Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji aprelde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemini jemläp, «işde goýberen düýpli kemçilikler üçin» diýip, ykdysadyýet we ösüş ministri Ýoldaş Şeripowy, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Baýar Abaýewi, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Şatlyk Hümmedowy wezipelerinden boşatdy.
Bu wezipeden boşatmalar esasy girdejisi gaz eksportyndan gelýän Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň we gaz eksportynyň möçberiniň, nebit-gaz nyrhlarynyň aşaklamagy, sebitdäki ýurtlaryň ykdysady çökgünligi bilen baglylylykda, aşaklan wagtyna gabat geldi. Aşgabadyň esasy alyjysy Orsýet ýylyň başyndan bäri türkmen gazyny almagyny togtatdy.
Emma türkmen telewideniýesi Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowyň mejlisde beren hasabatyna salgylanyp, «milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini» aýdýar.
Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýet we ösüş ministri Ýoldaş Şeripowy «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýen umumy düşündiriş bilen işden boşatdy.
Şeýle-de prezident Türkmenistanyň Baş salgyt gullugynyň başlygy Hümmedowy «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýip, işden boşatdy.
Prezident söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň işinden hem nägile boldy. Ol bu pudagyň işinde köp kemçiligiň bardygyny aýdyp, hususan-da «soňky döwürde haryt dolanyşygynyň möçberiniň ep-esli azalmagyna», ýakynda bu ministriň orunbasarynyň «para alandygy üçin wezipesinden boşadylmagyna» ünsi çekdi.
Şu we beýleki kemçilikler netijesinde, prezident söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewi hem «düýpli kemçilikleri» üçin wezipesinden boşatdy.
Ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde prezident Berdimuhamedow «ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy ýylyň başyndan bäri 6.3 göterim derejede durnukly saklanýar» diýdi. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkezijiniň 10.0 prosent bolandygy aýdylypdy.
Prezident ykdysady ösüş baradaky sözlerine delil edip, häzirki wagtda ýurtda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iki müňe golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy barada ozal aýdan sözlerini gaýtalady.
Şeýle-de ol, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýangyç-energetika pudagy hasaba alynmanynda, Türkmenistanda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň 11 prosent artandygyny belledi.
Prezidentiň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlardan halkyň sarp etmegi üçin getirilýän harytlaryň möçberi hem 18 prosentden gowrak azalypdyr.
Prezident teklipleriň azlygyndan käýinýär
Emma muňa garamazdan, prezident ýurduň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçysynyň alyp barýan işinden nägiledigini, hususan-da kemçilikleri düzetmek boýunça teklipleriň az berilýändigini aýtdy.
Ol wise-premýer B.Hojamämmedowa «býujet serişdelerinde göz öňünde tutulmadyk we gerek bolmadyk çykdajylar, dolandyryş düzüminiň artdyrylmagy bilen bagly... kemçilikler hakynda» ozalam duýdurandygyny ýatlatdy.
Şeýle-de prezident käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgär sanynyň «gereginden has artdyrylandygy» baradaky pikirlerini gaýtalady.
Mundanam başga, prezidentiň pikirine görä, ýurduň telekeçilik ulgamynda göwnejaý hasap ýöredilmeýär, maliýe-bank ulgamy haýal ösdürilýär, bazar şertlerine geçmek boýunça ýeterlik iş edilmeýär.
Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurtdaky «ýeňillikleriň hem indi özüni ödemeýändigi» aýdyldy.
«Garaşsyz döwletimiziň kemala gelip başlan döwürlerinde ilatyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilen, häzir bolsa özüni ödemeýän köp sanly ýeňillikler hem hereket edýär» diýip, prezident Berdimuhamedow ykdysady pudak baradaky gürrüňiniň dowamynda belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, «bu ýeňillikler bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýär, býujet çykdajylarynyň artyk harçlanmagyna getirýär».
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ilata belli bir möçberde tebigy gaz, elektrik togy, suw mugtuna ýa-da ýeňillikli bahalardan berilýär. Ozalky prezident S.Nyýazow ilata suwuň, toguň, gazyň we nahar duzunyň 2030-njy ýyla çenli mugt berilmegi baradaky permana gol çekipdi. Şeýle-de Türkmenistanda hususy ulagly raýatlara belli bir döwür mugtuna we ýeňillikli bahadan ýangyç berildi we soň, ykdysady ýagdaýlaryň çylşyrymlaşyp başlamagy bilen, bu ýeňillik ýatyryldy.
Eýsem indi Türkmenistanyň ilat üçin «mugt gaz, tok we suw syýasaty» hem üýtgedilermi? Türkmen lideri «bu ýeňillikler bazara geçilmegini bökdeýär» diýende, haýsy ýeňillikleri nazarda tutýandygyny ýa-da ol diýilýän ýeňillikleriň geljekki ykbalynyň nähili bolmalydygyny anyklaşdyrmady.
Mundan öň ýurtdaky mugtçulyk, ýeňillikler syýasatynyň "zyýany", ýagny bisarpaçylyga getirýändigi hakynda döwlet tarapyndan guralýan Ýaşulular maslahatynda ilkinji gezek öňden gelýän bir taraply pozisiýa garşy pikirler aýdylypdy. Has anygy, 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahtynda, indi adamlaryň durmuş derjesiniň örän gowulaşandygy aýdylyp, "tok, gaz, suw tölegli bolsun" diýen pikir syzdyrylypdy.
Bütindünýä banky Türkmenistanyň tutuş ýyl boýunça ykdysady ösüşiniň bir ýyl öň 6.5 prosent bolanlygyndan 5.0 prosente aşaklamagyna garaşylýandygyny aýdýar.