Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow krizis döwri Aşgabady ‘abadanlaşdyrmagy’, Kosmetika merkezini gurmagy tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti, ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe, paýtagtda alnyp barylýan “abadanlaşdyryş” işleriniň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýleki meseleler bilen bir hatarda Aşgabatda alnyp barylýan “abadanlaşdyryş” işleri barada hem gürrüň edildi.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ýaşaýyş jaýlarynyň daşky durkuny abatlamak hem-de köçeleri arassa saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady “dünýäniň iň owadan we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmäge” gönükdirilen işleriň möhümdigini belläp, bu ugurdaky işleriň depgini güýçlendirmegiň zerurdygyny hem sözüne goşdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, geçen ýylyň sentýabrynda geçen “Aşgabat-2017” oýunlarynyň öňüsyrasynda hem yglan edilen “Aşgabady abadanlaşdyrmak” işleriniň çäginde, on müňlerçe ýaşaýyş jaýlary, “pristroýka” goşmaça otaglary ýer-ýegsan edilipdi; köçä bakyp duran sowadyjylar, adamlaryň garaşsyz maglumatlary almaga mümkinçilik beren çanak antennalary sökülip aýrylypdy.

Şol bir wagtda, prezidentiň “Aşgabady abadanlaşdyrmak” ugrunda işleriň depginini güýçlendirmek baradaky häzirki beren tabşyrygynyň, paýtagtyň durmuşyna nähili täsir ýetirjekdigi häzirlikçe nämälim bolmagyna galýar.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow ilatyň azyk harytlaryň dowamly gymmatlamagyndan we gytalmagyndan ejir çekýän, iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilýän döwri gymmatbaha desgalaryň gurluşygyny dowam etdirýär.

Anna güni geçirilen mejlisde Berdimuhamedow häzirki döwür döwrebap kosmetiki-bejeriş merkeziniň gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Ol bu merkeziň adamlaryň ýüz keşbine timar bermäge, saç ösüşini kadalaşdyrmaga we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam berjekdigini mälim etse-de, onuň gurluşygyna çykaryljak maliýe serişdeleri barada kelam agyz söz aýtmady.

Mundanam başga, türkmen lideri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahananyň taslamasyny düzmek barada ygtyýar berýän karara gol goýdy.

Resminama laýyklykda, ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlap, 2020-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edilmegi göz öňünde tutulýan bu şyphananyň nähili saglyk bejergileri üçin ýöriteleşdiriljekdigi aýdyňlaşdyrylmady.

Galyberse-de, mundan öň paýtagtda umumy bahasy ýüzlerçe million dollara deň bolan myhmanhanalary, maslahat merkezlerini gurmak baradaky planlar äşgär edilidi.

9-njy martda geçen maslahatda ýurduň başdan geçirýän ykdysady krizisi, munuň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada dymylyp, munuň deregine, “milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösýändigi” öňe sürüldi.

XS
SM
MD
LG