Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Agzyňyza saglyk, prezidentimiz!"


Prezident Berdimuhamedow saz çalýar. 3-nji iýun, 2010-njy ýyl, Türkmenbaşy.
Prezident Berdimuhamedow saz çalýar. 3-nji iýun, 2010-njy ýyl, Türkmenbaşy.

Azatlyk Radiosynyň «Berdimuhamedow we aýdym-saz» diýen at bilen çap eden wideoreportažyna gysga wagtda diňe feýsbukda 330 müňden gowrak adam tomaşa etdi, emma olar esasan iki pikirde.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözüne we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym Türkmenistan» atly aýdym, Maryda dört müň çemesi adamyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilenden soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Prezident Berdimuhamedow ilkinji gezek 2010-njy ýylyň iýunynda Türkmenbaşyda çagalaryň arasynda akkordion çalyp, talantyny görkezipdi. Emma 2011-nji ýylyň iýunynda, öz doglan gününde ol «Saňa meniň ak güllerim» atly aýdymy bilen has giňden tanaldy. Türkmen telewideniýesinde aýdylmagyna görä, bu aýdym prezidentiň sözi, sazy esasynda döredilipdi.

Emma soň ol aýdymyň bir ýyl öň, Döwlet Amanlykowyň aýtmagynda, «Toý gününde» diýen at bilen Youtube-de goýlandygy belli boldy.

Prezident Berdimuhamedow 2013-nji ýylda öz janköýerlerine dijeýlik başarnygyny hem görkezdi.

Iki bölünen okyjylar

Ýöne Türkmenistanda prezidentiň aýdym-saz sungatyndaky synanyşyklaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alýan tomaşaçylardan tapawutlylykda, Azatlygyň okyjylary täze aýdymçynyň talanty barada umuman iki sany gapma-garşylykly tarapa bölünýärler.

Mysal üçin, Rahim Mowlianow atly okyjymyz «adamlar dünýä syýasaty bilen ugraşýar, biziň prezidentimiz aýdym-saz bilen» diýip ýazýar. Agamyrat Permanguly bolsa käýinip, «üç ýaşyndaky çaga-da senden akyllydyr» diýýär.

Muhammed Ahmed atly okyjymyz gysgaça «aşyk bolupdyr» diýip teswir galdyrsa, Mähri Ýoldaş «Hakyky hyýar» diýipdir. Umyt Ramazanyň pikiriçe, prezident aýdymy özüniň döredendigini aýtman, saz bilen meşgullansa, aýby hem ýok. Emma «bu höwesi bilen syýasatçy däl, aýdymçy bolan bolsa, gowy bolardy» diýip, okyjymyz öz pikirini aýdýar.

Ýöne Arzuw Joraýewa bu pikir bilen ylalaşmaýar, ýagny bu zatlaryň prezidente hiç gelişmeýändigini öňe sürýär: «Ata mündüň, atdan düşdüň, indem aýdym aýdýaň, ertir ýene näme etjek, bir alla biler» diýip, Arzuw aýdýar.

Şol bir wagtda bu pikirlere garşy öz pikirini aýtman, ýa-da türkmen lideriniň aýdym-saz äleminde urýan gadamlary barada hiç zat diýmän, Namaz Polat ogly ýaly, Azatlyk radiosyny günäkärlemäge çalyşýan, ony diňlänlere gowulyk garaşmaýandygyny duýdurýan okyjylar-da bar.

Prezidentiň aýdym-saz sungatyndaky gadamlaryna gowy baha berýän okyjylarymyz gysgaça alkyş sözleri bilen çäklenýärler. Mysal üçin, Güli Güliçka «meniňçe, bu örän gowy zat, döredijilik taýdan ösen, başymyzdan egsik etmesin, garaşsyz bitarap Türkmenistan diýerler» diýse, Kakajan Bahar «Agzyňyza saglyk, prezidentimiz» diýip teswir galdyrypdyr.

Zakir Kazakow «Maşalla, owazyňa saglyk, prezidentim, saňa söz edenleriň gözi çyksyn» diýse, Umyda Rustamowa, Gözel Gurbanowa ýaly okyjylarymyz hem «çoh gözel, maşalla prezidentimiz, alla başymyzdan aýyrmasyn" diýen ýaly guwançly sözleri galdyrypdyrlar.

Emma Zeba Zehra Ýylmaz «Toba,toba, alla akyl-pikir bersin, ne güldim beýe» diýip ýazgy galdyrypdyr. Gül Gurbannazarowa bolsa: «Alla bu adama-da bir akyl berse, milletine seretse» diýip ýazýar. Ýöne Safiýe Toprak «Bu sahnadan düşmesin» diýipdir.

Bular, elbetde, Azatlygyň okyjylarynyň şahsy pikirleri.

XS
SM
MD
LG