Türkmenistanda raýatlaryň üç arkasynyň barlanmagy ilatyň dürmuşyny kynlaşdyrýar

Üç arka maglumat üçin resminamanyň blanky

Türkmenistanda raýatlardan üç arkasy barada maglumatlaryň talap edilmegi adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrýar, dürli bökdençlikleri döredýär. Azatlyk Radiosyna okyjylardan gelen hatlaryň birinde maýyp raýatyň üç arka barlagyndan geçmegi başarmandygy sebäpli işe ýerleşip bilmändigi we kömek puluny alyp bilmmeýändigi aýdylýar.

“Men bäş ýyl Aşgabatda okadym. Indem üç arka meselesi boýunça işe girip bilmän otyryn. Özüm maşgalaly, üç çagam bar, maşgalamy ekläp bilmän, ejesiniň öýüne iberdim, işe girip aýaklansam, birleşeris diýen karara geldik” diýlip, Azatlyk Radiosyna diňleýjiden gelen hatda aýdylýar.

Efirde adynyň tutulmazlygyny soran okyjymyz özüniň maýypdygyny, emma özüne döwlet tarapyndan kömek pulunyň berilmeýändigini habar berdi.

Diňleýjimiz özüniň üç arkasy baradaky maglumatyna degişli kynçylygynyň jikme-jiklerini mälim etmedi, diňe “40 ýyl mundan ozal bolan sud işine meniň nähili dahylym bar” diýip belleýär.

Türkmenistanda raýatlardan talap edilýän üç arka resminamasynda, adamyň ejesi kakasy, atalary we eneleri, babalary we mamalary barada jikme-jik maglumat soralýar. Üç nesle degişli garyndaşlaryň doglan we ýogalan seneleri, olaryň ýaşan ýerleri, işlän ýerleri, şeýle-de olaryň sud edilip-edilmändigi soralýar. Anketany doldurýan raýat görkezen maglumatlarynyň hakykydygyny tassyklamaly we gol goýmaly.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri üç arka barlaglarynda garyndaşlarynyň suda çekilmegi baradaky maglumatyň raýatlaryň işe alynmagyna esasy böwet bolýandygyny aýdýarlar.

“Meniň tanşymy Oguzkent myhmanhanasyna işe almadylar, sebäbi onuň kakasy sud edilipdir. Aslynda onuň kakasy Sowet Soýuzy döwründe sud edilmegine garamazdan, tanşymy işe almadylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly çemesi aýdýar.

Türkmenistanda raýatyň üç arkasy işe ýerleşende, bir wezipeden başgasyna geçende, ýokary okuw jaýyna alnanda, orta mekdebe we hatda çagalar bagyna ýerleşdirilende barlanýar. Hatda Senagatçylar we telekeçiler bileleşi ýaly jemgyýetçilik guramalarynyň agzasy bolmak üçin hem şeýle sprawkanyň doldurylmalydygyny Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri habar berýärler.

Şeýle-de, ýurtda häkimiýetleriň guramaçylygynda ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülikleýin çärelere, prezidentiň öňüne çykmak we gül gowşurmak,

desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmak, sport we medeni çärelere gatnaşmak üçin saýlanan döwlet işgärleriniň, studentleriň we çagalaryň goşmaça üç arka barlagyndan geçýändigi habar berilýär.

Hususan-da, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna döwlet işgärlerinden tomaşaçy toplamak boýunça häkimiýetler tarapyndan geçirilen çäreleriň dowamynda, saýlanan “dalaşgärlerden” üç arkasy barada maglumat berilmeginiň we olaryň öz maşgala taryhynyň “arassa bolmagyny” subut etmeginiň talap edilendigini, maşgalasynda jenaýat işine çekilen garyndaşlary bolan işgärleriň çärä goýberilmändigini “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri hem habar berdi. Şeýle-de, neşriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi mynasybetli çärelere gatnaşdyrlan çagalardan, üç arka maglumatlary ýygnalypdyr.

Şol bir wagtda-da, adamyň üç arka maglumatlaryndaky “kemçilikleri” hasaba alyp-almazlygyň häkimiýetleriň öz islegine görä bolup, işe alynýanyň garyndaşlarynyň sud edilmegine hem göz ýumulýan halatlaryň bolýandygyny Azatlygyň çeşmeleri aýdýarlar.

Türkmenistanda raýatlaryň üç arkasyny barlamak düzgüni 2003-nji ýylda girizildi. Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti bu maglumatlaryň raýatlaryň ynamdarlygyny anyklamak üçin gerekdigini aýdypdy.

2011-nji ýylda orta mekdebe we 2012-nji ýylda çagalar bagyna alynýan çagalardan hem olaryň üç arkasy hakynda resminama talap edilip başlandy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň üç nesline degişli garyndaşlary, şol sanda olaryň arasynda suda çekilenleri anyklamak boýunça düzgüniň raýatlary kemsidýändigini we olaryň Konstitusiýada kepil geçilen deňlik hakyndaky hukugyny depeleýändigini synçylar belleýärler.

Raýatlaryň üç arkasyny barlamak düzgüni Merkezi Aziýanyň Türkmenistandan başga hiç bir ýurdunda ýok.