Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-özbek serhedi: dawa ýitileşýär


Gyrgyz-özbek serhedi
Gyrgyz-özbek serhedi

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, eger-de gyrgyz-özbek serhedindäki dawaly ýer üstündäki gapma-garşylyk aradan aýrylmasa, özüniň şu tomus Özbegistana planlaşdyrylan saparyny goýbolsun etjekdigini aýtdy.

Atambaýew 24-nji martda žurnalistlere Gyrgyzystan hiç wagt hiç bir urşa başlamaz, emma islendik görnüşdäki «agressiýa» gaýtawul bermäge taýýar diýdi.

Ol Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşkentde 23-24-nji iýunda geçmeli sammitine gatnaşmalydy. ŞHG-a Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan we Özbegistan girýär.

Özbek häkimiýetleri 18-nji martda Gyrgyzystanyň günorta-günbatar etraby bolan Ala-Bukanyň golaýyndaky serhediň ýanynda onlarça esger, iki sany bronly tehnika, iki sany hem harby tank ýerleşdirdi.

Gyrgyz häkimiýetleri hem muňa jogap edip, bu ýere esger, harby tehnika ýolladylar.

Iki tarap hem 21-nji martda esgerleriň we tehnikanyň bir bölegini ol ýerden aýyrdy, emma serhet boýundaky ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar.

Bu ýerdäki meseläniň çataklygy özbek-gyrgyz serhediniň 1,314-kilometrniň entek kesgitlenmedik bolmagy bilen bagly, şonuň bilen bir wagtda serhet geçelgesiniň töweregindäki konfliktler köplenç zorlukly bolýar. Soňky ýyllarda şeýle çaknyşyklaryň birnäçesi adamlaryň atylyp öldürilmegi bilen tamamlandy.

Häzirki dawa Özbegistanda Ungardepe, Gyrgyzystanda Unkurtu diýip bilinýän kiçiräk dagyň töwereginde turýar. Bu daglyk gyrgyz-özbek serhediniň entek anyk kesgitlenilmedik ýerinde, Gyrgyzystanyň Kerben şäheriniň 10 kilometrliginde ýerleşýär.

18-nji martda Özbegistanyň iki sany bronly tehnikasy, 40 çemesi esger bilen, birden Ungardepäniň golaýyndaky serhet geçelgesinde, Çala-Sart diýilýän ýerde peýda boldy.

Gyrgyz resmileriniň pikirine görä, özbek manýowry Bişkek bilen Daşkendiň arasynda umumy serhetdäki dartgynly ýagdaýy «harbylaşdyrmazlyk» barada baglaşylan ikitaraplaýyn şertnamanyň düzgünlerini bozmak bolýar.

Netijede, bu dartgynly ýagdaý we Özbegistanyň Gyrgyzystana garanda has uly harby kuwwaty Bişkegi Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň Hemişelik geňeşine ýüz tutmaga hem-de bu meseläni «adatdan daşary» maslahata goýmagy soramaga iterdi.

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy 22-nji martda bu mesele boýunça alada bildirdi. Şeýle-de bu gurama öz baş sekretarynyň orunbasary Ara Badaliany dawaly ýerdäki ýagdaýlary öwrenmek üçin iberjekdigini aýtdy.

Özbegistan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyny 2012-nji ýylda terk edipdi.

Gyrgyz oppozisiýasy Oş şäherinde başky plana görä 24-nji martda geçirmekçi bolan hökümete garşy protestini, serhetdäki ýagdaý bilen baglylykda goýbolsun etdi.

Ýagny aktiwistler 23-nji martda Azatlyk radiosyna bu karara gyrgyz-özbek serhediniň boýundaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagy sebäpli gelnendigini aýtdylar.

Häkimiýetler Oşa 22-nji martda «düzgün-tertibi berjaý etmek» üçin 3 müň polisiýa ofiserini, 2 müň meýletinçini ýerleşdirendigini aýdýar.

Günorta Gyrgyzystanda, ýüzlerçe müň etniki özbegiň ýaşaýan ýerinde etniki we territorial dawalar aýratyn ynjyk mesele bolup durýar.

Gyrgyzystandaky gyrgyzlar we etniki özbekler geçmişde, has golaýda bolsa 2000-nji ýylda ganly çaknyşyklara şaýat bolup, ýüzlerçe adamy – köpüsi özbek- pida berdiler, on müňlerçe adam bolsa ýaşaýan ýerinden göçdi.

XS
SM
MD
LG