatlar 14-nji maýdan başlap, öz pensiýa haklaryny diňe plastik bank kartlary arkaly bankomatlardan alyp bilerler.

Azatlyk Radiosyna agzalýan ýagdaýlar boýunça giňişleýin habar beren aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew, bu maglumatlary tassyklap, plastik karty almagyň bökdençlikleri barada, hususan-da hormatly dynç alyşdaky raýatlar üçin bu täze talabyň aýratyn kynçylyk döredýändigini gürrüň berdi.

“Türkmenistanda mundan iki aý çemesi ozal 65 ýaşa ýetmedik pensionerleriň özleriniň pensiýasyny öňküleri ýaly banklaryň şahamçalaryndan ýagny filiallaryndan alman, eýsem, plastik kartlaryň üsti bilen bankomatlardan alynmalydygy hakynda ýörite duýduryş, bildiriş yglan edildi” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ol söhbetdeşligiň dowamynda plastik bank kartyny almagyň hysyrdylary barada gürrüň berip, ilki banka ýazga duran ýerindäki şahamçasyna baryp şertnama baglaşmalydygyny, soňy bilen bankyň baş edarasynda uzyn nobatlara ýazylmalydygyny, gürrüňi edilýän nobatlaryň sanynyň köplenç azyndan 200 adama baryp ýetýändigini gürrüň berdi. Soňra plastik bank kartyny almak üçin 21 manat 80 teňňe töleg tölenýändigini gürrüň beren ýerli synçy, bu kynçylyklaryň ýaşuly nesil üçin hem-de döwletden kömek pullaryny alýan maýyplar üçin, ýa-da ýaş çagaly gelinler üçin kynçylyk döredýändigini aýtdy.

Söhbetdeşlikde paýtagtly synçy tölegden soň bankyň ýerli şahamçasyna baryp hasaba durmalydygyny, yz ýany etrabyň sosial üpjünçilik edarasyna-da baryp hasaba durmalydygyny sözüniň üstüne goşup gürrüň berdi.

Bu täze düzgüniň girizilmeginiň sebäpleri barada, bank resmileri tarapyndan häzirlikçe anyk maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär. Ýöne Bugaýew adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir ýaşaýjylara we bank resmilerine salgylanyp, bu çäre banklardan pensiýa alýanlaryň sanyny azaltmak arkaly, banklardaky işgärleriň sanyny kemeltmek üçin edilýän tagallanyň bir bölegi diýýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanda pensionerleriň, maýyplaryň, ýagny mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullarynyň we pensiýa haklarynyň plastik bank kartlaryna geçiriljekdigi we olaryň öz pullaryny bankomatdan nagtlaşdyryp biljekdigi baradaky maglumatlar ilkinji gezek 2016-njy ýylyň ahyrynda peýda bolupdy. Ýöne şonda pensionerleriň we maýyplaryň köpüsi bank hasaplaryny açdyrmakdan ýüz öwürdiler we olar bu hyzmatdan peýdalanmaga mejbur edilmändi diýip, aşgabatlylaryň käbirleri aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi bankomatlarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyna ünsi çekip, täze talabyň özleriniň durmuşyny has-da kynlaşdyrjakdygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda aýlyk haklaryny, pensiýa we kömek pullaryny, talyp haklaryny plastik kartlar arkaly tölemek düzgüniniň girizilenine indi üç ýyldan gowrak wagt boldy.

XS
SM
MD
LG