Harbylar gulluk etmek üçin şert döredilmegini talap eden prezidente welosiped sowgat berdiler

G.Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň öňüni çekdi. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we goranmak ministriniň sowgat beren welosipedinde Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Berdimuhamedow serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky meseläni gozgap, Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.

Emma habarda “üstünlikli gulluk etmek şertleri” meselesiniň näme üçin gozgalandygy, galyberse, şeýle şertleriň hakykatdan hem döredilmegi üçin anyk nähili kararlaryň kabul edilendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şol bir wagtda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu gezekki mejlisi Aşgabatda harby gullugyny tamamlan esgerleriň öýlerine goýberilmegi üçin maşgalalaryndan para soraýandygy baradaky maglumatlaryň ýaýran wagtyna gabat geldi.

Lebaply we maryly ene-atalaryň käbiri esger ogullarynyň wagtynda harby gullukdan boşadylmaýandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna ýüz tutýarlar.

"Aşgabatdaky harby bölüme oglumyzy almaga barsak, oglumyzýok ekeni. ...tanaýan esgerleriň biri oglumyzyň Bäherden tarapda biriniň hojalygynda işläp ýörendigini aýtdy. Esgerleri Aşgabadyň töweregindäki etraplara hojalyklara işlemäge iberen ekenler. Onuň harby ýolbaşçylary bilen gürleşsek, bizden para soradylar” diýip, esgerleriň hossarlary Azatlygyň habarçysyna aýtdylar.

Ýerli çeşmeler we ene-atalar Türkmenistanda dörän ykdysady kynçylyklaryň esgerleriň durmuşyna hem öz täsirini ýetirendigini, harby bölümlerde azyk ýetmezçiliginiň barha ýiti duýlup başlandygyny aýdýarlar. Ýogsa olar öň, Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan döwründäkiden tapawutlylykda, türkmen esgerleriniň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň has gowulanandygyny gürrüň beripdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, Türkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiligi bu ýerdäki problemalaryň diňe bir bölegi bolup durýar.

Şeýle-de Panniýer, gymmatbaha ýaraglaryň we harby tehnikalaryň satyn alynýandygyna garamazdan, häzirki günde türkmen goşunynyňesgerleriniň geýim-eşik, aýakgap ýagdaýynyň hem anyk nähildiiginiň belli däldigini aýdýar.

“Biz olaryň anyk nähili tälim alýandyklaryny hem bilemzok, ýogsa olaryň ajaýyp döwrebap ýaraglary bar. Emma türkmen goşunynyň nähili gowy tälim alýandygy başga mesele. Meýdanda maşk edýän saýlama goşun bölümlerini görkezmek bir zat, emma saýlama goşunlar ýaragly güýçleriň 10-15 prosentini düzýär. Esgerleriň galan 85-90 prosenti nähili ýagdaýda?” diýip, ekspert türkmen esgerleriniň ene-atalaryna azyk üçin pul sorap hat ýazmaklarynyň buzuň diňe görünýän bölegigi bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär.

TDH prezidentiň nobatdaky mejlisden soň hem täze satyn alnan harby dikuçarlary synlandygynyhabar berdi.

"Gurbanguly Berdimuhamedow we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwrebap ýaraglaryň dürli görnüşlerinden nyşana ok atmak boýunça ussatlyklaryny görkezdiler" diýip, prezidentiň "harby ýaraglara ussatlyk bilen erk edýändigini" ýene bir gezek tassyklady.

Türkmen metbugaty soňky döwürde prezidentiň täze satyn alnan ýaraglary, harby tehnikany synagdan geçirişi, nyşana ok atmak, hanjar zyňmak ussatlygy barada yzygiderli maglumat berýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Berdimuhamedow harby ukybyny görkezdi

Şeýle-de metbugat gytaklaýyn esgerleriň azyk ýetmezçiligi barada çap edilýän habarlary ret edýär. Mysal üçin, prezident fewral aýynda Mary welaýatynda saparda bolanda, ol ýerdäki harby bölümleriň birinde esgerleriň aşhanasy bilen tanyşdy we olaryň öz iýjek gyzgyn çöreklerini hem bişirip bilýändiklerine göz ýetirdi.

Emma Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda, Balkan welaýatynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşinde goranmak ministrinekäýinç berdi.Bu käýinç ministre Azatlygyň ogullarynyň yzyndan azyk ibermäge mejbur bolýan ene-atalar barada beren maglumatynyň iki aý çemesi soňundan berildi.

Elbetde, bu gezek Ýaýlym Berdiýewe käýinç berilmedi. TDH Berdiýewiň prezidente sport welosipedini sowat berendigini, onuň bu welosipede münüp, “Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekden geçýän welosipedli ýörişiň öňüni çekendigini” belleýär.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçy, goşundaky azyk ýetmezçiligi bilen baglylykda, ýakyn aýlarda türkmen esgerleriniň ýene, Nyýazow döwründäki ýaly, özlerini azyk bilen üpjün etmeli bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Onuň pikiriçe, prezidentiň 19-njy martda geçiren iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi bilen goranmak ministrine düýedarçylyk fermasyny gurnamak barada teklip taýýarlamagy buýurmagy esgerleriň belli bir böleginiň önümçilikde ulanljakdygyny aňladýar.