Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýurduň «ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň örän ýokary derejelere ýetendigini» belläp, bar bolan ýeňillikleriň bazar ykdysadyýetine geçmekde päsgelçilik döredýändigi barada ozal aýdan pikirlerini gaýtalady.
Türkmen telewideniýesiniň nobatdaky hökümet maslahaty barada beren giňişleýin maglumatynda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow studentleri hem tölegli esasda okatmaga geçmeli diýen pikiri öňe sürýär.
«Eger-de bilimli, sowatly ýaşlar, ýagny ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, onda döwletiň hiç hili geljeginiň bolup bilmejekdigine biziň anyk düşünmegimiz hökmany zerur» diýmek bilen, türkmen lideri ýurtda berilýän bilimiň derejesiniň örän peselendigi baradaky aladalary gytaklaýyn tassyk edipdir.
Dünýä ykdysadyýeti we Türkmenistan
Prezident Berdimuhamedow ýurtda ýylyň bäş aýynda edilen işleriň netijeleri barada berlen hasabatlary diňläp, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklaryň Türkmenistanda kabul edilen «maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda belli bir kynçylyklary döredýändigini» aýtdy.
Eger-de bilimli, sowatly ýaşlar, ýagny ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, onda döwletiň hiç hili geljeginiň bolup bilmejekdigine biziň anyk düşünmegimiz hökmany zerur.G.Berdimuhamedow
Ol dünýä ykdysadyýetiniň örän haýal ösýändigini nygtap, «hünärmenler ösüşiň bu depgininiň pesdigini we köp ýagdaýlarda töwekgelçilikleriň täsirinden çykyp bilmeýändigini belleýärler» diýdi.
Döwlet baştutanynyň pikirine görä, dünýä ykdysadyýetine çökgünlik bilen bagly ýaramaz ýagdaýlar täsir edýär. Emma muňa garamazdan, Ministrler kabinetiniň mejlisinde getirilen ösüş sanlary, ýagny aýdylýan görkezijiler, ozalkylary ýaly, ýokary bolmagynda galýar. Has anygy, prezident «jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6 göterimden gowrak derejede saklanyp gelinýändigini» tassyklaýar.
Emma bu ýagdaý, prezidentiň bellemegine görä, arkaýynlaşmaga esas bermeýär. Ol häzir öňde duran esasy wezipeleriň biriniň daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmak bolup durýandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary ýurtlara esasy eksport edýän önümi tebigy gaz bilen bagly we synçylar dünýäde nebit bahalarynyň kesgin aşak gaçmagynyň nebit-gaz eksportyna daýanýan ýurtlaryň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirendigini aýdýarlar.
Ýagdaýdan çykalga nämede?
Prezident Berdimuhamedow emele gelen ýagdaýdan çykalgany Ministrler kabinetiniň agzalarynyň «telekeçiler bilen has köp işlemeginde, bilelikdäki kärhanalary, şeýle hem dünýä ösüşiniň we tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen täze önümçilikleri döretmekde» görýär.
Munuň üçin, mejlisde bellenilmegine görä, «ykdysadyýetde döwlete degişli edara-kärhanalary azaltmak, hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly».
Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow ýurtdaky ýeňillikleriň bazar ykdysadyýetine geçmekde päsgelçilik döredýändigi barada ozal aýdan pikirlerini gaýtalady. Onuň pikirine görä, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, ilatyň durmuş kynçylyklaryny ýeňletmek üçin girizilen ýeňillikler baradaky kanunlary indi «ýuwaş-ýuwaşdan üýtgetmek» gerek.
Bu kanun üýtgetmeleri Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine girizilip, Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde ara alyp maslahatlaşmaga berler.
Türkmenistana syn edýän synçylaryň käbiriniň pikirine görä, ýurtda bazara geçmäge kynçylyk döredýän esasy zat mugt ýa ýeňillikli hyzmatlar däl-de, eýsem awtoritar dolandyryş bolup durýar.
Käbir synçylar prezidentiň soňky döwürde resmileri has köp günäkärläp, kadr çalyşmagy ýygjamlatmagyny, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda girizilen ýeňillikleri ýatyrmaga synanmagyny nazara alyp, bu ýagdaýlaryň onuň öz ýagdaýyny agyrlaşdyrmagynyň ahmaldygyny, Türkmenistanyň çaýkanmagynyň mümkindigini hem duýdurýarlar.
Prezident Berdimuhamedow mejlisde mekdebi tamamlan ýaşlaryň, goşmaça okadylmazdan, telekeçilik düzümlerinde hiç bir kynçylyksyz işläp bilmegini üpjün etmeli, «talyplary tölegli esasda okatmaga geçmeli» diýen pikirleri hem orta atdy.