Kerimowlaryň ýaşan güni

(çepden saga) Lola Kerimowa-Tillaýewa, Tatýana Akbarowna, Yslam Kerimow, Gülnara Kerimowa we Gülnaranyň ogly.

Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk döwri içinde ýurduň baş maşgalasy Kerimowlar gudratlydy,ýerli ilat bolsa gorkyň içinde ýaşaýardy. Prezident Yslam Kerimowyň ölümi bilen bu döwür soňlanýar. Munuň onuň ýakyn maşgala agzalarynyň käbiriniň, Kerimowyň prezident däl döwründe, Özbegistanda galmak pikirine ýykgyn eden halatynda, howply ýagdaýda goýmagy mümkin.

Esasy mesele gyzlar – ulusy Gülnara, kiçisi Lola.

Kerimowyň aýaly Tatýana Akbarowna Kerimowanyň (aslynda onuň ikinji aýaly) kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy o diýen ähtimal däl. Sebäbi ol jemgyýetçilik durmuşyndan köplenç üzňe boldy. Galyberse-de, Tatýaýa Kerimowa bir täsirli maşgaladan. Aýalynyň garyndaşlaryndan kömek bolmadyk bolsa, Yslam Kerimowyň özüniň uly orunlara ýetmegini göz öňüne getirmek kyn.

Ýetim oglan, has dogrusy taşlanan çaga bolan Kermow Özbegistan Sowet respublikasyka aýalynyň maşgalasy arkaly özüni Kommunistik partiýada ýokary derejelere ýetiren adamlar bilen tanyş bolupdyr. Tatýana ýaşy gaýdyşan sylagly aýal. Şol sebäpden äriniň alyp baran syýasaty üçin, hiç kim ony gänäkar etmez.

Özbegistanyň halky iki gyzyň aýşy-eşretde ýaşandygyndan habarly. Özbegistanda adamlaryň aglabasynyň ortaça aýlyk haky 200 dollar bilen 300 dollaryň aralygynda.

Şweýsariýanyň "Bilan" žurnalynyň ýazmagyna görä, Kerimowalaryň Şweýsariýada mal-mülki bar. Žurnal 2009-njy ýylda Şweýsariýadaky iň gurply 300 adamyň sanawynda aýallaryň arasynda Gülnarany, baýlygy çak edilişine görä 570 million dollar bilen 667 million dollar aralygynda diýip, 9-njy orunda ýerleşdirdi. "Bilen" 2011-nji ýylda iki doganyň baýlygyny birikdireniňde, bir milliard dollar çemesi diýip çaklady. Şol sebäpden Lolanyň adamsy Timur Tillýaýew žurnaly suda berdi.

"Bilan" žurnalynyň sanawy barada özbegistanlylaryň köp zat bilmeýän bolmagy mümkin. Bu Özbegistanyň döwlet mediasynda agzaljak tema-da däl. Kerimowa uýalaryň ikisi-de, Özbegistanda ileri omzap durmadyk bolsady, onda mesele halkyň arasynda agzalyp hem ýörülmezdi.

Ýöne Gülnara agza-dile düşdi. Onuň diňe Özbegistandan daşarda däl, ýurduň öz içinde-de söwda kompaniýalary, şol sanda telekanallary bardy.

Mysal üçin, onuň "Forum" atly telekanaly, adat boýunça, ýaşlary gyzyklandyrýan özbek kinolaryny, şeýle hem Gülnaranyň gatnaşan şagalaňly wakalaryny, onuň gurnan haýyr-sahawat konsertlerini görkezýärdi. Gülnara Amerikada bir moda mekdebini tamamlanyndan soňra "Forum" onuň moda sergilerini tomaşaçylara hödürläp başlady. Telekanalda Gülnaranyň öz wideo klipleri hem häli-şindi diýen ýaly berildi durdy.

WikiLeaksiň Özbegistan baradaky meşhur bellikleriniň birinde, Gülnaranyň "Özbegistanda iň bir ýigrenilýän adamdygy" aýdylýar. "Forum" telekanaly hem muny subutnama bilen üpjün etdi. Bezemen Gülnara bir toýa barýar. Ol durmuşa çykýan gyz we öýlenýän oglan bilen surata düşmek üçin, märekäniň arasyndan geçende, ozal asuda tans edip duran adamlaryň ýüz keşbi üýtgäp, oňa geňirgenme bilen seredýärler. Gülnaranyň toý edýänleri tanamaýandygy belli.

Gülnaranyň bagtyny ýatyran onuň daşary ýurtlarda eden gümürtik maliýe işleri boldy. Onuň ady indi Özbegistanda kontrakt almak üçin para berenlikde aýyplanylýan çet ýurtly ençeme kompaniýalar bilen baglylykda eşidilýär.

Ilki Özbegistanyň hökümet işgärleri, soňra onuň aýal dogany bilen ejesi tankyt astyna düşensoň, 2014-nji ýylda Gülnara näresmi ýagdaýda öý tussaglygyna alyndy.

Ýöne ençeme aý bäri ony gören-bilen ýok. Ol 3-nji sentýabrda Samarkantda kakasynyň jaýlanyş çäresine hem gatnaşmady. Tassyklanmadyk habrlarda Gülnaranyň Özbegistandan daşardadygy aýdylýar. Ol bu golaýda yzyna dolanjagy belli däl.

Onuň uýasy Lola 2008-nji ýyldan bäri Özbegistanyň UNESCO-daky ilçisi. Ýöne täze prezident häkimiýet başyna gelensoň, onuň bu orny ýitirmegi mümkin. Ol on ýyldan gowrak wagt bäri iki sany haýyr-sahsan guramasyny maliýeleşdirip gelýär. Bularyň biri "Sen ýeke dälsiň" atly ýetim we maýyp çagalara ýardam berýär. "Çagary sosial taýdan uýgunlaşdyryş boýunça milli merkez" bolsa maýyp çagalary okuw we medisina kömekleri bilen üpjün edýär. Lolanyň bu iki ynsanperwer guramany maliýeleşdirmegi Özbegistanda onuň abraýyna peýda edene meňzeýär.

Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, "Bilan" žurnaly Lolanyň millionlarça dollar baýlygynyň bardygyny aýdýar. Žurnal ýaňy 2014-nji ýylda Lola bilen onuň adamsynyň baýlygyny 100 million bilen 200 million dollaryň aralygy diýip çaklady. Lola bular aşa çişirilip aýdylan zatlar diýýär.

Britaniýanyň "The Daily Mail" gazetinde, soňra Birleşen Ştatlaryň "The New York Times" gazetinde çap edilen makalada Lola bilen onuň adamsynyň Hallywoodda 58 million dollara bir uly jaýy satyn alandygy aýdyldy. "The Daily Mail" şeýle hem "The Real Estalker" blogyna salgylanyp, Tillýaýewleriň 2010-njy ýylda Ženewada 41 million dollara bir mülk satyn alandygyny habar berdi. "The New York Times" gazetinde çap edilen makalada aýdylyşyna görä, Hollywooddaky jaý şol töwereklerde Lola bilen onuň adamsyna degişli birnäçe mal-mülküň diňe biri. Lolanyň UNESCO-nyň ilçisi bolup işläninde, Parižde ýaşaýan bir kwartirasy-da bar.

Lola bu pullary adamsynyň gazanandygyny aýdýar.

Lola bilen onuň adamsy ençeme ýyllap Özbegistandan daşarda ýaşadylar. Ol kakasy jaýlananda, Samarkanda bardy. Ýöne onuň ýaşaýyş stilini göz öňüne getireniňde, Özbegistanda galmagy aňsat däl.

Şeýlelikde, Kerimowsyz geljekki Özbegistanda onuň gyzlarynyň-da bolmazlygy mümkin. Ýöne Özbegistanda muňa gynanjak adamlar köp hem däldir.

Kerimowyň ilkinji aýalyndan bolan ogly Pýotr, aýdylyşyna görä, Orsýetde ýaşaýar. Ýurt 1991-nji ýylda Garaşsyz bolaly bäri onuň Özbegistana barmadyk bolmgy ähtimal.

Kerimowyň doganlary, azyndan bir aýal dogany bilen bir erkek dogany bar. Ene-atasy olary saklap, Yslamy ýetimhana beripdirler. Yslam Kerimow olar bilen köp gatnaşyk saklamadyk bolsa gerek. Her niçik-de bolsa, aýal doganynyň ogly Jemşid Özbegistanyň hökümeti hakda garaşsyz mediada bir tankydy makala ýazanlygy sebäpli zor bilen ruhy keselhana salnanda Kerimow onuň boşadylmgy üçin hiç bir alada etmedi.