Türkmenistanyň ‘milli syýasaty" aýal-gyzlaryň içki geýimlerine baryp ýetdi

"Gadymy döwre gaýdyp geldik. Men 20 ýaşymda, indi näme garry enem ýaly gezeýinmi?!"

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daşky görnüşi, lybaslary babatynda nobatdaky çäklendirmeler girizildi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň we Türkmenistandaky ýagdaýlary yzarlaýan beýleki neşirleriň maglumatlaryna görä, resmiler ýurduň döwlet edaralarynda işleýän we ýokary okuw jaýlarynda okaýan aýal-gyzlaryň geýýän köýnekleri, özüne serenjam bermek üçin ulanýan kosmetiki serişdeleri babatynda, täze talaplary öňe sürüp başlapdyrlar.

Mundan beýläk aýal-gyzlaryň köýnekleri ýere çenli ýetip, diňe köwşüň ujy görner ýaly uzynlykda bolmaly; köýnekleriň ýeňleri hem barmaklaryň soňky bogunlaryna çenli uzynlykda bolmaly.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Daşoguzdaky Oba-hojalyk institutynyň aýal mugallymlaryndan milli köýnekler bilen birlikde, olaryň içki geýim balakly bolmagy hem talap edip başlandyklaryny habar berýär.

Neşir geçen hepdäniň ahyrynda Daşogzuň etraplarynda degişli ýolbaşçylaryň ýörite ýygnaklary geçirip, bu täze talaplary ilata ýetirendiklerini aýdýar.

“Resmiler taryhy kökleri we milli medeni mirasy ýatdan çykarmaly däldigini aýtdylar. Esasan, mugallymlaryň lybaslary barada gürrüň edildi. Erkek mugallymlaryň işde gara kostýum-jalbarda, ak köýnekde we galstukda; aýallaryň hem ýaňly köýnekde, başy öýmede we balakly bolmalydyklary aýdyldy” diýip, neşir ýazýar.

Mundanam başga, aýallardan dyrnaklaryny reňklemezligi, gaşlaryny ütmezligi, kirpiklerini ösdürmezligi we saçlaryny açyk reňke boýamazlygy talap edilipdir.

Ýygnakdan soň, ýagny duşenbe gününden başlap, bilim edarlarynda aýal mugallymlaryň köýneklerini galdyryp, balak geýip-geýmändikleri barlanyp başlanypdyr.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri-de Türkmenistanda aýal-gyzlardan köýnekleriniň giň bolmagy, ýagny bilini alkymlap durmazlygy talap edilip başlandygyny habar berýär.

“Gadymy döwre gaýdyp geldik. Men 20 ýaşymda, indi näme garry enem ýaly gezeýinmi?! Indi, näme paranja geýmeklerini talap etjeklermikä?!” diýip, aşgabatly gyzlaryň biri “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşirine ýazypdyr.

Ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berşi ýaly, şu aýyň başynda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň suwa düşülýän geýimlerini, has takygy bikini-kupalnikleri we şortylary ýurduň çäklerine getirmek gadagan edilipdi. Şonda Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürleşen gümrük işgärleriniň biri gadagançylygyň “türkmenleriň ahlak nukdaýnazaryndan, ýagny türkmen gyzlarynyň kupalnik geýmeli däldigi” sebäpli girizilendigini aýdypdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda döwlet edaralarynda işleýän aýal-gyzlara dyrnaklaryny we kirpiklerini ösdürmegine, saçlaryny has açyk reňke boýamagyna girizilen gadagançylykdan soň, gümrükden açyk reňkli saç boýaglarynyň, şeýle-de kirpikleri we dyrnaklary ösdürmek üçin niýetlenen serişdeleriň-de geçirilmeýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky aýal-gyzlaryň daşky görnüşi bilen baglylykdaky çäklendirmeleri has irräkden girizip başlapdy: 2013-nji ýyldan başlap, dürli köpçülikleýin çärelerine gatnaşýan gyz talyplardan gyrmyzy reňkli köýnek bilen birlikde, ýaglyk dakmak; ýokary okuw jaýlarynda durmuşa çykan, hatda aýrylyşan gyz talyplardan, başlaryny ýa gyňaç ýa-da öýme bilen örtmek tabşyrylypdy.

Döwlet resmileri we mediasy ne raýatlaryň daşky lybaslary bilen baglylykda girizilen gadagançylyklar, ne-de olaryň sebäpleri barada maglumat berýärler.