Aşgabadyň halkara aeroportynda daşary ýurtlardan barýan ýolagçylaryň goşlary çykyşda berk barlagdan geçirilýär.
Türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabuntsyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýolagçylaryň goşlary deklarasiýasyz, ýagny erkin geçiş üçin göz öňünde tutulan “ýaşyl koridor” çykalgasynda jikme-jik barlaga sezewar edilip, açyk görnüşde ýörite rentgenden geçirilip, yzýany gümrükçiler tarapyndan elin barlanýar.
Natalýa Şabunts bu ýagdaý bilen 8-nji fewralda Moskwadan Aşgabada dolanyp baranda, ýüzbe-ýüz bolandygyny gürrüň berdi.
“Düýpli barlag her bir adama degişli. Täze düzgüne görä, çemodanyňy açmaly we gözegçilige bermeli. Men düzgünnamanyň görkezilmegi soradym, internetde bar diýdiler. Olar ýolagçylaryň açyk zatlaryny rentgenden geçirýärler, soňra çemodanlary we sumkalary dörüp çykýarlar. Bellemeli ýeri, ellik hem geýmän zatlary elleýärler” diýip, Şabunts aýtdy.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň halkara aeroportynda amala aşyrylýan bu barlaglaryň sebäpleri we haýsy düzgünler esasynda geçirilýändigi barada, aeroportyň resmilerinden häzirlikçe goşmaça maglumatlary we kommentariýalary alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi websaýtynda çap edilen resmi düzgünnamada, Türkmenistana barýan ýolagçylaryň Aşgabadyň halkara aeroportynda zatlaryny hasaba aldyrmak we tiz hem ýeňilleşdirilen görnüşde geçmek üçin “gyzyl” we “ýaşyl koridor” geçiş sistemalarynyň göz öňünde tutulandygy aýdylyp, “eger gümrükde hasaba aldyrmaly we bardygy barada habar berilmegi hökman harytlaryňyz bolan ýagdaýynda, gyzyl koridory saýlaň”, “ýaşyl koridor” fiziki şahslaryň öz zatlarynyň dilden mälim edilmegi üçin ulanylýar” diýilýär.
Emma resmi düzgünnamada ýolagçynyň ýaşyl koridorda hem barlanmagynyň ähtimaldygy bellenýär.
Natalýa Şabunts Aşgabadyň halkara aeroportyndaky “ýaşyl koridorda” iki sagadyny nobatda geçirendigini, sebäbi gümrükçileriň her bir ýolagçyny jikme-jik barlandygyny belleýär. Onuň sözüne görä, ýolagçylar ilkinji nobatda dermanyň, çilimiň, içgileriň we täze zatlaryň bolup-bolmazlygy barada sorag edilipdir.
“Ilkinji sowal derman barmy diýýärler. Täze zatlar, çilim, içgi barmy diýip soraýarlar. Men barlaga üns berdim, eger kim birnäçe guty süýji alyp barýan bolsa, näme üçin alyp barýaň, söwda etjekmi diýip soraýarlar. Beýleki ýolagçylar munuň mydama şeýledigini, käte geçirmek üçin zat berip gutulmaly bolýandygyny gürrüň berýärler, barlaýanlar käbir süýjüleri ýa-da dermanyň bir gutusyny alyp galýarlar. Bir zenanyň ýaş çagasynyň pampersleriniň her birini açyp elläp çykdylar, soň ony taşlamaly boldy” diýip, Nataliýa Şabunts gürrüň berdi.
Türkmenistanyň gümrük düzgünnamasynda ýurda barýan uçar ýolagçylarynyň gümrük salgydyny tölemezden, adam başyna 60 kilogramdan köp bolmadyk el goşuny geçirmäge, şol sanda 1 kilogramma çenli şaý-sepleri, 1.5 litr alkogol içgileri we 2 paçka çilimi erkin alyp barmaga haky bar.
Dermanlara gezek gelende, Türkmenistanyň gümrük düzgünlerinde ýolagçylaryň öz ýany bilen resept boýunça dermanlary deklarasiýasyz geçirip bilýändigi kepil geçilýär. Muňa garamazdan, Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň dermanlarynyň elinden alynmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Şeýle-de, ýolagçylaryň mobil telefonlarynyň mejbury barlanmagy, elinden alynmagy, şahsy maglumatlaryň eden-etdilikli barlanyp, gümrükçileriň suratlar we şahsy maglumatlar barada kemsidiji soraglaryň edilmegi we ýolagçylaryň el goşlarynyň it bilen barlanmagy ýaly ýagdaýlara duçar bolnandygyny türkmenistanlylaryň ençemesi soňky aýlarda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.
Geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen metbugaty “Türkmenhowaýollarynyň” başlygyna "işde goýberen kemçilikleri üçin" soňky duýduryşyň we käýinjiň berlendigini habar berdi. Emma kemçilikleriň jikme-jiklerini mälim etmedi.