Özbegistan gyrgyz-özbek serhediniň dawaly ýerine elten harby tehnikalaryny we esgerlerini yzyna çekip, jedelli ýerdäki bir hepdelik gapma-garşylygy soňlady.
Gyrgyz döwlet serhet gullugy goşun çykarmagyň 26-njy martda, irden, gyrgyz we özbek resmileri bu krizis boýunça duşuşanyndan bir gün soň amala aşyrylandygyny habar berdi.
Serhet gullugy bu duşuşygyň özbek tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilendigini aýtdy.
Özbek häkimiýetleri 18-nji martda iki sany bronly harby tehnika, iki sany harby ýük maşyny bilen berkidilen esgerlerini Gyrgyzystanyň günorta-günbataryndaky Aksy etrabynyň ýanynda, serhetde ýerleşdirdiler.
Gyrgyz häkimiýetleri hem muňa dawaly ýere esger we harby enjam ibermek bilen jogap berdiler.