Azeri şahyrynyň bir goşgusy

Feýziýýe

"The World Literature Today" žurnaly mart aýyndaky ýörite sanynda azerbaýjanly ýaş şahyrlaryň - Rabike Nazym Gyzynyň, Aýsel (Nino) Nowruzyň, Läle Ysmaýylyň, Elnaz Eýwazyň we Feýziýýäniň käbir goşgularynyň azerbaýjançadan iňlisçä terjimesini we bu ýaş şahyrlaryň döredijiligi barada makala çap etdi.

Türkmenistanda soňky ýigrimi ýylda ozalky sowet respubliklarynyň, şol sanda goňşy Azerbaýjanyň edebiýat äleminde täze döreýän zehinler barada ýeterlik maglumat berilmänsoň, Azerbaýjanyň şygryýet meýdanynda öňe çykýan ýaş şahyrlaryň biriniň - Feýziýýäniň "The World Literature Today" žurnalynda çap edilen bir goşgusynyň iňlisçeden terjimesini Azatlygyň okyjylaryna hödürleýäris.

Feýziýýe 1982-nji ýylda doglan, Bakuwda gazet žurnalisti bolup işleýär. "Mesaj" atly poeziýa kitabynyň awtory.

Sen mamladyň

Sen bilýäňmi, sen şeýle bir mamladyň.
Hemme zat wagtynda doňdurylmaly -
goňşy gyzyň esger ýigide aşyk,
'garaş maňa' diýip asfalta ýazan
sözleriniň ýuwulyşy ýagyşda;
penjiräniň aýnasynyň,
deminden bugaran goňşy gözeliň,
barmak bilen nagyşlanan
'tä ölýänçäm garaşaryn' diýilip,
döwülişi ýel turanda pagşyldap -
wagt, heňňam durzulmaly bada-bat,
doňdurylmaly diýar,
hemem ähli adamzat...

Sen bilýäňmi, sen şeýle bir mamladyň.
Ähli zat wagtynda doňdurylmaly -
bäş ýaşlyja gyzjagazyň
ak haýata kömür bilen, dyrjaşyp:
'Jaý satylýar' diýip ýazýan pursaty;
suwdan doldurylan hrustal küýzäň,
ýaş enäň elinde, suw sepjek ýara,
çat açýan mütdeti birden çar-para -
wagt, heňňam durzulmaly bada-bat,
doňdurylmaly diýar,
hemem ähli adamzat...

Sen bilýäňmi, sen şeýle bir mamladyň.
Ähli zat wagtynda doňdurylmaly -
soňy gelmez gyş aýlary, bir gije,
gartaň enäň ýatgysyndan dogup gelýän bäbegiň
ýüzüniň gülýän pursaty, basyp dünýäniň dowlun,
enäň başujynda argyn, irikkä
gartaň ataň pyşyrdysy - meň oglum,
wagt, heňňam durzulmaly bada-bat,
doňdurylmaly diýar,
hemem ähli adamzat...

Sen bilýäňmi, sen şeýle bir mamladyň,
diýeňde adamlar haýyn.
Diýen wagtyň: olar açyk
ýüzün öwürýär söýgiden,
a seniň aşygyň ganhor.

Sen şeýle mamladyň, diýmek,
durzulmaly söýgi-de.
Sen bu hakykaty aýdalyň bäri
bu şäherde her kim mamla seň ýaly.
Olar köçelerde birek-biregiň,
'garaş maňa' diýen emma, ýagyş ýuwan ýazgyly,
deňinden geçýärler ümsüm -
hem ählisi pyşyrdaýar birmeňzeş -
'ähli zat wagtynda doňdurylmaly'.