26-nji martda Özbegistanyň Gyrgyzystan bilen serhetdäki jedelli sebitden öz harbylaryny yzyna çekmegi bilen bolaýmagy mümkin uly bir dartgynlygyň öňi alyndy. Bu dartgynlylyk 18-nji martda Özbegistanyň öz harbylaryny şol sebite ýerleşdirmegi bilen başlapdy.
Sebäbi anyk aýdylmasa-da, özbek harbylarynyň sebite ugradylmagy iki ýurduň arasynda ýerleşýän suw howdany boýunça dörän ylalaşmazlyk bilen bagly. Şol wakanyň yzy bilen Gyrgyzystan hem sebite öz harbylaryny iberdi, şeýle-de Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnmasy Guramasynyň adatdan daşary mejlisiniň geçirilmegini talap etdi.
Soňky dörän ylalaşmazlyk belli bir derejede köşeşen ýaly bolup görünse-de, gyrgyz resmileri bu iki ýurduň serhedini öz içine alýan şonuň ýaly ýene-de 50 töweregi problemanyň bardygyny mälim edýärler.
Serhet meselesi baradaky ylalaşmazlyklar diňe Özbegistan bilen Gyrgyzystany öz içine alman, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda hem şoňa meňzeş birgiden kynçylyklar bar. Hatda geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ok atyşyk hem bolupdy.
Mejlis atly hepdelik gepleşigimizde Merkezi Aziýanyň sowet döwürinde kesgitlenen serhet liniýalarynyň şu günki problemalary, onuň ýerli ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri we bu ýagdaýyň bolaýmagy mümkin çözgütleri barada gürrüň edilýär.
Mejlisiň myhmanlary:
Dr. Madeleine Reeves – Beritaniýada ýerleşýän Manchester Universitetiniň professory we Merkezi Aziýanyň serhet problemalary baradaky “Serhet işi" atly kitabyň awtory;
Muhibolloh Kurban – Täjigistanyň gyrgyz serhediniň golaýndaky obanyň ýaşaýjysy bolan täjigistanly garaşsyz synçy;
Bruce Pannier – Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän blogy “Qishloq Ovoziniň`” redaktory.
Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.
Mejlisi diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar