Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana 'YD mahsus teraktlar' barada aňtaw maglumaty berildi


Türkmenabat
Türkmenabat

Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlenmegi ýurduň çäginde terrorçylykly hüjüminiň bolmagynyň ähtimaldygy baradaky aňtaw maglumatlary bilen bagly.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmeleri habar berýärler. Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde gepleşen ynamdar çeşmeleriň aýtmagyna görä, “YD-niň terraktlaryna mahsus” hüjümleriň ähtimaldygy baradaky maglumatlary maý aýynyň başynda, daşary ýurduň hökümeti beripdir. Olaryň sözlerine görä, şol wagtda agzalan ýurtdan “Yslam döwleti” topary bilen baglanyşykda güman edilen Türkmenistanyň dört raýaty ekstradisiýa edilipdir.

Türkmenistana taýýarlanýan terrakt barada duýduryş berlendigi hakynda ilkinji maglumat Azatlyk Radiosyna 19-njy maýda gowuşdy. Şondan çeşmämiz aňtaw maglumatlary Türkiýäniň hökümetiniň berendigini aýdypdy.

“Çak bilen bir hepde ýa-da 10 gün mundan öň Türkiýe yzyna (Türkmenistana -redaksiýanyň belligi) “Yslam döwleti” toparynyň dört söweşijisini gaýdyp berdi. Birnäçe gün geçensoň Türkiýe türkmen häkimiýetlerini Türkmenistanyň territoriýasynda bolup biljek terrorçylykly hüjüm barada habarly etdi” diýip, Azatlygyň çeşmesi 19-njy maýda aýtdy.

Azatlyk Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmeleri bilen habarlaşyp, bu maglumatyň tassyklanmagyny ýa-da ret edilmegini sorady. Çeşmelerimiziň biri “Yslam döwleti” guramasy bilen baglanyşykda güman edilýän dört adamyň ekstradisiýa edilmegi we aňtaw maglumatlary baradaky maglumaty şu hepdäniň başynda tassyklady.

“Maý aýynyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Howpsuzlyk ministrliginiň garamagyna dört adam tabşyryldy. Mundan bir hepde geçensoň, daşary ýurt hökümetinden “YD mahsus terraktlaryň” mümkinçiligi barada maglumat gowuşdy” diýip, Azatlygyň gizlinlik şertinde gepleşen çemesi aýtdy.

Bellemeli ýeri, çeşmämiz derňew gizlinligine we ylalaşyklara salgylanyp, ekstradisiýa edilen dört adamyň raýatlygy barada maglumatyň üstüni açmak we haýsy döwletiň olary berendigini aýtmak islemedi.

Emma ol Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň bu maglumaty örän çynlakaý kabul edendigini we degerli howpsuzlyk çäreleriň berjaý edilendigini belledi.

“Meselem, şondan soň ýaş adamlaryň gatnawyna gözegçiligi güýçlendirmek hakynda karar kabul edildi, aýratyn-da, Ýakyn Gündogar regionyna barmagy planlaşdyrýan adamlar babatynda. Şeýlelikde, maýyň aýagyndan başlap, Stambula we Dubaýa barýan reýslerden ýaş adamlar alnyp galyp başlandy. Üstesine, ýaş adamlaryň 4-5-den artyk üýşmezligine gözegçiligi güýçlendirdiler” diýip çeşme habar berdi.

Ýatladyp geçsek, Azatlyk şu aýyň başynda Aşgabat-Dubaý reýsinden ýolagçylar toparynyň alnyp galynandygyny habar beripdi. Bu barada Azatlyk Radiosyna reýsden düşürilen ýolagçylar habar berdiler.

“Olar bize ‘siz näme üçin barýaňyz?’ diýdiler. Bizem ‘dostum bilen maşynyma ätiýaçlyk şaýlary almaga’ diýdim. Soňra olar ‘Siziň maglumatyňyz geldi. Siz 15 adam bolmaly. Aldasañyz soň bilerin, siziň işlemäge barýandygyňyzy aýtdylar. Siz eger gezmäge däl-de, işe barýan bolsaňyz, bize ýalan görkezme berendigiňiz üçin J.K-nyň 201-nji maddasy esasynda, 2 ýyl tussag edilersiňiz’ diýip haýbat atdylar” diýip, türkmen raýaty belledi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Aşgabat-Dubaý we Aşgabat-Stambul reýslerine goýberilmedik ýolagçylar soň ençeme gezek howpsuzlyk gullugyna soraga çagyrylypdyr. Şonda bu çäklendirmeler häkimiýetleriň Aziada-2017 sport çäresiniň öňünde welaýat ýaşaýjylaryny paýtagta barmakdan saklamak islegi bilen baglanyşdyrylypdy.

Azatlygyň güýç edaralaryndaky çeşmesi dörän ýagdaý bilen baglylykda, aýratyn-da Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şübheli görnüp biljek islän adamy saklamak barada görkezmeleriň berlendigini aýdýar.

“Tutuş ýurt boýunça tutha-tutluklar geçirilýär. Lebap welaýatynda bir hepde mundan öň Atamyrat şäherinde ýerli stadionda futbol oýnan mahaly 30-40 çemesi adamy tussag etdiler. Bu ýerli mekdebiň mugallymlary we okuwçylarydy. Käbirlerini ertire çenli goýberdiler. Köpüsi şu çaka çenli tussag astynda galýarlar. Beýleki welaýatlarda hem tussag edilenleriň onlarçasy bar. Üstesine, sosial ulgamlary, messenjerleri ulanyjylar babatynda doly gözegçilik alnyp barylýar” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Türkmen tarapyna gowşandygy aýdylýan terrakt maksatly dildüwşük bilen bagly bolmagy ähtimal bu ýagdaýyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi planlaşdyrylýan Aziýa oýunlary bilen bagly bolup-bolmazlygy entek anyk däl. Emma bu maglumat tutuş Türkmenistan boýunça Aziada -2017 oýunlaryna 100 gün galmagyna bagyşlanyp, ýüzlerçe we müňlerçe adamyň gatnaşdyrylmagynda geçirilýän çäreleriň başlanan wagtyna gabat geldi.

Üstesine, sport çäresiniň golaýlamagy bilen baglylykda we onuň dowamynda häkimiýetleriň hatda Türkmenistan üçin hem öň görlüp-eşidilmedik howpsuzlyk çärelerini amala aşyrmagyna garaşylýar.

Hususan-da, tussaglygy başdan geçiren raýatlara Aziadanyň geçjek ýerlerinde görünmegiň gadagan ediljegi, daşary ýurtly myhmanlaryň bolsa diňe ýörite ýolbeletli hereket etmegine rugsat beriljekdigi yglan edildi. Şeýle-de, welaýat ýaşaýjylarynyň Aşgabada barmagynyň mümkinçiliklerini çäklendirmek boýunça çäreler görüldi, şol sanda paýtagtyň eteginde welaýatlardan barýanlar üçin ulag goýmaga ýörite duralgalar guruldy.

XS
SM
MD
LG