Yragyň Naýnawa regionynyň Tall-Afar şäherinde ýesir düşen “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň maşgalalary bolmakda güman edilýän aýallaryň arasynda, Türkmenistanyň raýatlary bolan zenanlar bar diýlip, RIA-Nowosti agentligine salgylanyp, “Sputnik” neşiri habar berýär.
Maglumata görä, YD toparynyň söweşijileriniň ýesir düşen aýallarynyň sany 400 çemesi, olaryň arasynda türkmenistanly zenanlardan başga-da, orsýetli, özbegistanly we türkiýeli aýallar bar.
Türkmenistanyň raýatlary bolan zenanlaryň takyk sany mälim edilmeýär.
Söweşijileriň maşgalasydygy aýdylýan zenanlaryň 20-nji awgustda Tall-Afar şäheriniň üstünde bolan söweşleriň netijesinde, Yragyň harbylarynyň eline düşendigi çak edilýär. Bu şäher Yragyň demirgazyk-günbatarynda Mosul şäherinden takmynan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Şeýle-de, zenanlaryň häzir Mosulyň golaýyndaky “Hamam Eli” lagerinde saklanýandygy aýdylýar. Yragyň häkimiýetleri agzalan zenanlaryň YD topary bilen gatnaşygyny barlaýarlar.
Söweşiji bolmakda güman edilýän aýal maşgalalara halkara guramalary, şol sanda bosgunlar meselesi boýunça Norwegiýanyň geňeşi tarapyndan kömek berilýär. Bu guramanyň wekili Melani Markhamyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, söweşijileriň maşgalalary bolmakda güman edilýän Yragyň harbylarynyň eline düşen zenanlaryň umumy sany 1400 çemesi.
“Lagerde 1400 daşary ýurt raýaty saklanýar. Olaryň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçe raýaty bar, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Dagystanyň raýatlary we beýlekiler. Türkmenistanyň raýatlary barada aýdylanda, men muny häzirlikçe tassyklap biljek däl. Ýöne olaryň hasaba alynmagy dowam etdirilýär we olaryň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň bolmagy gaty ähtimal. Şeýle-de bellemeli ýeri, olaryň söweşijileriň aýallarydygyny aýtmak entek ir. Olaryň ählisi YD toparynyň gözegçiliginde bolan Tall-Afar şäherinden geldi. Emma bu aýallaryň ärleriniň söweşiji bolandygy entek subut edilmedi” diýip, norwegiýaly guramanyň resmisi gürrüň berdi.
Yragyň premýer-ministri Haýder al-Abadi Yragyň harbylarynyň Tall-Afar şäherinde YD toparyna garşy söweşde ýeňiş gazanandygyny we şäheriň ýerleşýän regiony Naýnawanyň terrorçylardan doly azat edilendigini 31-nji
awgustda yglan etdi. Operasiýanyň dowamynda iki müňden gowrak terrorçynyň öldürilendigini habar berildi.
RIA Nowosti agentligi Yragyň goşunynyň resmisiniň sözünden sitata getirýär: “YD toparynyň söweşijileri gabawa düşende (Yragyň Tall-Afar şäherinde), olar öz maşgalalary bilen bilelikde ýesir boldular. Jemi 600 söweşiji ýesir boldy”.
Resminiň sözlerine görä, Yragyň häkimiýetleri öz eline düşen 400 çemesi zenanyň YD toparynyň söweşijileriniň aýallary bolmagyny güman edýär.
Aýallaryň aglaba bölegi Tall-Afara Türkiýeden, Ýewropadan, Çeçenistandan, Müsürden, Tunisden we beýleki ýurtlardan we regionlardan gelipdir. Şu ýere gelmeginden soň olar öz islegi boýunça YD söweşijilerine durmuşa çykypdyr” diýip, RIA-Nowosti agentligi yrak resmisini sitirleýär.
Şeýle-de, häzirki wagtda zenanlaryň Mosulyň golaýyndaky “Hamam Eli” lagerinde saklanýandygy aýdylýar. Häkimiýetler olaryň YD toparynyň söweşijileri bilen gatnaşyklaryny derňeýärler.
“Biz olaryň arasynda bigünäleriň bardygyny anyklasak, olary goýbereris” diýip, harby aýdy. Şeýle-de, ol aýallaryň köpüsiniň türk zenanlarydygyny, ýesir söweşijileriň köpüsiniň Bagdada iberilendigini aýtdy.
Ýesir düşen aýallaryň arasynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Orsýetiň raýatlarynyň hem bardygyny ýesir bolan türk zenany tassyklady diýip, “Sputnik” neşri habar berýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleriniň tassyklamadygyna garamazdan, dürli maglumatlara görä, YD toparynyň söweşijileriniň arasynda türkmenistanlylaryň sanynyň ýüzlerçe adama ýetýän bolmagy ähtimal.
Radikallaşmagy we syýasy zorlugy öwrenmek boýunça halkara merkeziň 2015-nji ýyl boýunça hasabatynda YD toparynyň düzüminde 360 türkmenistanlynyň söweşendigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy öz çeşmelerine salgylanyp, Türkiýäniň häkimiýetleriniň Türkmenistana YD toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamy tabşyrandygyny, şeýle-de Türkmenistana öz territoriýasynda “YD mahsus” terraktyň bolmagynyň ähtimaldygy barada aňtaw maglumatlarynyň gowşandygyny iýun aýynda habar beripdi.
Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijisi bolmakda güman edilýän dört adamyň ele salnandygyny iýul aýynda habar berdi. Şonda Goranmak ministrliginiň ofiseri söweşiji bolmakda güman edilýän Türkmenistanyň şol dört raýatynyň Siriýada we Yrakda YD toparynyň düzüminde söweşlere gatnaşandygyny, adynyň agzalmazlyk şerti bilen gürrüň beripdi.
Türkmenistanyň raýatlarynyň “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde söweşýändigi barda ilkinji maglumatlaryň 2013-nji ýylda peýda bolup başlandygyna garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri bu meseläni hiç wagtda agzamady.