Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Nebit-gaz we suw hojalygy pudaklarynda iş orunlary kemeldilýär


Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleri
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleri

10-njy noýabrda Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan etrap suw dolandyryş edaralaryna işgärleriň sanyny düýpli kemeltmek barada görkezme ýaýradyldy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşiriň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 13-nji noýabrda çap eden maglumatyna görä, Mary welaýatynyň suw dolandyryş edarasy şu ýylyň ahyryna çenli öz işgärleriniň sanyny 50% kemeltmeli.

Şeýle-de, “Hronika Türkmenistan” neşiri ýurduň nebit-gaz pudagyndaky kärhanalaryň sanynyň hem-de iş orunlarynyň hem kemeldilýändigini belläp, bu çäräniň dekabr aýynda amala aşyryljakdygyny nygtaýar.

“Konserniň ýolbaşçylary işgärleriň, iň bolmanda, belli bir bölegini işinden boşatman, Balkan welaýatyna işe ugratmagy umyt edýärler. ‘Türkmengaz’ we ‘Türkmennebit’ döwlet konsernleri tarapyndan, Balkan welaýatyndaky nebit-gaz kärhanalaryna iş ýerlerini we ýaşaýyş jaýlaryny taýýarlamak barada eýýäm görkezme berildi. Bu ýerde ýurduň beýleki regionlaryndan gelen işgärler işlärler we ýaşarlar” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanýar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, iş orunlarynyň kemeldiljekdigi barada eýýäm azyndan alty kärhana duýduryş berlendigini aýdýarlar.

“Noýabr aýynyň başyna Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna degişli bolan ‘Gamyşlyjanebit’ hem-de ‘Gumdagnebit’ atly nebit çykarýan kärhanalarda işçileriň üçden bir bölegine diýen ýaly ‘1-nji ýanwardan başlap iş orunlarynyň kemeldilýändigi bilen habardar edildim diýlip, gol çekdiripdirler. Şeýle etmek bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, iki aý kompensasiýa, ýagny öwez doluş puluny tölemeli. Ynha, şony tölemezlik üçin edilen iş bu. Ýagny olaryň ‘ynha, iki aý öňünden gol çekdirdik. Aýlyklaryny aldylar, işlediler’ diýmek üçin edilen iş” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew agzalýan kärhananyň ençeme işgärine salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan Barsagelmezdäki hem-de Goturdepedäki nebit çykarýan kärhanalarda-da işçileriň sanynyň azaldyljakdygy barada, bu ýerde işleýän işgärlere öňünden duýduryş edilendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Nebit çykarýan skwažinalary, ýagny buraw guýularyny bejerýän ussalaryň arasynda-da iş orunlaryndan boşadylany ýa-da 1-nji ýanwardan başlap boşadyljagy bar diýip, adyny agzan kärhanamyzda işleýän inžener gürrüň berdi” diýip, Bugaýew aýdýar.

Mundanam başga, ol iş orunlarynyň kemeldiljekdigi barada Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrligine degişli käbir edara-kärhanalaryň işgärleriniň öňünden habarly edilendigini belleýär.

“‘Altyn Asyr’ türkmen kölüne akabalary, ýagny kanallary geçiren edaranyň işgärleri kemeldilýär. Muny adamlara: ‘Ähli welaýatlardan türkmen kölüne barjak esasy akabalar gazylyp gutaryldy. Şonuň üçinem mehanizatorlaryň, traktorçylaryň, buldozerçileriň indi iş oruny artykmaçlyk edýär’ diýip düşündiripdirler” diýip, Bugaýew bu kärhananyň ençeme işgärine salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol Balkan agyz-suw edarasynyň işgärlerine hem, iş orunlarynyň 15% kemeldiljekdigi, munuň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda amala aşyryljakdygy barada duýdurylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda iş orunlaryny kemeltmek ýa-da doly iş stawkasyndan ýarym iş stawkasyna geçirmek tejribesi indi iki ýyldan köpräk wagt bäri dowam edip, soňky aýlarda bu çäräniň gaýtadan güýçlenendigi aýdylýar.

Ýurtda käbir pudak kärhanalarynyň sanynyň we iş orunlarynyň kemeldilmegi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýurtda iş orunlarynyň kemeldilmegi barada degişli türkmen resmileri, şol sanda ‘Türkmengaz’ we ‘Türkmennebit’ döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrligi bilen habarlaşanda, bu maglumaty ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy. Bu barada ýurduň media serişdelerinde hem häzirlikçe ilat köpçüligine haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG