Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Dereksiz ýitenleriň meselesine üns artýar'


Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, 1994.
Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, 1994.

Bu günler dünýäde adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine garşy halkara hepdelik geçirilýär. Halkara guramalar Türkmenistanda dereksiz ýiten adamlaryň sanynyň onlarça diýlip hasaplanýandygyny aýdýarlar. Hususan-da, türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler barada türkmen häkimiýetlerinden maglumat berilmegini talap edýän “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýa 90-a golaý adamynyň sanawyny çap etdi. Dereksiz ýitirim edilmelere garşy halkara hepdelik türkmen türmelerinde ýitirim edilenleriň biri, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň doglan gününe gabat geldi.

Azatlyk Radiosy Boris Şyhmyradowyň aýaly Tatýana Şyhmyradowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Tatýana, siziň adamyňyz Boris Şyhmyradow Türkmenistanda dereksiz ýiten iň tanymal şahslaryň biri. 25-nji maýda onuň doglan güni. Ol näçe ýaşady?

Tatýana Şyhmyradowa: Ol 67 ýaşady. Emma bu döwürde, ine, eýýäm tas 14 ýyllap, 2002-nji ýyldan bäri biz onuň ykbaly barada hiç zat bilmeýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz şu döwrüň dowamynda adamyňyz barada maglumat almak üçin näme etdiňiz? Nirä, kime ýüz tutduňyz?

Tatýana Şyhmyradowa: Men başda, ilkinji on ýylyň dowamynda yzygiderli hat ýazýardym, başda prezident Nyýazowa, soň Berdimuhamedowyň adyna hat iberýärdim. Ilkinji ýyllarda her aýda diýen ýaly hat ugradýardym.

Soňky iki-üç ýylyň dowamynda men olara hat ýazmagymy bes etdim, sebäbi bu iş hiç hili netije bermedi, men ýekeje-de jogap almadym. Häzirki wagtda men, esasan, halkara guramalarynyň türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbaly bilen bagly alyp barýan işleri we halkara kampaniýalaryň, şol sanda orsýetli adam hukuklaryny goraýjylaryň edýän işlerine bil baglaýaryn. Bilşiňiz ýaly, Boris Şyhmyradow Orsýetiň hem raýaty. Emma muňa garamazdan, Orsýetiň häkimiýetlerinden bu ugurda hiç hili goldaw ýok.

Azatlyk Radiosy: Siziň halkara guramalaryna ýüzlenmeleriňiz nähili netije berdi?

Tatýana Şyhmyradowa: Men başda Adamlaryň dereksiz ýitirim edilmeleri boýunça işçi topara 2012-nji ýylda ýüzlenipdim. Yz ýany, 2014-nji ýylda, BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetine ýüzlendim. Bu edaralar meniň arz-şikaýatymda öňe süren talaplarymy, ýagny Boris Şyhmyradowy türmeden boşatmak, bu mümkin bolmasa, sebäplerini görkezmek, onuň hukuklaryny depelemekde günäkärleri jogapkärçilige çekmek barada eden talaplarymy türkmen häkimiýetleriniň berjaý etmelidigi barada karar çykarypdy. Olar bu meseläni öz maslahatlarynda gozgap gelýärler.

Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri şonda-da hiç hili jogap bermeýärler. Meniň pikirimçe, bu mesele ýa-da ýurduň ýolbaşçylaryna doly ýetmän galýar, ýa-da olar nädip jogap berjegini hem bilmeýärler. Henizem dymmak bilen oňýarlar. Emma 13 ýyldan gowrak wagtlap dymmak bolmaýar. Hiç bolmanda hossarlarymyzyň diridigini ýa däldigini bir aýtsynlar. Biz hatda şony-da bilip bilemizok.

Azatlyk Radiosy: Siz günbatar häkimiýetlerine ýüzlenýärmisiňiz? Nähili netije bar?

Tatýana Şyhmyradowa: Bizi ÝHHG-niň maslahatlaryna çagyranlarynda, men ýa-da meniň ogullarym hökman gatnaşýarys. Meseläni gozgaýarys. Üssesine, şeýle duşuşyklardan biz ÝHHG-ä agza ýurtlaryň resmi wekilleri bilen duşuşmak üçin peýdalanýarys. Biz 2014-nji ýylda ÝHHG-niň maslahatyna türkmen delegasiýasynyň ilkinji gezek gatnaşan duşuşygyna hem bardyk. Emma biz olar bilen gepleşip, ýa-da sowal berip bilmedik.

Şeýle-de men we meniň ogullarym birnäçe gezek Dereksiz ýitirim edilmeler boýunça işçi toparyň maslahatlaryna gatnaşdyk.

Uly gyzyklanmanyň bardygyny belläsim gelýär. Bizi dürli guramalara çagyrmaklarynyň we biz bilen gepleşmäge bildirilýän gyzyklanmalaryň uly ähmiýeti bar. Ýöne günbatar resmileri alyp barýan işleri barada jikme-jik habar bermekden saklanýarlar. Men gepleşikleriň gidýändigini, temanyň maslahat edilýändigini bilýärin. Meniň bilşime görä, şu aýda bolan iki sany çärede Ýewropa Parlamentindäki maslahatda we ÝB-Türkmenistan arasyndaky dialogyň sekizinji tapgyrynda hem bu tema gozgaldy. Ýewropaly diplomatlar meseläni gün tertibinde saklaýarlar. Bizem, mümkin boldugyndan, öz goşandymyzy goşýarys. Häzirki wagtda meselä ünsüň ýene güýçlenendigini görýäris.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:06 0:00

XS
SM
MD
LG