Aşgabadyň polisiýasy köçä gulaklyk dakynyp çykan adamlara jerime salyp başlady diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri özleri bilen habarlaşan paýtagtyň ýaşaýjylaryna salgylanyp 9-njy aprelde habar berdi.
Gulagyna özbaşdak ses diňlenýän enjamy dakynyp köçä çykan adamlar ýoldan gelýän awtoulagyň sesini eşitmäni heläkçilige sebäp bolmagy mümkin diýen düşünje bilen polisiýa gulluklarynyň şeýle çärelere baş goşýandygyny neşir ýerli ýaşaýjylara salgylanyp agzap geçýär.
TAH-yň ýurduň içindäki çeşmelerine salgylanyp beren maglumatynda, hamana, köçe-ýol hereketinde ýüze çykýan heläkçilikli hadysalary azaltmak üçin polisiýanyň işgärleriniň özlerine gulagy “gulaklykly” pyýadalara jerime salynmagynyň tabşyrylandygyny aýdýandyklary mälim edilýär.
Türkmenistanda soňky wagtlarda girizilýän “täsin” gadagançylyklaryň gerimi giňeýär.
Ýatladyp geçsek, fewral aýynyň aýagynda Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri gara we goýy reňkli awtoulaglar boýunça çäklendirilmeleriň dowam edýändigini habar beripdi.
Iň soňky peýda bolan maglumatlarda, Türkmenistanda aýal-gyzlaryň suwa düşülýän geýimlerini, has takygy bikini-kupalnikleri we şortylary ýurduň çäklerine getirmek gadagan edildi.
Şeýle-de, Türkmenistanda döwlet edaralarynda işleýän aýal-gyzlara dyrnaklaryny we kirpiklerini ösdürmegine, saçlaryny has açyk reňke boýamagyna girizilen gadagançylykdan soň, gümrükden açyk reňkli saç boýaglarynyň, şeýle-de kirpikleri we dyrnaklary ösdürmek üçin niýetlenen serişdeleriň-de geçirilmeýändigi barada maglumatlar peýda boldy.
Galyberse-de, bu soňky gadagançylyklar bilen birlikde, türkmen häkimiýetleri soňky ýyllaryň dowamynda gyzlaryň egin-eşigi babatynda, ençeme tapgyr näresmi talaplary girizipdiler.
Mysal üçin, 2013-nji ýyldan başlap, dürli köpçülikleýin çärelerine gatnaşýan gyz talyplaryndan gyrmyzy reňkli köýnek bilen birlikde, ýaglyk dakmak tabşyrylýar.
Ýatladyp geçsek ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe-de şuňa meňzeş gadagançylyklar girizilip, meselem, adamlaryň altyn diş dakmaklary, erkek adamlaryň sakgal goýbermekleri ýa-da saç uzatmaklary çäklendirilýärdi.
“Gulaklyk” dakynyp köçä çykan adamlara salynýandygy habar berilýän jerimäniň mukdary barada maglumat elýeterli däl.
Agzalýan täze gadagançylyklar barada, şol sanda mundan ozalky girizilen beýleki çäklendirmeler barada ilat köpçüligine ýurduň köpçülikleýin maglumat serişdelerinde habar berilmeýär.
Galyberse-de, awtoulag heläkçiligine sebäp bolmaklarynyň ahmaldygy öňe sürülýän “gulaklykly” adamlaryň şu wagta çenli ýol açan köçe-ýol hadysalary barada statistiki maglumatlar hem halk köpçüligine elýeterli däl.