Berdimuhamedow täze aýdym döretdi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Berdimuhamedow täze aýdym "tamamlady"

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze aýdym döretdi.
Türkmen telewideniýesiniň anna güni beren maglumatyna görä, prezident «Kalbymda sen» atly aýdymyny «işläp tamamlapdyr».

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň tassyklamagy boýunça, bu aýdymda Berdimuhamedowyň ýetginjeklik, ýaşlyk ýyllary hakyndaky oýlanmalary, ýatlamalary beýan edilýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Kalbymda sen

Mundan başga, prezident Berdimuhamedowyň ýene bir täze saz eseriniň üstünde işleýändigi, emma ol «ajaýyp saz eseriniň sözlerini döretmegiň öňde durýandygy» habar berilýär.

Geçen ýylyň noýabrynda türkmen mediasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilendigi aýdylan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym – Türkmenistan” atly aýdymyň “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilendigi habar berlipdi.

Türkmen lideri dürli saz gurallaryny çalyp, djeýlik edip, aýdym-saz meýdanynda öňräkden bäri özüni görkezýär. Ol ilkinji gezek 2010-njy ýylyň iýunynda Türkmenbaşyda çagalaryň arasynda akkordion çalyp, bu ugurdaky talantyny aýan edipdi.

Emma bagşy Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň iýunynda, öz doglan gününde «Saňa meniň ak güllerim» atly aýdymy bilen has giňden tanaldy. Türkmen telewideniýesinde aýdylmagyna görä, bu aýdym prezidentiň sözi, sazy esasynda döredilipdi.

Emma soň ol aýdymyň birnäçe ýyl öň, Döwlet Amanlykowyň aýtmagynda, «Toý gününde» diýen at bilen Youtube-de goýlandygy belli boldy.

Prezident Berdimuhamedow aýdym-sazyň daşyndan ýazyjylyk bilen hem meşgul bolýar we soňky ýyllarda Türkmenistanda 40-a golaý kitap çap etdirip, iň bir öndümli işleýän ýazyjy hökmünde özüni tanatdy.