Lebapda 1000 çemesi polisiýa işgäriniň işden boşadyljagy aýdylýar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Lebapdaky polisiýa bölüminiň işgärleri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda, şol sanda kanun goraýjy organlarynda iş orunlarynyň kemeldiljekdigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri aýdýarlar.

“2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Lebap welaýatynda 1000 çemesi polisiýa işgärini wezipesinden boşadýarlar. Beýleki edara-kärhanalarda hem iş orunlarynyň kemeldilmegine garaşylýar. Pensionerleriň işden çykaryljakdygy ýa-da olar razy bolsa, onda olaryň ýarym aýlyk hakyna işlediljekdigi barada gürrüňler bar” diýip, Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran Lebapdaky ýagdaýdan habarly çeşmesi gürrüň berdi.

Türkmenistanda, şol sanda Lebap welaýatynda ýurduň Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň sanynyň azaldyljakdygyny, Azatlygyň başga-da bir çeşmesi tassyklady. Emma ol işden boşadyljak işgärleriň sany barada häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebapdaky we ýurduň beýleki welaýatlaryndaky ýerli departamentlerinde iş orunlarynyň kemeldiljekdigi aýdylýar. Bu çäräniň beýleki bölümler bilen bir hatarda, esasan, Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş bölüminde amala aşyryljakdygyny, hatda bu bölümiň doly ýapylmak ähtimallygy barada hem gürrüňleriň bardygyny agzalýan ministrligiň käbir işgärleri aýdýarlar” diýip, Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran paýtagtdaky ýagdaýdan habarly çeşmesi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna Lebapda 1000 çemesi polisiýa işgäriniň öz wezipesinden boşadyljakdygy baradaky maglumatlary häzirlikçe ýurduň Içeri işler ministrligine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Bu waka täze ýyldan iş orunlaryny düýpli kemeltmek barada Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň ählisine diýen ýaly “ýokardan” görkezme berlendigi hakda maglumatlaryň peýda bolmagyndan bir hepde soňa gabat geldi.

4-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet býujeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ähli edara-guramalara, şol sanda nebit-gaz pudagyna degişli kärhanalara şu ýylyň 1-nji dekabryndan ýa-da 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan iş orunlaryny 30% kemeltmek barada “ýokardan” görkezme gelip gowuşdy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berdi.

Şonda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýol hereketine gözegçilik gullugynda, Dokma senagaty pudagynda, şol sanda Aşgabadyň günortasyndaky Dokma fabriginde, Daşoguz hem-de Baýramaly şäherlerindäki çigit ýagyny öndürýän zawodlarda işgärleriň sanynyň kemeldiljekdigi barada duýduryş işleriniň geçirilendigini aýdypdy.

Mundan öň, has takygy 14-nji noýabrda Türkmenistanyň nebit-gaz we suw hojalygy pudaklaryna degişli edaralaryň azyndan alty sanysynyň işgärlerine 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda iş orunlarynyň düýpli kemeldiljekdigi barada duýduryş berlendigini, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berdiler.

Galyberse-de, noýabr aýynyň ilkinji hepdesinde Türkmenistanyň bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudaklaryndaky edara-kärhanalara pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri işden boşatmak hakynda görkezme berýän teklip hatlary ugradyldy.

Türkmenistanda döwlete degişli edara-kärhanalarda iş orunlarynyň kemeldilmek tejribesiniň soňky aýlarda güýçlenmegi ýa-da gürrüňi edilýän görkezmeler we bularyň sebäpleri barada, ýurduň media serişdelerinde häzire çenli mesele gozgaman gelýärler.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäräniň sebäplerini, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, türkmen häkimiýetleriniň býujet çykdajylaryny azaltmak tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler.