Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş boýunça ýyl kesilip, uzak möhletli türmä basylan we şol ýerde aradan çykan öňki resmileriň biriniň jesedi garyndaşlaryna berildi.
2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda boldy diýilýän kast ediş synanyşygy boýunça iş kesilenleriň ykbalyny öwrenýän ekspertleriň pikirine görä, 57 ýaşyndaky Annadurdy Annasähedow garyndaşlaryna ölüm habary aýdylan we jesedi berlen ilkinji «noýabrçy» bolup durýar.
Azatlyk radiosyna aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kontrrazwedka bölüminiň başlygy bolan, öňki polkownik Annadurdy Annasähedowyň jesedi şu ýylyň 9-njy fewralynda garyndaşlaryna berlipdir we merhum Sakarçäge etrabynyň Seýitbaba öwlüýäsinde jaýlanylypdyr.
«Olary diri görkez» kampaniýasynyň berýän maglumatyna görä, Annasähedow, hamala, prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygyna gatnaşmakda günäli tapylyp, emlägini konfiskasiýa etmek bilen, ömürlik tussaglyga höküm edilipdir.
Bir maglumata görä, ol 2002-nji ýylyň dekabrynda, başga bir maglumata görä bolsa, noýabr wakalaryndan üç gün soň tussag edilipdir.
Merhumyň jesedini Aşgabatdaky morgdan alyp gaýdanlaryň sözlerine görä, ol «Owdandepe» türmesinde saklanan wagty gaty horlanypdyr. Ýöne garyndaşlary şondan öň onuň nirede saklanylýandygy barada hiç bir maglumat alyp bilmändirler.
Moskwada adam hukuklaryny goraýan «Memorial» merkezinde Merkezi Aziýa programmasyny alyp barýan hukuk goraýjy Witaliý Ponamarýowyň sözlerine görä, mundan ozal «noýabrçylaryň» diňe biriniň jesediniň garyndaşlaryna berlendigi, ýagny olaryň munuň üçin häkimiýetlere pul berendigi barada gürrüňler eşidilipdir, emma soň bu habary tassyklatmak başartmandyr.
Eýsem, Anandurdy Annasähedowyň jesediniň garyndaşlaryna berilmegi türkmen häkimiýetleriniň «noýabrçylar» babatdaky çemeleşmesini üýtgedýändigini aňladýarmy?
«Häzir bu barada belli bir zat aýtmak kyn. Umuman alnanda bolsa, meniňçe, häzir häkimiýet derejesinde, ýurt ýolbaşçylary «Owadandepe» türmesini näme etmelidigi barada pikir edýärler» diýip, Ponamarýow Azatlyk radiosyna aýtdy. Sebäbi, onuň sözlerine görä, bu türme hemişe halkara tankydynyň bir predmeti bolup durýar we bu ýerdäki köne düzgünleriň biraz üýtgedilýän bolmagy hem mümkin.
Ikinji tarapdan, ol bu ýerde käbir şahsy meseleleriň bar bolmagynyň hem mümkindigini, ýagny Annasähedowyň näme-de bolsa ozal güýç gurluşlarynyň işgäri bolandygyny, şu sebäpden onuň jesedine beýleki ýogalanlaryňka garanda başgaça çemeleşilen bolmagynyň ahmalydygyny öňe sürýär.
Şol bir wagtda, Witaliý Ponamarýowyň sözlerine görä, ozal hem «Owdandepe» türmesinde ýogalan tussaglaryň jesetlerini garyndaşlaryna bermek düzgüni bar, ýöne bu düzgün 25-nji noýabr wakalaryna dahylly tussaglar babatda şu wagta çenli ulanylmandyr.
Garyndaşlary "nähak basyldy" diýýär
Annadurdy Annasähedowyň garyndaşlary onuň türmä basylmagynyň bikanun bolandygyny we oňa berlen jeza bilen ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar.
Garyndaşlarynyň berýän maglumatyna görä, A.Annasähedow Sakarçäge etrabynyň Soltanyz geňeşliginde, Ýalkym daýhan birleşiginde, 1959-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda dünýä inipdir.
Halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasynyň «Olary diri görkez» diýen şygar astynda geçirýän kompaniýasynyň websaýtynda, türkmen türmelerinde diri ýitenleriň sanawynda berilýän maglumata görä, Annasähedow 1976-81-nji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetiniň çet ýurt dilleri fakultetinde okap, az wagt DHK-da işläpdir. Soň ol Minskde MHK-nyň ýokary kurslaryny gutarypdyr, Moskwada ylmy işini gorap, ylmy dereje alypdyr.
Annasähedow Aşgabatda, Moskwada, Pekinde, Hyratda dürli gulluk wezipelerini ýerine ýetiripdir. Şeýle-de onuň 5-6 ýyllap Ýaponiýada işländigi, soňra Moskwa dolanyp, Federal howpsuzlyk gullugynyň edarasynda işländigi, 1997-nji ýylda Aşgabada dolanyp, MHB-da işländigi, 4 çaganyň atasy bolandygy aýdylýar.