Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi öz ýurdunyň goşunlarynyň Tal Afar şäherini “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerinden yzyna almak üçin hüjüme başlandygyny aýtdy.
Abadi 20-nji awgustda irden telewideniýede berlen sözünde “Tal Afary azat etmek operasiýasy başlandy” diýdi.
“Men Daeşe gitmekden ýa öldürilmekden başga çykalga ýokdugyny aýdýaryn” diýip, ol "Yslam döwleti" toparynyň arapça adyny tutup aýtdy. “Siz ýa tabyn bolmaly, ýa-da ölmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary 18-nji awgustda yrak güýçleriniň YD ekstremistlerini Mosuldan kowup çykarmakda alyp baran dokuz aýlyk ganly söweşlerinden soň, Tal Afara tarap ugur alýandyklaryny aýtdylar. Mosuly azat etmek üçin Yragyň 1400 töweregi esgeri öldürildi, 7 müň esgeri bolsa ýaralandy.
Mosul jeňçiler 2014-nji ýylda Yrakda we Siriýada giň territoriýany hökümet güýçleriniň elinden alaly bäri YD-nyň kontrolynda bolupdy.